Bu gün ýurdumyzda Watan goragçylarynyň güni giňden baýram edilýär. Ol Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana, onuň mähriban halkyna hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna gulluk etmek hakynda wepalylyk kasamyny kabul edenleriň her biriniň baýramy. Her bir serkerdäniň, borçnama boýunça harby gullukçynyň, esgeriň, her bir harby talybyň hem-de harby okuwçynyň hünär baýramy. Bu baýramyň giň gerimde bellenilmeginde jogapkärli gulluga berilýän ýokary baha, halkyň mertlige hem-de edermenlige sarpasy ör-boýuna galýar. Bu günki gün baýramçylyk mynasybetli guralýan dabaralara şaýat bolanyňda, Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda bellenilen Watan goragçylarynyň gününiň buýsançly wakalary hakydaňda janlanýar. Bu wakalar ähli ýurt goragçylarynyň, aýratyn-da, Milli goşunymyzyň geljegi hasaplanýan harby okuwçylaryň durmuşyna ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlady.
Ýadymyzda bolsa, şol gün baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine döwlet sylaglary gowşurylyp, harby we ýörite atlar dakylypdy, hünär derejeleri berlipdi. Şeýle hem paýtagtymyzyň gözel künjeginde ussat mugallym, edermen esger Berdimuhamet Annaýewiň adyny buýsanç bilen göterýän 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiň 700 orunlyk täze binalar toplumynyň düýbi tutulypdy. Bu waka Watan goragçylarynyň geljegi bolan harby okuwçylar üçin iňňän uly baýramçylyk sowgadyna öwrülip, olaryň buýsançly başlaryny belende göteripdi.
Harby okuwçylar diýlende, türkmeniň nesil terbiýelemek işine uly ähmiýet berýändigi ýadyňa düşýär. Halkymyzda bir-ä ýagşy at goýmak, birem dogry terbiýeli nesil ýetişdirmek özüňden soň hem özüňi galdyrmagyň iň ygtybarly usullary hasaplanýar. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebinde okuwçylaryň sowatly, tälim-terbiýeli şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda edilýän tagallalarda hem halkyň şu ýol-ýörelgesinden ugur alynýar. Bu ýerde bilim alýan harby okuwçylaryň ders hem-de sport, döredijilik bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmagy bu babatdaky işleriň oňyn netijesinden habar berýär.
Aýdylyşy ýaly, Watany goramak diňe eliňe ýarag alyp, şöwür çekmekden ybarat däldir. Ol öz käriňde halal işläp, hünäriňi kämilleşdirip, maşgalaňy abat saklap, jemgyýete peýdaly perzent ýetişdirmekdir. Iliň bilen il bolup ýaşamakdyr. Nahal ekip, bag döredip, daş-töweregiňe, tebigata aýawly çemeleşmekdir. Şu jähetden alanyňda, şahyryň bu Garaşsyz Watanyň öňünde hemmämiziň esgerlerdigimiz baradaky buýsançly sözleri bizi watansöýüji, lebzi halal, terbiýeli nesli ýetişdirmäge borçlandyrýar. Ýaş watançylaryň kemala gelýän bilim ojagynda alnyp barylýan işler hem şeýle belent maksada gönükdirilendir. Harby mekdebiň täze guruljak binalarynda-da bu ugurda durmuşa geçirilmeli işleriň ýokary derejesini üpjün etmäge gönükdirilen ähli mümkinçilikler dörediler.
Harby mekdebiň ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň adyny götermeginiň özünde hem aýratyn many bar. Bu günki gün Berdimuhamet aganyň: «Dowamat dowam bolsun... Nesiller bagtyýar durmuşda ýaşasyn!» diýen jümlesi ýaş watançylar üçin merdanalyk mekdebine çagyryş bolup ýaňlanýar.
Harby mekdebiň täze binalar toplumynyň gurluşygy hä diýmän tamamlanar. Bu binalar paýtagtymyzyň binagärlik keşbine ajaýyp görk goşar. Bu ýerde çuňňur ylymly-bilimli, giň gözýetimli, merdana pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine we milli däplerimize wepaly, ýokary watançylyk ruhly ýaş watançylaryň täze nesilleri kemala geler. Olar eziz Diýarymyzy, mukaddes topragymyzy döş gerip, jan aýaman gorajak merdana ýurt goragçylary bolup ýetişerler.
Mukam MUHAMOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Terbiýeçilik işleri boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, uly leýtenant.