Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisine hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylara

Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy hem-de bu şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisiniň, birleşmäniň agzalarynyň maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ýurdumyzyň ösüşine goşýan mynasyp goşantlary, gazanýan üstünlikleri bizi buýsandyrýar. Geçen 15 ýylda birleşmäniň agzalarynyň ýeten sepgitleri hususy pudagyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrülendigine şaýatlyk edýär.
Bu günki çärelerden hem görnüşi ýaly, ýurdumyzyň hususy pudagyny ösdürmek milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Diýarymyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda, täze önümçilikleri ýola goýmakda, bazar bolçulygyny döretmekde, iş üpjünçiliginde hususy pudaga möhüm orun degişlidir. Türkmen telekeçileri halkara derejede ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýärler, döwletimiziň abraýyny has-da belende göterýärler. Senagatçylarymyz we telekeçilerimiz işewürlik bilen bir hatarda döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda hem işjeňlik görkezýärler.

Hormatly Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary!
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» döwlet-hususy pudak hyzmatdaşlygyna, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullarynyň giňden ornaşdyrylmagyna, bazar gatnaşyklary şertlerinde telekeçileriň bu işlere işjeň çekilmegine uly ähmiýet berilýär.
Garaşsyz Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösmegini üpjün etmek we işjeň maýa goýum syýasatyny dowam etdirmek, ýurdumyzyň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, sebitleýin maýa goýum işjeňligini kämilleşdirmek maksady bilen, biz “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyny” kabul etdik. Bu Maksatnama Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmekde, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakda, sanly ykdysadyýete uýgunlaşdyrylan bazar ykdysadyýetiniň özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmakda, täze iş orunlaryny döretmekde möhüm ähmiýete eýedir. Maksatnama laýyklykda, 2023-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna onlarça milliard manat düýpli maýa goýumlaryň goýulmagyna garaşylýar.
Döwletimiziň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna aýratyn orun degişlidir. Biz ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçmegi netijesinde döwrebap özgertmeleri gyşarnyksyz dowam etdirýäris. Hususy eýeçiligiň ornuny düýpli ýokarlandyrmakdan ugur alyp, telekeçilere berilýän döwlet goldawlaryny mundan beýläk-de dowam etdireris.

Hormatly senagatçylar we telekeçiler!
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen ýyla gabat geldi. Häzirki döwürde ýaşlar özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Telekeçilikde ýaşlara giň mümkinçilikler, täze başlangyçlary durmuşa geçirmäge amatly şertler döredilýär. Ýurdumyzda ýaşlar telekeçiligi höweslendirilýär, «ýaşlar kärhanalaryna» uly goldaw berilýär.
Milli ykdysadyýetimiziň çalt depginde ösýän hususy pudagyny döwlet tarapyndan goldamagy dowam etdirmek, bazar gatnaşyklarynyň täze tapgyrynda innowasiýalara esaslanýan işewürligi ýokary bilimli, kämil hünärmenler bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň binalar toplumynyň düýbi tutuldy. Bu ýokary okuw mekdebi milli hünär bilimi ulgamynyň öňdebaryjy, sebitde iri halkara derejeli bilim ojaklarynyň biri bolar.

Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar!
Türkmen telekeçileriniň önümleri we hyzmatlary döwrebaplygyň, kämilligiň nusgasy bolmalydyr. Täzeçillik, ylma we ösen tehnologiýalara daýanmak, durnukly ösüş, «ýaşyl» ykdysadyýetiň ýörelgelerine eýermek hususyýetçilerimize mahsusdyr. Düýpli taslamalaryň başyny başlamak, badalga berlen işleri dowam etdirmek üçin hususy telekeçilerimiziň yhlaslaryny gaýgyrman, tutanýerli zähmet çekjekdiklerine berk ynanýaryn.
Sizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy hem-de bu şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisiniň, birleşmäniň agzalarynyň maslahatynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, özgertmeleri we maksatnamalary durmuşa geçirmekde alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.