Jaý toýuny toýlamak — döwletlilikden nyşan

Düýn Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda bagtyýar maşgalalaryň 184-sine jaý toýlaryny toýlamaga mümkinçilik beren 4 gatly, köp öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň birbada dördüsi açyldy. Täze jaýlaryň Halkara zenanlar gününe gabatlanyp, dabaraly ýagdaýda açylmagy olaryň toý şatlygyny goşalandyrdy. Habarçymyz şu şatlykly pursatda täze jaýa göçüp baran maşgala agzalarynyň käbiriniň buýsançly ýürek sözlerini ýazga geçirdi.
Meýlis PASOW,
Ak bugdaý etrabynyň ýaşaýjysy:
— Üç gyz, üç ogul perzendimiz bar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şu şatlykly gününde bagtyýar maşgala agzalarymyz ýatdan çykmajak pursady başdan geçirýär. Etrabymyzyň Magtymguly adyndaky geňeşliginiň “Garaşsyzlyk” ýaşaýyş jaý toplumynda gurlan jaýlardan üç otagly öýüň açary gowşuryldy. Munuň üçin şatlygymyzyň, buýsanjymyzyň çägi ýok.
Şeýle bagtyýar döwürde ýaşamak, zähmet çekmek, toý toýlamak — döwletlilikden nyşan. Bu gün bagtyýar ildeşlerimiziň köp sanlysy täze öýleriň açaryny almak bagtyna eýe boldy. Täze jaýlaryň daş-töwereginde giňden ýaýbaňlandyrylan dabara şatlygymyzy has-da artdyrdy. Bu ýerde aýdym-sazly çykyşlaryň guralmagy, milli toý däplerini açyp görkezýän tomaşalara giň gerim berilmegi, süýjüden-süýji arzuwlaryň aýdylmagy bizi diýseň tolgundyrdy.
Dabaranyň myhmanlary jaý toýumyza gatnaşdylar. Bereketli saçagymyzdan tagam-duz dadyp, şatlygymyzy paýlaşdylar. Şeýle bagtyýarlygy peşgeş beren, täze, döwrebap ýaşaýyş jaýyny sowgat eden hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.
 
Bahar MÄMMETORAZOWA,
Ak bugdaý etrabynyň ýaşaýjysy:
— “Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen çuň manyly ýörelgäni öňe süren hormatly Prezidentimiz ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda uly işleri amala aşyrýar, ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurduryp, raýatlaryň ygtyýaryna berýär. Şu gün açylyp ulanmaga berlen ýaşaýyş jaýlary hem halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrundaky aladalaryň nobatdaky subutnamasydyr.
Baýramçylyk gününde mümkinçiligi çäkli we durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän raýatlara niýetlenen 4 gatly, 48 öýli täze jaýyň açylmagy şatlygymyza şatlyk goşdy. Täze öýi sowgat alan raýatlaryň arasynda birinji derejeli maýyp, 18 ýaşly oglum Berdimyradyň hem bolmagy maşgala agzalarymyzda çäksiz hoşallyk duýgusyny döretdi. Göwnümiz galkyndy. Durmuşa, döwrümize söýgimiz has-da artdy. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz goşalandy. Dogan-garyndaşlarymyz, ýakynlarymyz bolup, bereketli saçagyň başyna jemlenip, jaý toýuny toýlamak bagtyna eýe bolduk. Tüweleme, jaýyň otaglary giň, onda ähli amatlyklar göz öňüne tutulypdyr.
Şeýle döwletli-döwrana ýetiren hormatly Prezidentimiziň tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Ýazga geçiren Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.