Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi saparyndan soňky oýlanmalar
GEÇMIŞI HORMATLAMAK — GELJEGE ÝOL AÇMAK,
PEDERLERI HORMATLAMAK — NESILLERE GÖRELDE BOLMAK
Gahryman Arkadagymyzyň bu jümleleri Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi saparynyň ilkinji pursatlarynda ýaňlandy.
Halkymyzda uzak ýola ýolagçy bolunanda, ýaşuly nesiller sag-aman barlyp-gaýdylmagyny, işleriň oňuna bolmagyny dileg edip, aýat-töwir okaýarlar. Ak pataly ak bagtly diýmekdir. Täze hasylyň düýbi tutulanda ýa-da onuň ýygymyna girişilende, elleriň aýasyny ýüzüne sylyp, ýagşy zatlaryň arzuw edilmegi rysgal-berekediň dolup-daşmasydyr. Mukaddes metjide girip, Beýik Biribara sygynmak, umumadamzadyň parahatçylygyny, agzybirligini, dostlugyny islemek belent ynsanperwerligiň, adamkärçiligiň, hormat-sylagyň, mertebäniň güwäsidir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli halkyň keramatly topragyna gadam basanyndan, ähli işleriň gözbaşyny asylly işlerden başlady. Saparyň ilkinji gününde Gahryman Arkadagymyz BAE-niň paýtagty Abu-Dabi şäherinde ýerleşýän, dünýäde iň uly alty metjidiň biri hasaplanýan «Şeýh Zaýed» metjidine bardy. Milli Liderimiz Allanyň öýüne girmezden öňürti BAE-niň esaslandyryjysy we ilkinji Prezidenti Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýanyň aramgähine zyýarat etdi hem-de umumadamzadyň bähbidi ugrunda uly tagallalary eden bu şahsyýeti hatyralady. Dileg — direg diýlişi ýaly, okalan aýat-töwirler ynsanyň ruhuny şat edýär, ony tirsegine galdyrýar.
Ruhy tämizligiň ýeri hasaplanýan mukaddes metjidiň keramatly gapylary açylýar, «Bismilla» diýip, sag aýagyň bilen bosagadan içerik ätläp, aklygyň, päkligiň, nuranalygyň öýüne girilýär. Gursagyň gowulyklardan dolup, göýä on iki süňňüň ýagşylyk nuruna ýugrulýar. Arzuw-islegiňi, göwün telwasyňy, kalp sedasyny zybana alyp, külli adamzada sag-salamatlylygy, Älem-jahana parahatlygy dileýärsiň. Şeýle pursatlary, edim-gylymlary görüm-göreldesi, ýol-ýörelgesi bilen nazarymyzda janlandyran Gahryman Arkadagymyz saparyň wekiliýetinde bolan Türkmenistanyň müftüsi bilen doga-dileg etdiler. Milli Liderimiz:
«Hakyda — milletiň baýlygy. Ol nesilleri birleşdirýär. Biz geçmişi hormatlap, geljege ýol açýarys. Pederlerimizi hormatlap, nesillere görelde bolýarys. Munuň özi türkmen we arap halklarynyň asylly ýörelgesidir» diýip belledi. Hawa, geçmiş bizi arap halky bilen birleşdirdi, şol ýakynlygymyz, dostlugymyz-doganlygymyz bu günki gün bilelikdäki işleriň bitewüliginde jemlenýär hem-de barha ýygjamlaşýar.
«Şeýh Zaýed» metjidinde bu ýeriniň dolandyryş merkeziniň baş müdiri Ýusef Al Obaidli Gahryman Arkadagymyza dünýäniň meşhur metjitlerini özünde jemleýän, mukaddesliklerden söhbet açýan keramatly kitaby sowgat berdi. Hajy Arkadagymyz şol pursat «Kitap halkymyzyň ruhy hazynasydyr» diýip belledi we bu mukaddesligiň häzirki wagtda ýokary derejede gurluşygy alnyp barylýan Ahal welaýatynyň Baş metjidinde ýerleşdirilse, göwnelaýyk boljakdygyny aýtdy hem-de ony Türkmenistanyň müftüsine gowşurdy. Gahryman Arkadagymyz hem «Şeýh Zaýed» metjidine ýadygärlik sowgatlaryny berdi.
Özara bähbitli ylalaşyklaryň kabul edilmegi, belent maksatlaryň kesgitlenilmegi, dostlugyň berkemegi, ine, şeýle ädimlerden başlandy.
PIKIRDEŞ HYZMATDAŞLARYŇ MÖHÜM GEPLEŞIKLERI: TARYHY TASLAMALAR, BILELIKDÄKI JARNAMA
Arap halkynda şeýle bir tymsal bar: bir söwdagär bilen syýahatçy ýolundan azaşyp, giňişliklere ýaýylyp gidýän üznüksiz gum depelerinden aşyp, köp menzil söküp, halys surnugypdyrlar. Gün hem jokrama yssysyny barha ýere ýiti eçilensoň, özlerini kölegä atyp bilseler, sowuk suwdan gansalar armanlary ýok eken.
Ysgynsyzlykdan ahyry hereket etmäge gurbatlary çatmansoň, iň beýik depeleriň biriniň üstüne özlerini oklapdyrlar. Syýahatçy ýanyndaky egindeşine zordan ýüzlenip:
— Seretsene, ho-ol uzakda bagy-bossanly, şöhleli-öwüşginli bir ajaýyplyk görünýär, ýör, şol ýere ýöräli, janymyz halas bolar — diýipdir.
Bu sözlere söwdagär kän bir pitiwa-da etmän, göwünli-göwünsiz jogap beripdir:
— Dostum, öz-özüňi aldama, bu gözüňe salgym bolup görünýändir, şol ýere bararsyň welin, ýene ulgam-ulgam çägelikdir, alaňlykdyr...
Syýahatçy gözüniň görýänine ynanyp, şol tarapa ýol salypdyr. Barsa, dogrudanam, kenaryna tolkunlar çyrpynyp duran bir uly şähermişin. Şähere girip, ilkinji duş gelenden sorapdyr:
— Bagyşlaň, bu ýeri nire?
— Abu-Zabi şäheri!... (Geçmişde bu şähere Abu-Zabi diýilýär eken).
Hakykatdan hem, guşuçar belentlikden seretseň, bir ýany ak çäge, bir ýany bolsa, suw aýlagy bolup duran Abu-Dabi şäheri özboluşly tebigy gözelligi, ýerleşişi hem-de binagärlik toplumy bilen, çogly Güneşi hem-de myhmansöýerligi we mähremligi bilen islendik jahankeşdäni özüne çekýär. Bir söz bilen aýdanyňda oazis! Muny biz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň
Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi saparynyň çäginde bolmak bagtynyň miýesser etmegi bilen, uçarymyzyň bu şäheriň halkara howa menziline gonjak pursatlarynda synlamak mümkinçiliginiň dörändigi bilen aýdyp bileris.
BAE-niň paýtagty Abu-Dabide 2 milliona golaý ilat ýaşaýar. Kenarýakasy Pars aýlagynyň belli bir bölegini alýan şäher häzirki wagtda güýçli depginler bilen ösmegini dowam edýär. Özüniň ajaýyplyklary bilen syýahatçylarda uly täsir galdyrýar. Düýbüniň tutulanyna, takmynan, 263 ýyl bolan şäherde Gahryman Arkadagymyz adamzat durmuşynyň ösüşiniň ähli çygyrlaryny öz içine alýan möhüm gepleşikleri geçirdi, öňdengörüjilikli tekliplerini beýan etdi.
Milli Liderimiz BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan, şeýle-de BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyklary geçirdi.
Gepleşiklerde ozaldan gelýän ylalaşyklara ser salyndy we geljekki maksatlaryň anyk ugurlary kesgitlenildi. Has dogrusy, Gahryman Arkadagymyz «Galkynyş» gaz käniniň nobatdaky tapgyryny özleşdirmek, Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan gibrid elektrik stansiýasyny gurmak, Balkan welaýatynyň Jebel şäherinde howa menzili toplumynyň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirmek boýunça dostlukly halk bilen açyk hyzmatdaşlygy alyp barmak babatda iňňän wajyp meseleleriň üstünde durup geçdi. Bu BAE-niň ýolbaşçylarynda uly gyzyklanma döretdi. Ýerli halkyň ünsüni çeken ugurlaryň ýene-de biri döwletimiziň ulag-logistika ulgamydyr. Günorta — demirgazyk akymy boýunça söwda aragatnaşygyny ösdürmegi isleýän doganlarymyz Türkmenistanyň ýol babatda döwrebap mümkinçiliklerine isleg bildirdiler. «Ýolagça ýol gerek» diýlişi ýaly, Arkadagly Serdarymyz, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň içerki ýollarynyň dünýä ýollarynyň halkasyna birikmegi üçin köp tagallalary edýär. Muňa birnäçe mysallary getirip bolar: Türkmenbaşy halkara deňiz porty, Aşgabat — Türkmenabat ugry boýunça ýokary tizlikli awtomobil ýoly, ýurdumyzyň sebitlerinde dünýä ülňüleriniň talaplarynyň ünsden düşürilmän gurlan halkara howa menzilleri ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň giden toplumyny özünde jemleýärler. Garaz, eksport-import ýük geçirmelerine näçe diýseň şert bar. Bu şertler umumadamzadyň durnukly ösüşine gönükdirilendir.
Aýdylanlaryň ählisi babatda gelinen netijelere laýyklykda, birek-biregiň dostlukly gollary mäkäm gysylyp, Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň bilelikdäki Jarnamasy kabul edildi. Bu çözgüdiň özenini pikirleriň deň gelmegi, garaýyşlaryň birmeňzeşligi, ýagty geljegi gurmakda ikitaraplaýyn taýýardyklary, halklaryň ýürek urgularynyň birdigi, göwün telwaslarynyň bitewüdigi bilen delillendirip bolar.
Şu günüň düýbi mäkäm we berk tutulan ykdysadyýeti — geljegiň möhüm ygtybarlygydyr, şu günüň ýakynlygy, jebisligi, bitewüligi — geljegiň ynamly açylýan gapysydyr, halklaryň mizemez dost-doganlygydyr, agzybirligidir, parahatçylygydyr. Ine, halklaryň durmuşynda şunuň ýaly ýol-ýörelgeleriň eriş-argaç bolup geçmegini gazanmak Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň baş maksadydyr.
SYÝAHATÇYLYKDA SAZLAŞYK
Abu-Dabi şäherinde ýerleşýän «Emirates Palace» myhmanhanasyndan çykyp, daş-töwerege nazar aýlanymyzda, ýarym aý görnüşindäki kenaryň ak çägeleriniň üstüne Pars aýlagynyň tolkunlarynyň dür kimin goýýan damjalary Günüň şöhlesine gözüňi gamaşdyrýar. Eliň aýasynda ýaly, uzaklardan seleňläp görünýän aýlagyň çägindäki ak gämiler ak guwlary ýatladýar. Beýleki agaçlardan saýlanyp duran, boýlary ep-esli uzyn palma agaçlary gözleriňi özünde egleýär. Bu täsin künjekde, aýlagyň aýlawly kenarynda Gahryman Arkadagymyz ir säher bilen beden maşklaryny ýerine ýetirdi, welosipedli gezelenç etdi.
Nusgalyk göreldä eýerip, pyýada we welosipedli gezelenji, bedenterbiýe maşklaryny, sport bilen meşgullanmagy gündelik durmuşyň sapagyna düzüp bilseň, her bir eden işiň dürs çitilen haly ýaly bolar. Milli Liderimiziň iş bilen şeýle utgaşykly ýörelgesi diňe üstünlikleri getirýär. Hereketi berekede beslenýär.
Halkymyz aty — myrat, «Sähra gämisini» — düýäni hikmetli mal hasaplaýar. Metbugat sahypalarynda bellenilişi ýaly, arap dünýäsinde hem bedewleriň, düýeleriň ösdürilip ýetişdirilişine uly üns berilýär. Diýmek, bu hem türkmen-arap meňzeşlikleriniň ýene bir ülşüdir. At alyslary ýakynyňa getirip, maksadyňy myrat eýlese, düýe ojagyňa döwlet getirýär. Şonuň üçin halkymyz «Atlynyňky — alnynda, düýeliniňki — töründe» diýýär.
Gahryman Arkadagymyz aýlagyň kenarynda düýeli gezelençleri guraýan hünärmenler bilen gürrüňdeş boldy. Düýe malynyň ynsan durmuşynda nähili orun eýeleýändiginiň hikmeti barada aýdyp berdi. Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Düýe çaly menzil geçen argyşça hem huruşlyk, hem melhemlik bolupdyr» diýmegi halkymyzyň bu janawara goýýan gadyr-gymmatynyň şöhlelenmesidir. Geçmişden şu güne gelen dünýe malydyr.
Taryhy pursatlaryň içinde gezip ýörkäk, Awazanyň we Abu-Dabiniň ak çägeli syýahatçylyk kenarlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň täze sahypalarynyň açyljakdygynyň şaýady bolduk. Milli Liderimiz Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda syýahatçylykda tejribe alyşmagyň sazlaşykly ugrunyň döredilmegini nygtady. Görşüňiz ýaly, resmi saparyň köptaraplaýyn gatnaşyklary açandygy, ençeme özara bähbitli ylalaşyklara gelinendigi — Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly, parasatly we ynamly ädimleriniň şowlulyklar bilen gurşalandygyny görkezýär...
Halkymyzda «Döwletliniň işini il oňlar» diýen pähim bar. Dünýäde agzybirligiň, ylalaşygyň, parahatçylygyň, bagtyýarlygyň höküm sürmegi ugrundaky möhüm işlere ählumumy bolup garamak, dahylly bolmak ýaly tagallalara goşant goşmaga çagyrýan Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz döwletimiziň dünýä döwletlerine bolan döwletlilik, halkymyzyň alys-u-ýakyn halklara bolan hemdem-hemaýatlylyk gatnaşyklaryny berkidýärler. Bu bolsa bütin adamzadyň ýagty geljegini häzirden kepillendirmegiň, öňünden aladasyny etmegiň ynsanperwerlik taglymatydyr. Şeýle başlangyçlaryň durmuşa geçirilmeginde arap halky hem uzak ýoldaky ýoldaşymyzdyr...
Azat JEPBAROW,
«Bereketli toprak». Aşgabat — Abu-Dabi — Aşgabat.