Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň eserlerinde umumadamzada mahsus ynsanperwerlik meselesi uly orny eýelemek bilen, ol tutuşlygyna edep-terbiýe mekdebine ýugrulandyr.
Mälim bolşy ýaly, beýik akyldar hemişe öz okyjysyny ahlak taýdan edepli sypatlar bilen bezemäge çalşypdyr. Onuň döredijiligi beýleki şahyrlaryň döredijiligine seredeniňde, iňňän köptaraplaýynlygy, durmuşyň köp meselelerine içgin ýüzlenenligi bilen tapawutlanýar. Akyldaryň beýik döredijiligi watançylyk, ynsanperwerlik, mertlik, dogruçyllyk, sahylyk, agzybirlik, adalatlylyk, ar-namys, dostluk, doganlyk ýaly ýörelgeleri öz içine alýar.
Beýik söz ussady Magtymgulynyň ilkinji sowadyny öz döwrüniň meşhur alymy we akyldary hem-de kyblasy Döwletmämmet Azadydan öwrenendigine – «Ylym öwreden ussat kyblam pederdir» diýen setiri doly güwä geçýär.
Ata-babalarymyzdan gelýän nakyllarda «Ýigit görki – hünär», «Hünärli – zor, hünärsiz – hor», «Hünärli är hor bolmaz, dost-duşmana zar bolmaz» diýlip aýdylyşy ýaly, beýik Magtymguly öz döredijiliginde hünärli bolmagy aýratyn ündeýär. Bu bolsa, terbiýe mekdebinde her bir ynsanyň kämil bolmagyna itergi berýän möhüm ugurlaryň biridigini äşgär edýär. Munuň şeýledigine Magtymguly Pyragynyň:
«Mert oldur ki, bola köňli rehimli,
Göwresi giň gerek, özi pähimli,
Giň ýerde garga deý bolsa wehimli,
Ýerinde hünäri, işi gerekdir».
Ýa-da:
«Oýunyň lezzetin bilmeýän adam,
Hünärli ýigidiň sazyna degmez»
diýen ýaly, ençeme setirleriň üsti bilen göz ýetirmek bolar. Şeýle-de, ol öz döredijiliginde hünäriň-käriň başyny tutmadyk adamlaryň durmuşda kynçylyga sezewar bolýandygyny nygtaýar.
«Köňlüň istän işler çykmaz,
Nan ýagysy, kärsiz ärden».
Umuman, akyldar Magtymgulynyň döredijiliginiň köptaraplylygy diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň hem genji-hazynasydyr, tapylgysyz ruhy baýlygydyr. Magtymguly Pyragynyň her bir setiri edep-terbiýe, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlaklylyk ýaly pikirleri öňe sürmek bilen, nakyl hökmünde-de aýdylýar. Bu bolsa, şahyryň giň dünýägaraýyşly eserleriniň bütin jemgyýetiň aňy, arzuwy, pikiri bilen utgaşdyrylyp getirilendigini aýdyň görkezýär.
Ähli köňülleriň şahyry bolan akyldarymyzyň döredijiligi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýaňadan dünýä dolýar. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça taýýarlyk işleri görülýär. Häzirki günlerde Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy gurulýar. Bu toplumyň «Asman bilen Zeminiň arasyndaky beýik ýadygärlik» diýlip atlandyrylmagy örän jaýdar jümledir. Akyldar şahyryň asman üzre howalanýan heýkeli, «Berkarar döwlet istärin» diýip, arzuw eden Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyzy Gün kibi çoýup duran görnüşi her bir ynsanda buýsanç duýgusyny döredýär.
Nargül ATAŞOWA,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri.