Metjit — mukaddes öý

Pähim-parasatly halkymyz metjit, geçit, içit gurmagy iň sogaply iş hasaplaýar. Gahryman Arkadagymyzyň sahawatlylygy bilen Mary, Daşoguz, Lebap, Balkan welaýatlarynyň merkezlerinde baş metjitleriň gurlup ulanmaga berilmegi bu mukaddes işiň eziz Watanymyzda giňden dabaralanýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Döwrüň iň kämil tehnologiýalary bilen üpjün edilen, täsin binagärlik gurluşly şeýle metjitleriň biri Aşgabatda hem guruldy. Ahal topragynyň merkezi — Arkadag şäherinde welaýatyň baş metjidiniň gurmak baradaky tagallalar ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» şygarly durmuş ugurly döwlet syýasatynyň çäklerinde amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň binýady bolup, bagtyýar watandaşlarymyzyň kalplarynda çuňňur hoşallyk döretdi.
Ýurdumyzda irki döwürlerden bäri metjit gurmagyň özboluşly däp-dessurynyň döredilendigini hem-de baý binagärlik tejribeleriniň toplanandygyny bellemelidir. Asyrlaryň jümmüşinde tutuş yslam dünýäsinde diňe biziň ýurdumyzda metjitleriň üç görnüşiniň: «Namazga metjidiniň», «Juma metjidiniň» we «Mähelle metjidiniň» ulanylyp gelnendigi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hajy Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda metjitleriň ýene-de bir täze görnüşi — welaýatlaryň baş metjitleri döredildi. Munuň özi ruhy dünýämizde «baş metjit» düşünjesini hem-de oňa bolan belent hormat-mertebäni döretdi.
Ýeri gelende, Onuň Alyjenaby, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdulaziz Al Saud tarapyndan bildirilýän çuňňur hormatyň nyşany hökmünde pygamberimiziň arşa çykan senesinde Käbäniň — Allatagallanyň öýüniň gapylarynyň açylyp, üç ýerde — Muhammet pygamberimiziň namaz okan ýerinde, Käbäniň içki diwarynyň ýanynda, gara daşyň iç ýüzündäki keramatly burçda namaz okamak hormatynyň türkmeniň taryhynda ilkinji gezek Gahryman Arkadagymyza bildirilendigini buýsanç bilen bellemelidiris. Hajy Arkadagymyzyň keramatly Käbä zyýarata baran hormatly myhmanlara berilýän «Allanyň öýüniň» diwaryny tämizlemek üçin ýörite niýetlenen mata bölegini — teperrigi ýurdumyzyň welaýatlarynyň baş metjitlerine sowgat bermegi döwrümiziň täze ruhy dessury hökmünde bagtyýar watandaşlarymyzy begendirýär.
Gahryman Arkadagymyz jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň ikinji kitabynyň «Beýik Ýüpek ýoly bilen bagly arheologiýa we etnografiýa adalgalarynyň gysgaça sözlügi» bölüminde: «Namazga metjidi» — ýylda iki gezek Remezan we Gurban baýramçylyk günleri ir bilen namaz okalýan metjit, «Juma metjidi» — hepdede bir gezek anna (juma) güni namaz okalýan metjit» diýip düşündiriş berýär. Pederlerimiziň adaty günlerde namaz okalýan metjitlere bolsa «Mähelle metjidi» diýýändigini ylmy çeşmeler tassyklaýar.
Aslynda, «metjit» sözi araplaryň «mesjit» sözi bilen kökdeşdir. Alymlaryň ylmy gözlegleriniň netijeleri Orta Aziýada iň gadymy metjidiň VII asyryň ilkinji ýarymynda Merwdäki Gäwürgala ýadygärliginde gurlandygyny äşgär etdi. Ussat binagärleriň bu metjidi şäheriň dört derwezesinden gaýdýan köçeleriň merkezde birleşýän ýerinde gurmak baradaky parasatly çözgüdi mukaddes Käbäniň jahanyň dört tarapyna bakdyrylyp gurulmagy bilen bagly ruhy ýörelgesinden ugur alnypdyr. Ýöne Beýik Seljuk şadöwletiniň soltany Togrul begiň tabşyrygy bilen ХI asyrda bu metjidiň binagärlik gurluşy üýtgedilip, ol demirgazyk gündogardan günorta-günbatara, ýagny kybla bakdyrylypdyr. Şu jähetden, hajy Arkadagymyzyň Ahal welaýat merkezi Arkadag şäherinde düýbi tutuljak baş metjidiň keramatly Käbä bakdyrylmagyny maslahat bermeginiň çuň pelsepesiniň bardygyny, bu teklibiň parasatly pederlerimiziň ruhy däplerini dabaralandyrýandygyny bellemelidiris.
Köne Merwdäki ýokarda gürrüňini eden metjidimiziň ozalky binasyndan onuň günorta-gündogar burçunda ýerleşen minarasy, gündogar diwary, günorta-gündogar we demirgazyk-gündogar burçlary saklanyp, olaryň daş tarapy bişen kerpiç bilen örtülipdir. Togrul begiň täzeden gurduran bu metjidi özüniň kaşaňlygy we köpçülikleýin ybadat etmek üçin ähli amatlyklarynyň bolandygy sebäpli «Mukaddes öý» — («Benu Mahan») ady bilen tutuş yslam dünýäsinde meşhur bolýar.
Arap geografiýaçysy Makdisi ajaýyp metjidiň täsinliklerini synlap, ol barada şeýle ýazýar: «Benu Mahan» metjidi Merw ýaýlasyna gözellik nuruny çaýyp, uzaklardan magallaklap görünýär. Ol bu uly şäheriň merkeziniň göwher gaşy hasaplanýar. Juma günleri şäheriň ähli köçelerinden «akyp gelýän» adamlary ajaýyp binagärligi bilen haýrana goýýan «Benu Mahan» gujak açyp garşylaýar».
Taryhçy Istahry hem «Benu Mahanyň» waspyny belentden ýetirýär. Alym şeýle ýazýar: «Merwde Juma namazy üçin niýetlenen üç sany metjit bar. Yslam dininiň bu ülkä ýaýrap başlan döwründe bina edilen «Benu Mahana» taý geljek metjit yklymda ýokdur».
Ussat arheologlarymyz «Benu Mahanyň» binagärlik aýratynlyklaryny öwrendiler. Onuň durky birneme nädogry gönüburçluk görnüşine eýe bolup, uzynlygy 56,5, ini günbatar tarapynda 36, gündogar tarapynda 23 metre barabar. Metjitde üç minara bolup, olar metjidiň günorta-gündogar burçunda, günorta we demirgazyk diwarlaryň ortasynda ýerleşipdir.
Akademik N.Pugaçenkowanyň tekrarlaýşy ýaly, «Benu Mahanyň» çeper bezegleri diwar nagyşlarynyň «seljuk äheňiniň» döremeginiň esasyny goýup, soňra şuňa meňzeş diwar nagyşlary Daňdanakan metjidinde ХI asyrda gurlan Abdulla ibn Bureýdanyň, ХII asyrda bina edilen Soltan Sanjaryň kümmetleriniň içki bezeglerinde giňden ulanylypdyr. Şeýle oýma nagyşly pannolar Merwiň orta asyr ýaşaýyş jaýlarynyň binagärlik bezegine-de mahsusdyr.
Taryhçy Istahrynyň ýazmagyna görä, Köne Merwiň «Namazga metjidi» bol suwly Murgapdan gözbaş alýan Majan we Hormuzfarra derýalarynyň arasyndaky Abu Jahma atlandyrylan ýaýlada, «Ras al meýdan» atly köne oba ýanaşyk ýerde Tahyrylar döwletiniň soltany Hüseýn ibn Tahyr tarapyndan bina edilipdir. Ol 1961 — 1965 ýyllarda M.Ý.Massonyň ýolbaşçylygyndaky türkmen arheologlary tarapyndan öwrenildi. Onuň binasy keramatly Käbä bakdyrylyp gurlupdyr. Ýeri gelende aýtsak, baýram namazlarynyň okalýan bu metjitleri, adatça, şäheriň çetinde gurlupdyr. Abiwerd ýadygärlikler toplumynyň çetinde ýerleşýän Namazga ýadygärliginiň ady hem orta asyrlarda bu ýerde Köne Kaka şäheriniň ilatyna hyzmat eden «Namazga metjidiniň» hereket edendigi bilen baglydyr.
Orta asyrlarda gurlup, biziň günlerimize çenli saklanyp galan metjitleriň tutuş sebitde şöhratly nusgalarynyň biri Seýit Jemaleddin metjididir. Bu täsin binagärlik toplumy XV asyryň ortalarynda Abul Kasym Baburyň ýerli emiri Muhammet tarapyndan kakasy Seýit Jemaleddiniň hormatyna gurlupdyr. Metjidiň baş girelgeleriniň depesindäki aždarhalaryň şekili çekilen owadan diwar bezegi dünýäniň sungaty öwrenijileri tarapyndan örän arzylanýan sungat eserleriň biri hökmünde meşhurdyr.
Orta asyr metjitleriniň arasynda «Dehistanyň metjidi» tutýan meýdany boýunça sebitde uly metjitleriň biri hasaplanýar. Metjidiň baş girelgesiniň binagärligi hem-de täsin gurluşly minaralary biziň döwrümizde asyl durkunda dikeldildi.
Gahryman Arkadagymyz öz asylly däbini dowam edip, Arkadag şäherinde gurulýan metjidiň taslamalary bilen tanyşmagynyň barşynda binagärlik toplumynyň gurluşygynda ulanylýan gurluşyk we bezeg serişdeleriniň hil derejesiniň, olaryň oňaýlylygynyň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelmelidigini, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmalydygyny, metjidiň ýanynda sadaka jaýynyň gurulmalydygyny tabşyrmagy onuň dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan milli binagärlik sungatymyzyň altyn sahypalaryna öwrüljekdigine güwä geçýär.
Baş metjidiň düýbüniň ýurdumyzyň ähli künjeginden aksakgal ýaşulularyň gatnaşmagynda, şu gün — ruhy dünýämizde sähetli gün hasaplanýan anna güni tutulmagy hem-de bu taryhy waka mynasybetli toý sadakasynyň berilmegi halkymyzyň agzybirligini, ynsanperwer ýörelgelerini galkyndyryp, asyrlar aşyp gelen ruhy gymmatlyklarynyň dowamatynyň dowam bolýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüler.
Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm müdiri, etnograf.