... Eýýäm näçenji gezekdir, bahary garşyladyk, ynha, ýazyň ilkinji güni, 1-nji mart.
Howa-da maýlapdyr, şemalyňam indi ýüregi ýukalan ýaly, ýüzüňi kesip baranok. Emma barybir ýaz ýapynjaňy goýmasaň kem däl, sähel ahmal galsaň, üşejek bolup dursuň, iniňi duýdansyz sowuk kakmagy-da daşda däl.
Ýaşyň ep-eslije boluberende, muňa has gowy düşünýäň, ýaş-ýeleňlere seretme diýip, özüňe öwüt berýärsiň-de, penjegiň üstünden, ýukaragam bolsa, kurtka geýeniňi dogry tapýaň. Indi arkaýyn öýden çykyber.
Duralga. Awtobus. Adamlar, ulaglaryň güwwüldisi. Baglaryň pyntyklary-da ýarylaýjak-ýarylaýjak bolýar, ol içiňde ençeme ýyllardyr aýdylman ýatan sözleriň edil diliňden sypjak bolşuny ýatladýar.
Ýene bir gün başlady. Münmeli awtobusyň gelýär, ornaşýarsyň. Özüňem gapydan giren ýeriň gabat garşysyndaky ýeke adamlyk orunda jaýlaşanyňy kem göreňok, bilmedim, bu endikmi ýa munda nämedir bir many barmy, belli däl, eger ol ýerde biri oturan bolsa, az-kem öýkelejek bolup dursuň. «Bu meniň ýerim-ä!» diýesiň gelýär, emma ol asla seniň ýeriň däl. Başga ýere geçýäň.
Ýolugra adamlary, deňäňden şuwlap geçýän ulaglary synlaýaň. Bir täsin duýgy seni ýene gaplap alýar, köçäniň sesinde deňziň sesi bilen birhili meňzeşlik bar ýaly göwnüňe. Ol edil gomlaryň kenara güwläp gelip özüni urup, soň köşeşişi kimin bir-de köşeşýär, bir-de gulagyňy deşere getirýär. Belki, bu durmuşyň sesidir.
Adamlar işe, okuwa, ýa başga bir möhümi bilen gyssanýarlar. Hersi bolanda-da, eýýäm durmuş jana geler kem-kemden, sebäbi ýaz geldi. Süňňüňde arly gyşyň argynlygymy, birhili agyrlyk özüni bildirýär. «Saňa özüňi dürsemek hem täzeden güýç alyp öňe okdurylmak gerek. Soňky gezek söweşe okdurylan esger kimin. Durmuş göreş. Öňe!». Bu pikirler dessine garasar sürüsi kimin uçup gidýärler, olaryň ornuna bolsa başga pikirler gelýär.
Ýene durmuş başlanýar, täze güýç, täze maksat bilen, täze hyjuw bilen.
Holha, adamlar köçäni ýolyşykda gyssanmaç kesip geçýärler, ulaglar olary goýberýärler. Hemmeler gyssanýar. «Bu durmuş diýleni, şeýle-de bolmaly-da» diýýäň.
Birwagtky ykbalyňda bolan adamlar, şatlygy-hasraty bile çekişen adamlaryň ýadyňy dyrmalaýar, olar niredekä?! Bardyr bir ýerde-hä. Belki-de... olaram seni şeýdip ýatlaýandyrlar, kim bilýär?! Belki-de ýatlaýan däldirler...
Bu ýol diýseň uzak, ol şo-ol uzap otyr, ýolda adamlar duşýarlar. Sen bolsa ýene öňe barýarsyň, ol adamlaram yzda galyberýär.
...Daşaryny synlap barşyňa şeýle ähmiýetsiz zatlar barada pikir edýändigiň üçin ýylgyranyňy duýman galýarsyň. Uludan demiňi alyp, alabaharyň sergin howasyny içiňe sorýarsyň, egniňden agyr ýük aýrylan ýaly, uludan demiňi alýarsyň. Indi bolsa, hakykatdanam, ýylgyrasyň gelip dur. Birdenkä şu eden pikirlerimi iş ýerime baryp kagyza geçirsem diýip oýlanýaň.
Ýüzüňde bolsa sebäpsiz, kimirsiz, hoşamaý ýylgyryş doňup galýar, ol seni nämüçindir terk edenok. Hemmelere, hatda jaýlara-da ýylgyryp bakasyň gelýär.
Özüňi unudan, öz unudan adamlaryňa hem saglyk, bagt diläp, içiňden: «Hersi bolanda-da, adamlar bahara mynasypdyrlar. Hemmeler, senem bahara mynasypsyň, gardaş!» diýip, oýlanýarsyň.
1-nji mart. Bahar geldi. Adamlaryň hemmesi bahara mynasypdyrlar. Olaryň arasy bilen menem mynasypdyryn. Hökman şeýledir...
Hemra HUDAÝGULYÝEW.