Ýaz paslynyň ilkinji günlerinde — 3-nji martda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Bilim ministrliginiň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilýän «Talyp gözeli — 2023» atly gözellik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolmagy başaran talyp gyzlaryň 21-isi gatnaşdy.
Bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda, oňa gatnaşýan talyp gözeller birinji şertde türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle-de özleriniň sungata, döredijilige bolan söýgüsini, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda yglan edilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň joşgunly owazyny aýdym, goşgy, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek arkaly wasp etdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Bereketli türkmen saçagy» kitabyndan ugur alyp, bäsleşigiň ikinji şertinde talyp gözeller türkmen milli tagamy bolan unaş kesmekde özara bäsleşdiler. Gözellik bäsleşiginiň üçünji şerti «Hünärim bar — hormatym bar» diýlip atlandyrylyp, talyp gözeller bu şertde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmeniň keşdeçilik sungatyndan söz açyp, keşde çekmek arkaly öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Bäsleşigiň jemleri boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Güneş Maksadowa baş baýraga, ýagny «Talyp gözeli — 2023» diýen ada mynasyp bolmagy başardy. Mundan başga-da, gözellik bäsleşiginde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 5-nji ýyl talyby Güljahan Bazarowa birinji, Türkmen döwlet maliýe institutynyň 2-nji ýyl talyby Gülşat Gurbangylyjowa, şeýle-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Azatgül Baýramgeldiýewa ikinji, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 1-nji ýyl talyby Jahan Gurbandurdyýewa, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Bägül Sapardurdyýewa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Akjemal Agajumaýewa dagy üçünji orna mynasyp bolmagy başardylar.
Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen «Talyp gözeli — 2023» atly gözellik bäsleşiginde ýeňiji bolan talyp gyzlara Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Güneş MAKSADOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalistika hünäriniň 2-nji ýyl talyby:
— Bu gün — meniň hakydama müdimilik ýazyljak gün. Her pursat ýatlanymda, gözlerimde bagt damjalarynyň dörejek güni. Hemişe gulagymda: «Gözellik bäsleşiginiň baş baýragyna mynasyp bolan, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby, Güneş Maksadowa» diýen tolgundyryjy jümleleriň owaza öwrülip ýaňlanjak güni.
Bäsleşigiň başlamagynyň öň ýanyndaky pursatlarda gerdenimde uly bir ýük bar ýalydy. Ol ýük bilim ojagym bolan uniwersitetimiziň, mugallymlarymyň, talyp deň-duşlarymyň ynamydy, umydydy. Şeýle beýik ynamy, umydy haklamaga borçludym. Şol pursat birwagt ýandepderçäme belläp goýan setirlerimi ýadyma saldy: «Bu durmuşda ýetilmejek arzuw ýok, // Yhlasyňa deň bolýandyr miwesem...». Öz-özüme: «Sen yhlas et, galany seniň eliňdäki zat däl, başararsyň!» diýip, ähli başarnygymy ýeňişli ýollara sary ýolladym. Şol yhlasym bolsa meni gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi etdi. Bu ýeňiş milli egin-eşikleri, şaý-sepleri bilen dünýäni haýrana goýan ene-mamalarymyzyň kämil ýörelgelerine sarpamyzy has-da artdyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň: «Men ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn» diýen sözlerine jogap edip, biz — ýaşlar ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşandymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys. Pursatdan peýdalanyp, bäsleşikde ýeňiji bolan ähli talyp deň-duşlarymy gazanan ýeňşi hem-de Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn! Gözelligiň göwher täji bolan zenanlarymyz mydama bagtyýar bolsun!
Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni.