Medeni gatnaşyklaryň täze sahypasy

Paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleri geçirildi. Bu türkmen-eýran dostlugyny has-da berkitdi.
Medeniýet günleriniň çäklerinde Mukamlar köşgüniň sahnasynda Eýranyň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Onuň maksatnamasyny meşhur halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirijileriň, «Kormanj» we «Ronak» belli döredijilik toparlarynyň çykyşlary düzdi. Joşgunly el çarpyşmalar eýran halkynyň kökleri asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän däp-dessurlaryna ygrarlydygyny görkezýän sportuň gadymy görnüşleriniň wekilleriniň ýokary ussatlygyna berlen mynasyp baha boldy.
Şeýle-de dostlukly ýurduň artistleriniň konserti Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda hem geçirildi. Şekillendiriş sungaty muzeýinde Eýranyň amaly-haşam sungatynyň sergisi boldy.
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we onuň myhmanlary eýranyň meşhur suratkeşleriniň eserlerini, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň — kalligrafiýaçylarynyň, miniatýuraçylarynyň, halyçylarynyň, agaçdan nepis şekilleri döredijileriniň işleri bilen tanyşdylar.
EYR-nyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary bilen meýilleşdiren duşuşyklarynyň dowamynda medeni ugurda özara gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
TDH-nyň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.