Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Muzeý gymmatlyklaryny rejelemek işi: dünýä tejribesi we ýetilen sepgitler» atly brifing-maslahat geçirildi.
Maslahat wideoslaýdly çykyşlar we sorag-jogap görnüşinde bolup, oňa ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleri, daşary ýurtly alymlar, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky Milli müdirliginiň hünärmenleri, muzeý işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe arheologik tapyndylary öwrenmekde, rejelemekde we muzeýleşdirmekde, taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamakda, ylmy taýdan öwrenmekde we wagyz etmekde alnyp barylýan işler, daşary ýurtly hünärmenler bilen bilelikde ýerine ýetirilýän taslamalar hakynda, şeýle hem bu ugurda öňde durýan wezipeler dogrusynda gürrüň edildi.
Maslahatda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimou çykyş etdi. Ol Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky ilçiniň gaznasy» atly maksatnamanyň çäklerinde yglan edilen bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan hödürlenip, ýeňiji bolan taslama, ýagny Buddany şekillendirýän monumental gadymy heýkeli rejelemek işlerine ýaňy-ýakynda badalga berlendigi we bu ugurda alnyp baryljak işler dogrusynda giňişleýin durup geçdi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar muzeý ulgamyny kämilleşdirmekde, şeýle hem taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamakda we dikeltmekde, olary ylmy esasda öwrenmekde uly tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Ogulmaral ORAZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň esasy hünärmeni.