Ähli mukaddeslikleriň gözbaşy

Ata Watan ähli mukaddeslikleriň başy hasaplanýar. Şonuň üçin hem onuň goragy-da mukaddes saýylýar. Watan goragynyň iýen halal duzuňy haklamak bilen baglanyşdyrylmagy hem onuň keramatlyk güýjüniň güwäsidir.
Öz topragynyň, halkynyň öňündäki borjuny duýmak, ony berjaý etmek ýaly asylly wezipeler nesilleri hakyky şahsyýete öwürýär. Behişdi Diýarymyzyň her bir daban ýerini gözleriň göreji kimin goramak biziň perzentlik parzymyz. Bu bize atalarymyzyň wesýeti, danalarymyzyň pähim-parasady, enelerimiziň hüwdüsi bilen geçipdir.
Watany ezizlemek duýgusy, watançylyk söýgüsi bilen ýaşamagyň lezzeti hem başgaça. Ýurda bolan söýgä bolsa möwjemek, süýjemek, güýjemek mahsusdyr. Muny ýurdundan alysdakylar, Watana berlenler, onuň goragyny ömürlik kesbi saýanlar has-da ýiti duýýan bolsalar gerek. Çünki mähriban ýurduň goragyna çykan merdana türkmen gerçekleriniň görejinde-de, gujurynda-da Watan yşky görünýär. Olaryň kalbyna seredip, eziz ýurduň didaryny görmek mümkin.
Ata Watan öz ogullaryna şeýle bir buýsanç bagyşlaýar. Ol buýsanjy başynda göterýän her bir nesil belentde parlaýan Tugundan medet tapýar, günleriniň rahatlygyndan ynjalyk alýar, ösüşleriniň güýjünden ylhamlanýar. Watan şeýle ogullar üçin dünýäden hem giňdir, ähli hikmetlerden hem ýokarydyr.
Hawa, şu mukaddes Diýar biziň her birimiz üçin hemme gymmatlyklaryň gözbaşy. Ol şu barlykdaky baýlyklaryň bir ýere jemlenmesi, ähli gadyrly zatlaryň bitewi görnüşi. Şonuň üçin hem bu ýerleri pederlerimiz gözden, dilden gorap, şu günüň nesillerine miras goýupdyrlar. Asylzada atalarymyzyň aýap, apalan mukaddes topragynyň şöhraty bolsa, bu günki günde has-da dabaralanýar. Watan sarpasy arşa göterilip, onuň ady jahan içre şöhratlanýar. Bu ýurduň mähir-muhabbeti, abraý-mertebesi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň paýhasy bilen has-da rowaçlanýar.
Hormatly Prezidentimiz: «Täze döwrüň röwşen ýolunda ak ýüreklilik we wepalylyk bilen Watana gulluk etmek, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýatlyk esaslaryny berkitmek, gazanylýan üstünliklere goşant goşmak biziň mukaddes borjumyzdyr» diýip, bizi watansöýüjiligiň has aýgytly gadamlaryny basmaga çagyrýar. Bu sözler her türkmen raýatyna, hususan-da, Watan goragçylaryna egsilmez ruhy güýji hem-de zähmet kuwwatyny bagyşlaýar.
Ýeri gelende bellesek, ýurduna söýgüsi gursagynda gaýnaýan perzentleriň, ärleriň hem gerçek ogullaryň hormaty bolsa belentde tutulýar. Ata-babalarymyzyň ser berip goran ýerlerini, enelerimiziň senaly hüwdüleriniň ýaňlanan ojaklaryny goramak ýaly iň asylly borjy bitirýän merdana ýurt goragçylaryna bildirilýän belent ynamyň özi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Kakajan AÝYTJANOW.