Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi umman ýaly giň hasaplanýar. Halkyň ýüregine özüniň ajaýyp paýhasa öwrülen setirleri bilen ýol salmagy başaran beýik akyldaryň dürdäneleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem hümmeti egsilmejek hazyna hasaplanylýar. Pyragynyň durşy bilen paýhasa öwrülen bentlerine üns berlende, olarda durmuşyň ähli ugurlary barada söhbet açylýandygyna göz ýetirmek bolýar. Onuň nakyla öwrülen setirleri häzirki döwürde hem ynsan üçin hakyky öwüt-ündew çeşmesi bolup hyzmat edýär. Akyldar şahyryň şygyrlarynda dost-doganlyk temasy hem öz mynasyp ornuny tapypdyr.
Dostluk adamzat döräli bäri ynsanlaryň özara ysnyşykly gatnaşyklary netijesinde ýüze çykyp, kämilleşip gelen päk duýgudyr. Türkmen halky «Dostsuz başym, duzsuz aşym», «Ataň barka, dost gazan, atyň barka - ýol» diýýär. Ussat Pyragy dostluk barada söhbet açanda, «Joş bolmasyn» diýen şygyr setirlerinde dostlugyň mydamalyk bolmalydygyny, ara ýamanlygyň, ýowuzlygyň düşmezligini arzuwlaýar:
«Iki dostuň arasynda,
Ýaman, ýowuz iş bolmasyn»
ýa-da ýene-de bir şygrynda:
«Magtymguly, bolsa başly,
Uýalmaz aşly, gylyçly,
Duzy zor, duşmany güýçli,
Dosty wepaly bolmasa»
diýmek bilen, şahyr adamyň ili bilen jebisliginiň, dosta wepalylygynyň, mertlige sarpasynyň adamkärçiligiň asylly ýörelgeleri hasaplanylýandygyny ündeýär. Dostlugyň asyl manysy-da wepalylykdyr. Wepalylyk bilen dostluk köprüsi gurulýar. Wepaly dostuň bolsa, hiç hili kynçylyk ýok, kynçylyga duçar bolanyňda, ol gaýgyňy deň çekişer, ine, şahyryň ündeýän pikiri. Hakyky dostluk durmuşyň dürli synaglaryny ýeňip geçmek bilen, kemala gelýär.
«Özüni öweniň tanapy çüýrük» diýip aýdyşlary ýaly, öwünjeňlik ýaly men-menlik häsiýetleri şahyr pähim-paýhasa ýugrulan goşgy setirleriniň üsti bilen şeýle öwüt-ündew berýär:
«Il içinde özün öwer,
Dag-dumany başdan agar,
Ýigide nogsany deger,
Namartlar ýoldaş bolmasyn».
Şahyr namart ýoldaşyň ähli ýerde zyýanynyň degjekdigini, şonuň üçin hem açyk göwünli, akylly dost edinmek barada «Paş eder seni» goşgusynda şeýle diýýär:
«Sam-sam adam bilen oturma, turma,
Zynhar, namart bilen hem söhbet gurma,
Gadyrdan dostuňdan ýüzüň öwürme,
Barsaň depesine täç eder seni».
Söz ussady dostlukda sak bolmagy, bir zadyň anygyna ýetmän, ýersiz-ýere dostuňy ynjydyp, göwnüne degmezligi nygtaýar. Şeýle-de nähili çykgynsyz ýagdaý başyňa düşende-de, dostuň bilen dil tapyşyp, düşünişseň, onuň seni depesine täç etjekdigini ündeýär.
Häzirki wagtda hem dost-doganlyk gatnaşyklary dünýä ýüzünde «Açyk gapylar» syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň kepilidigine güwä geçýän hakykatdyr. Bu ýörelgeler Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýär. Garaşsyz, hemişelik, Bitarap Türkmenistan döwleti dünýä ýurtlary, goňşy we alys ülkeleri bilen ýakyn dost-doganlyk hyzmatdaşlygyny alyp barýar. Ata Watanymyz dürli görnüşli dabaraly çäreleriň, forumlaryň, halkara maslahatlaryň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Goý, Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklary has-da berkleşip, at-owazasy äleme ýaň salsyn!
Arzuw BEKIÝEWA,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy.