Maksatly menzilleriň badalgasy

ýylyň dowamynda geçiriljek çärelerde öz beýanyny tapar
3-nji fewralda sanly ulgam arkaly ýylyň ilkinji aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň teklipleri esasynda işlenip taýýarlanylan Meýilnamanyň mazmuny bilen tanşanyňda, ýaşlaryň gujur-gaýratyna bil baglanylýan bu ýylda onuň şygaryna mahsus giň gerimli çäreleriň dabaralandyryljakdygyna, jemgyýetçilik durmuşynyň islendik ugrunda ýaşlaryň mümkinçilikleriniň aýdyň şöhlelenjekdigine anyk göz ýetirmek bolýar. Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň daşyna döwrümize hem döwletimize şan berjek beýik işlere goşant goşmak maksady bilen mäkäm jebisleşen türkmen ýaşlarynyň özlerine bildirilen uly ynamy haklap, ösüşleri herekete getiriji kuwwatly güýje öwrüljekdiklerine şek-şübhe ýokdur.
Gündogaryň meşhur akyldary Abu Nasyr Al-Faraby: «Maňa ýaşlaryňyzy görkeziň, geljegiňiziň nähili boljakdygyny aýdaýyn!» diýipdir. Elbetde, ýaşlara ähli döwürde-de ýurduň geljegi hökmünde garalyp, bitirilýän beýik işleriň ählisi ýaş nesliň röwşen ertirleriniň bähbidine gönükdirilipdir. Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşiniň häzirki tapgyrynyň häsiýetli aýratynlygy bolsa ýaşlara hem geljegiň, hem şu günüň ynanylýanlygydyr. Şoňa görä, Diýarymyzda amal edilýän islendik işde Watanymyzyň şu gününi bagtyýarlyga, rowaçlyklara beslemegiň uly jogapkärçiligini duýýan ýaş türkmenistanlylaryň ýürek sesi eşidilýär. Ildeşlerimiziň teklipdir haýyşlary nazara alnyp, Mejlisiň karary esasynda 2023-nji ýyla «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygarynyň berilmegi bu gün ýaşlary has belent maksatlara ruhlandyrýar. Ýylyň dowamynda geçiriljek köpöwüşginli çäreleriň Meýilnamasy bolsa şol maksatlaryň myradyny kepillendirýän anyk çelgileri salgy berýär.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan Meýilnamada göz öňünde tutulýan çäreleriň geriminiň örän giňdigini, döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryny doly gurşap alýandygyny ilkinji nobatda bellemeli. Olary mynasyp derejede geçirmäge ministrliklerdir pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan başlap, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimlikleri, jemgyýetçilik birleşikleri işjeň gatnaşarlar. Şunda, esasan, Türkmenistanyň Mejlisine, Bilim, Medeniýet, Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliklerine, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna aýratyn jogapkärçilik düşjekdigi öz-özünden düşnüklidir. Çünki ýaşlaryň watançylyk terbiýesini ösdürmekde, olaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagyna şertleri döretmekde, beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmakda bu düzümleriň sazlaşykly tagallalaryna möhüm orun degişli. Rejelenen görnüşli «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek wezipesine aýratyn ähmiýet berilýär. Kanuna «Ýaşlaryň watançylyk terbiýesi» diýen täze babyň goşulmagy hem gönüden-göni ýurdumyzyň ýaş nesillerinde berkarar Watanymyza beýik söýgini, onuň gazananlaryna buýsanjy terbiýelemäge gönükdirilen wagyz-nesihat häsiýetli işleriň geriminiň giňeldilmegi bilen baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, şu ýylyň dowamynda geçiriljek çäreleriň Meýilnamasynda wagyz-nesihat duşuşyklaryna, aýry-aýry mowzukdaky okuw maslahatlaryna uly orun berilýär.
Ýurdumyzda ýaşlaryň zehinini, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga gönükdirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders we taslama bäsleşikleri, «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Iň eýjejik gyzjagaz», «Merdana nesil», «Talyp gözeli», «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri», «Ýylyň talyby» ýaly bäsleşikler, «Talyp joşguny» döredijilik festiwaly, «Sanly çözgüt» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi ýylyň-ýylyna geçirilip gelinýär. Bu ýylda bolsa olaryň üsti daşary ýurt dilleri boýunça guraljak «Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary», mekdep okuwçylarynyň arasyndaky «Parahatçylyk — çagalaryň sesi», ýaş hünärmenlerdir telekeçileriň gatnaşmagyndaky «Söwda we döwrebap hyzmat», «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň iň oňat önümi», «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň iň göreldeli ýaş telekeçisi» ýaly täze bäsleşikler bilen ýetiriler. Şeýle-de talyplardyr mekdep okuwçylarynyň dürli görnüşli halkara olimpiadalara, internet bäsleşiklerine mundan beýläk-de işjeň gatnaşmaklary üçin ähli mümkinçilikler dörediler.
Meýilnama laýyklykda, ýaşlaryň gatnaşmaklarynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärliklerimize gezelençleri guramak, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyndan orun alan milli gymmatlyklarymyzy wagyz etmek, teleýaýlymlarda ýörite okuw sapaklaryny geçirmek, kinoteatrlarda, kinokonsert merkezlerinde, şäher we oba medeniýet öýlerinde türkmen kinofilmleriniň görkezilişini, dessançy bagşylar, dutar ussalary, folklor toparlary, keşdeçi hem halyçy zenanlar bilen duşuşyklary guramak, talyp gyzlaryň arasynda «Täze eýýamyň üme dessury» atly döredijilik festiwalyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Bularyň ählisi halkymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerine, milli gymmatlyklaryna aýratyn gadyr goýýan, olary dowamata atarjak nesilleri terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.
Halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny goldamak Türkmenistanda ýaşlaryň döwlet goldawynyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendir. Şu nukdaýnazardan, ýylyň dowamynda «Halklaryň dostlugy — ýaşlaryň bagtyýar geljeginiň kepili» atly ýaşlaryň halkara maslahatynyň, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumynyň, Halkara ýaşlar innowasiýa forumynyň, halkara derejede dürli ugurlar boýunça bilermenleriň okuw maslahatlarynyň guralmagy bu ugurdaky işlerde ýaşlaryň ornuny ýokarlandyrmakda täze mümkinçilikleri açar. Ýeri gelende bellesek, ýakynda döwlet Baştutanymyzyň garamagyna türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlyk Strategiýasyny taýýarlamak bilen bagly teklip hödürlenildi. Esasy maksady ýaşlarymyzyň medeni, ykdysady, ylym-bilim, sport ulgamlarynda we beýleki ugurlarda halkara gatnaşyklara has işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmekden ybarat bolan bu Strategiýa laýyklykda anyk çäreleri durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Bu işlere ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýakyndan ýardam bermegi, öz gezeginde, milli ýaşlar konsepsiýasyny doly derejede amala aşyrmaga amatly şertleri döreder.
Ýokarda-da belleýşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň dowamynda geçiriljek çäreleriň Meýilnamasy döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryny doly gurşap alýar. Şolaryň hatarynda milli senenamamyza laýyklykda geçirilýän döwlet we hünär baýramçylyklaryna, halkara senelere bagyşlanan çärelerdir dabaralar, maslahatlardyr duşuşyklar, simpoziumlardyr forumlar hem bar. Aýry-aýry ugurlara ýöriteleşen bu çäreleriň ählisine ýaşlaryň işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak, olaryň döredijilikli başlangyçlaryny, täzeçil pikir-garaýyşlaryny höweslendirmek bolsa dürli döwlet düzümleri tarapyndan teklip edilen Meýilnamanyň ileri tutulýan wezipesidir. Şahyryň aýdyşy ýaly, ýylyň gelşi äheňinden belli. Ýylyň başyndan bäri Diýarymyzyň çar künjeginde geçirilýän dabaralardyr çärelerde ýaş nesilleriň ýürek sesine aýratyn ähmiýet berilmegi bu asylly däbiň ýylboýy dowam etdiriljekdigini aýdyň görkezýär. Ýöne şunda «ýylboýy» sözümizi «ýyllarboýy» diýip alsagam, söz ulaltdygymyz bolmasa gerek, megerem.
Arkadagly Serdarymyz: «Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip belleýär. Öňde goýlan şol belent maksatlar diňe bir ýa birnäçe ýyly däl, eýsem, ösüşiň uly bir tapgyryny öz içine alýar. Bu gün dünýäniň geosyýasy giňişliginde dörän «Türkmenistan» atly parlak ýyldyzyň has ýiti ýalkym saçmagyny gazanmak bagty şol maksatlary myradyna gowuşdyrjak, başymyzyň täjine deňeýän eziz Watanymyzyň şöhratyna şöhrat goşjak türkmen ýaşlaryna ynanyldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly bolsa türkmen ýaşlarynyň uzaklara uzajak maksatly menzilleriniň badalgasydyr.
Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».