Milli demokratiýanyň dabaralanmagy

Şu gün irden sagat 07:00-da Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmek üçin ýurdumyz boýunça döredilen saýlaw uçastoklarynyň ählisi saýlaw hukukly raýatlar üçin gapylaryny giňden açdy.
Ir säher türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz Annanyýaz Artykow adyndaky 68-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebindäki 48-nji saýlaw uçastogyna baryp, halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýörelgesiniň nusgalyk göreldesini görkezdi. 
Ýokary derejede, açyklyk, aýanlyk, deňhukuklylyk ýagdaýynda geçirilýän saýlawlara daşary ýurtlardan gelen halkara guramalaryň synçy toparlary hem gatnaşýarlar.
Şu gezekki saýlawlar üçin tutuş ýurdumyz boýunça döredilen saýlaw uçastoklarynyň jemi 2644-sinde, şol sanda Aşgabat şäherinde 312-sinde, Ahal welaýatynda 365-sinde, Balkan welaýatynda 272-sinde, Daşoguz welaýatynda 536-synda, Lebap welaýatynda 567-sinde, Mary welaýatynda 550-sinde ses bermäge mümkinçilik bar.
Şeýle-de daşary ýurtlarda bolýan raýatlarymyzyň saýlawlara gatnaşmak hukugyny üpjün etmek maksady bilen, Daşary işler ministrliginiň teklipnamasy esasynda döwletimiziň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyňdyr konsullyk edaralarynyň ýanynda saýlaw uçastoklarynyň 42-si döredildi.