«Türkmenmetbugat üpjünçilik» kärhanasy

    «Türkmenmetbugatüpjünçilik» maddy-tehniki üpjünçilik kärhanasy Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň düzümine girýän kärhanalary we çaphana işini alyp barmak üçin Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ygtyýarnama berilen beýleki kärhanalary şu aşakda görkezilen harytlar bilen üpjün edýär:
    — Çaphana enjamlary üçin niýetlenen ätiýaçlyk şaýlaryny;
    — Çaphana sarp ediş materiallaryny (boýaglar, dürli görnüşdäki himiki serişdeler, ýelimleriň köp dürlisini, ofset plastinalaryny, ofset rezinalaryny);
    — Dürli görnüşdäki we ölçegdäki ofset, ýalpyldawuk kagyzlary hem-de sahaplaýjy kartonlary, bristol kartonlary. 

    Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: +993 12 39-96-85, +993 12 39-96-88
    Salgymyz: Aşgabat şäheri, Berkararlyk etraby, 2127 G.Gulyýew köçesi, 51.