Özbegistan Respublikasyndan biziň ýurdumyza tiz lukmançylyk kömegini amala aşyrmaga niýetlenen awtoulaglar gelip gowuşdy. «Volkswagen» kysymly «Tiz kömek» awtoulaglarynyň uzyn kerweni Daşoguz welaýatynda guramaçylykly garşylanyldy. Milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, lukmançylyk maksatly täze awtoulaglara ak un sepildi hem-de üzärlik tütedilip, alajalar daňyldy.
Häzirki wagtda türkmen-özbek gatnaşyklary birek-birege hormat we sarpa goýýan, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyna düşünýän doganlyk döwletleriň, hakyky dostlaryň, deňhukukly hyzmatdaşlaryň dialogydyr. Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilen gününde — 7-nji fewralda hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, Özbegistan Respublikasyna suwuklandyrylan gazyň degişli möçberiniň muzdsuz iberilmegi, ýurdumyza Özbegistanda öndürilen «Tiz kömek» awtoulaglarynyň gelip gowuşmagy taraplaryň hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga çalyşýandyklarynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Dostlukly ýurtdan täze lukmançylyk maksatly awtoulaglaryň gelip gowuşmagy mynasybetli Daşoguz welaýatynyň serhet ýakasynda geçirilen toý dabarasy iki halkyň mizemez dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda edilýän tagallalara hoşallygyň nyşanyna öwrüldi. Bu ýerde hoşniýetli goňşuçylyk däplerini, täze taryhy döwrümizi wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Soňra tiz lukmançylyk kömegini bermek üçin iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen awtoulaglaryň uzyn hatary gaýragoýulmasyz «Tiz kömek» merkezine geldi. Dost-doganlygy dabaralandyrýan bu waka mynasybetli döwrebap merkeziň mejlisler zalynda welaýatyň saglygy goraýyş işgärleriniň gatnaşmagynda hoşallyk maslahaty geçirilip, onda edilen çykyşlarda türkmen-özbek halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dowamat-dowam bolmagy ugrunda edilýän tagallalara tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.
Ýeri gelende bellesek, dostlukly ýurtdan gelip gowşan 20 sany «Tiz kömek» awtoulagy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna berildi. Şolaryň 14-si Daşoguz welaýatynyň hassahanalarynyň çagalar bölümlerine, 6-sy bolsa Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde gurulýan saglygy goraýyş edaralarynyň çagalar bölümlerine bölünip berildi. Türkmen-özbek diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna gabat gelýän bu waka hoşniýetlilik, özara düşünişmek, birek-birege goldaw bermek ýaly asylly ýörelgeler esasynda barha pugtalandyrylýan türkmen-özbek döwletara gatnaşyklarynda ynsanperwer ugra aýratyn ähmiýet berilýändigini aýdyňlygy bilen görkezdi. Munuň özi ösüşiň täze tapgyrynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmek babatda iki döwletiň Baştutanlarynyň alyp barýan asylly işleriniň iş ýüzünde amala aşmasydyr.
(Ýörite habarçymyz).
Surata düşüren Hezret ÝAZBERDIÝEW.