Döwürlere nusgalyk sungat (Ýaşlar we millilik)

Keşdeçilige «Zenanyň ýürek mähri siňen sungat» diýilmegi ýöne ýere däl. Oňa türkmen zenanynyň diňe bir zähmet-yhlasy däl, eýsem, ýürek arzuwy, kalp gözelligi siňipdir. Şeýle bolansoň, bu sungat asyrlardan-asyrlara aşyp, kämillikde sünnälenip, şu ajaýyp döwrümize gelip ýetip, häzirki wagtda-da gyz-gelinlerimiziň arasynda ýörgünlidir.
Nusgalyk iş hakda «El hünäri — il gezer» diýilýär. Diňe sünnä bilen ýerine ýetirilen iş nusga bolup bilýär. Milli Liderimiziň käbesi Ogulabat ejäniň 1971-nji ýylda ýigrimi günüň dowamynda baldyzyna niýetläp bejeren kürtesi we dokan gülli joraby bu gün nusgalyk iş hökmünde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde saklanylýar.
Ogulabat ejäniň keşdelän kürtesiniň ýerligi gyzyl keteni bolany üçin oňa gyzyl kürte hem diýilýär. Bu kürtäniň nusgalyk hökmündäki esasy aýratynlygy nagyşlaryň we reňkleriň öňden gelýän asyl nusgalardan ugur alnyp saýlanandygy we keşdesiniň şeýle ökdelik bilen bejerilenligidir. Kürtäniň aragerbisi ak-gara sapakdan işilen gapyrga alaja hem-de düýe ýüňünden aýratyn işilen alaja bilen berkidilipdir. Kürtäniň sag tarapyndaky eltutarynda «1971 ýyl» diýen ýazgy bar. Gyzyl keteniniň ýüzüne bejerilen keşdeleriň gyra jähegi gara bilen, aldymgaç tutulan gara reňkdäki ýeň sapysynyň jähegi bolsa gyzyl bilen jäheklenipdir. Munuň özi bu kürtäniň bejergisinde milli nusgalaryň esasy aýratynlyklarynyň hiç biriniň ünsden düşürilmändigini görkezýär.
Bu kürte özüniň bejeriliş, keşdeleniş aýratynlygy bilen ünsi özüne çekýär. «Gyýak», «okgözi», «içýan agyz», «tazy guýruk» ýaly nagyşlar salnyp, ak, sary, gara we gyzyl sapaklardan keşdelenen bu ajaýyp kürtäniň we ýüň jorabyň 2021-nji ýylda muzeýe tabşyrylmagy muzeý gymmatlyklarynyň sanyny artdyrmak bilen birlikde, el işleriniň nusgalyk görnüşleriniň geljekki nesillere gowuşmagy üçin edilen beýik işleriň biri boldy.
Bilşimiz ýaly, 2019-njy ýylda milli halyçylyk sungatymyz ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilip, türkmen zenanlarynyň dokma işleriniň dünýä nusgalyk sungatdygy ykrar edilipdi. 2022-nji ýylda bolsa türkmeniň keşdeçilik sungatynyň bu sanawa girizilmegi halkymyz üçin guwançly waka boldy. Ene-mamalarymyzyň sünnäläp eden el işleriniň dünýäde medeni gymmatlyk hökmünde ykrar edilmeginde Ogulabat ejäniň bejeren kürtesi ýaly nusgalyk işleriň ähmiýeti ýokarydyr.
Keşdäniň kämil nusgalaryny döreden ene-mamalarymyzyň miras galdyran el işleri bir-birinden owadan, bir-birinden gelşikli. Şolaryň içinden has gelşiklisini saýlamak hem ussatlygy, çeperligi talap edýär. Aslynda, kürte düşünjesiniň özi zenanlarymyz üçin çuň manyny aňladýar. Kürte zenanyň buýsançly başatgyjydyr. Kürtelerem dürli reňkde we nusgada bolýar. Şolaryň arasynda iň ýörgünlisi gyzyl we ýaşyl kürtedir. Gyzyl kürte Ogulabat ejäniň bejeren nusgalyk işi ýaly ýerligi gyzyl keteniden bolup, çykýan gyzyň başyna atmak üçin bejerilýär, ýaşyl kürte bolsa ýerligi ýaşyl keteniden bolup, gelinler tarapyndan toýlarda başa atynylýar ýa-da kähalatda geýilýär.
Türkmen zenanynyň döreden el işleriniň her biri gözellikdir. Gyzlarymyzyň, erkek adamlaryň başgaby bolan ak gaýma tahýalardyr gül tahýalardan başlap, milli hem-de döwrebap lybaslarymyzy bezeýän keşdeleriň, gaýmalaryň dürli nagyşlary salnan işler gözellikdir. Şol gözelligi döreden we döredýän türkmen zenanyna «eli çeper zenan» diýilýär. Häzirki wagtda-da dowam etdirilýän milli dessurlarymyza esaslanyp, gelinlik hökmünde mynasyp görlen gyzyň eliniň çeperligine-de ähmiýet berilýär. Toý-baýramlardadyr dabaralarda, köpçülik ýerlerinde owadan keşdelenen lybaslara üns berilýär. «Bu keşde kimiň işi, kim bejerdi, kim gaýady?» diýlip soralýar hem-de şeýle işleriň nusgasy göçürilip alynýar. Bu-da Kemine şahyryň:
Meniň dilim, seniň eliň hünäri,
Nusga bolup galsyn ilden-illere
— diýen setirini ýatladýar. Ogulabat ejäniň bejeren, gözellik nusgasy bolan kürtesiniň bu gün muzeý gymmatlygyna öwrülmegi-de onuň döwürlere, ömürlere nusgalyk işdigini äşgär edýär.
Türkmeniň ýaýylyp ýatan giň sährasynyň, dagynyň-düzüniň, belendiniň-pesiniň ajaýyp bahar paslynda al-ýaşyla bürenip oturyşy gözellik nusgasy bolan kürtäni ýatladýar. Şonda şahyryň: «Güller gözelligi senden öwrener» diýen şahyrana pikiriniň durmuş hakykatyna göz ýetirýärsiň, türkmen zenanynyň şeýle ajaýyp, asyrlara, döwürlere nusga boljak keşdeçilik sungatyny döredendigine buýsanýarsyň.
Gelin-gyzlarymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan we kämillik menzilini geçip gelen keşdeçilik sungaty döwürleriň sungatydyr. Ol türkmen zenanynyň dünýä beren gözelligidir. Ony dowam etdirjek nesilleriň bu sungata söýgüsi türkmen zenanynyň ýürek arzuwyndan dörän gözellige dowamat berer. Çünki gözel sungat ýaşaýşa nur çaýýar, ýollara-menzillere ýalkym saçýar.
Nurtäç ANNAMUHAMMEDOWA,
žurnalist.