Watanyň kuwwaty hem mertebesi

2023-nji ýylyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary esasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy ýaşlarymyza, diýmek, geljegimize bolan beýik ynam bilen baglydyr. Ýaşlar biziň geljegimiz, olar Watanymyzyň ertirki ösüşini amal etmeli nesildir. Ýurduň geljegini kesgitlejek pähim-paýhasy, gujur-gaýraty açmak üçin olara ygtybarly howandar gerek. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýaşlara hakyky howandar bolup çykyş edýär. Biz bu aladany döwlet Baştutanymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren beýik maksatlaryny, ýola goýan köpugurly işlerini oýlanyşykly we netijeli dowam etdirip, ýaşlar syýasatyny hil taýdan täze derejä çykaryp alyp barýandygynda has aýdyň görýäris.
Geçen ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň senagat taýdan ösen, kuwwatly döwlete öwrülendigi aýdyň aýan edilip, Watanymyzyň ösüşiniň häzirki döwri «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Şol mejlisde Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy kabul edildi. Ol geljek 30 ýylyň toplumlaýyn strategik wezipelerini hem-de maksatlaryny durmuşa geçirmegiň ugurlaryny kesgitläp, halkymyz üçin mundan beýläk-de has amatly ýaşaýyş şertleriniň döredilmegine badalga berdi. Aýdyň ýol bilen üstünlikli öňe gitmek üçin kabul edilen strategik maksatnamany, onda kesgitlenen wezipeleri gündelik işleriň üsti bilen berjaý etmek möhüm talap bolup öňe çykýar. Takyk we dogry bellenen maksatlaryň üstünliklere getirýändigini durmuş tejribesi tassyklaýar. Milli maksatnamada ähli ugurlarda amala aşyrylmaly netijeli işleriň çelgileri bar. Şonuň esasynda hem bu gün ýurdumyzda ösüşiň täze nusgasy kemala gelýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu nusganyň üstünlikli hereket etmegini häzirki döwrüň ruhy şertleri we ýokary talaplary esasynda ýetişen ylymly-bilimli ýaşlar, hünärmenleriň täze nesli bilen baglanyşdyrýar. Şoňa görä-de, täze syýasy we ykdysady ugur ýaşlara oňat ylym-bilim bermäge, olary başarnykly hünärmenler edip ýetişdirmäge, diýmek, has mynasyp geljegi üpjün etmäge gönükdirilýär. Munuň özi ýaşlara bildirilýän uly ynamdyr we olaryň başarjaň adamlar bolup ýetişmeginiň şertidir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda täze şertlerde ýaşlaryň öňünde duran wezipeleri aýdyň kesgitläp, olaryň eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde çykyş edýändigini, şoňa görä-de, şu günki nesilleriň watansöýüji, ylymly-bilimli, çylşyrymly tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenler bolmalydygyny belledi.
Biziň döwrümiz — ylym-bilimiň, tehnologik mümkinçilikleriň düýpgöter täze derejä galýan döwri. Hormatly Prezidentimiz: «Dünýäniň fiziki, sanly we biologik häsiýetli tehnologiýalarynyň utgaşmagyny alamatlandyrýan «dördünji senagat rewolýusiýasy» eýýamy täze pikirleri, täze innowasion önümçilikleri döretmegi talap edýär» diýip, hünärmenleriň täzeçil we netijeli pikir ýöretmek, täzeligi aňlamak başarnygyna eýe bolmalydygyny nygtaýar. Diýmek, her bir adamda, ilki bilen, hünärmende şu hili ukyplary taplamak şu günüň wajyp talabydyr.
Häzirki döwürde türkmen jemgyýetinde bolup geçýän düýpli özgerişleriň şertinde könelen ýörelgelerden, köre-kör endiklerden arany açyp, döredijilikli, özgerdijilikli pikirlenmek gerekdir. Şol sungata eýe bolmak üçin hünärmenleriň ýaş nesli halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden milli mirasyny häzirki tehnologik döwrüň çagyryşlary bilen utgaşdyrmagy başarmalydyr. Şu hili hünärmenleri ýetişdirmek ýaşlar syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu syýasatyň esasy maksady ýaş nesliň ukyp-başarnygyny, döredijilik we ruhy mümkinçiliklerini döwletiň hem-de jemgyýetiň bähbitleriniň durmuşa geçirilmegine gönükdirmekden ybaratdyr. Ýaşlar barada edilýän alada we olara bildirilýän ynam ýaş nesliň ýurduň geljekki ösüşi bilen baglanyşykly köptaraply wezipeleri öz üstüne alyp bilýän başarnykly hünärmenler, gowy adamlar bolup ýetişmegini üpjün etmegi nazarlaýar. Geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde bu ugurda öňde durýan wezipeleriň hukuk esaslary aýdyň kesgitlenen.
Döwrüň, döwletiň beýik ynamyna öz başarnygy we hünäri bilen jogap bermek her bir ýaş adam, hünärmen üçin zerurlykdyr. Bu ynam ýaşlara ylym-bilim berýän, olary durmuşa taýýarlaýan alymlara, professor-mugallymlara hem degişlidir. Bu ynam ussat halypalaryň ýaş nesli ýetişdirmek bilen baglanyşykly işlerine jogapkärçiligini artdyrýar. Sebäbi olaryň alyp barýan işi geljekde ýurdy, dünýäni özgerdiji adamlary kemala getirmek bilen baglydyr. Ussatlardan tälim alýan şägirtler hem öz gezeginde hünärine ussat bolup, özgerýän jemgyýetimiziň we öz ykballarynyň bagtyýarlyga eýe bolmagy üçin yhlas etmelidir.
Diýmek, ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy, bir tarapdan, biziň bagtyýar geljegimizi kemala getirmeli ýaşlaryň gurujylyk, döredijilik derejä galmagy, başarnykly adamlar bolup ýetişmegi babatda döwletimiziň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary, ikinji tarapdan, şol aladalar esasynda gurujy we dörediji, watansöýüji adamlar bolup ýetişýän ýaş nesliň Watanyň we adamzadyň öňündäki borjy üçin edýän yhlaslary bilen bagly. Şu hili yhlas hem ýurdy özgerdiji hünärmenleriň täze nesliniň kemala gelmeginiň kepilidir.
Alym Arkadagymyz özüniň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Hünär meselesi — adamyň ykbaly. Ykballar birleşip, halkyň ykbalyny emele getirýär. Halkyň ykbaly bolsa ýurduň, döwletiň ykbalydyr. Munuň özi biziň umumy ýol-ýörelgämiziň, diýmek, hatda ynam-ygtykatymyzyň berkligi bilen hem baglanyşyp gidýär» diýip belleýär. Görşümiz ýaly, hünärli adamy ýetişdirmek ýurduň, döwletiň ykbaly bilen bagly. Ine, şonuň üçin Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky başlangyçlaryny, öňe süren oý-pikirlerini dowam edýän hormatly Prezidentimiz munuň, şol sanda halypa-şägirt gatnaşyklarynyň hünärmenleriň täze neslini ýetişdirmekdäki orny bilen baglanyşykly meseleleriň bu gün uly ähmiýete eýe bolýandygyny belleýär. Geliň, söhbedi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň ýetişmeginde halypa-şägirt gatnaşyklarynyň ähmiýeti baradaky oý-pikirler bilen dowam edeliň.
Halkymyz öz zehin-ukyplaryny açan ussatlar babatda «Özüni bilen weli» diýen pähimi ulanýar. Bu pähim öz içki mazmunyna görä özüňe baha bermek usulyna eýe bolup, ýörejek ýoluňy, ýerine ýetirjek işiňi aňlap bilmek derejesine galmagy aňladýar. Alym Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde halypa-şägirt gatnaşyklary esasynda adamda bolup geçýän şu hili özgerişi hakykatyň ýüze çykmak pursady diýip atlandyrýar. Adamyň şol pursatda «Kim sen? Eliňden näme iş gelýär? Seniň dünýä gelmegiň manysy nämede?» diýen soraglara jogap berýändigini belläp: «Bu soraglara jogap bermek — öz ruhy dünýäňe ser salmakdyr, heniz doly açylyp ýetişmedik güýçleriňi görmek, olara daýanmak we öz çykaran çözgütleriňe ygrarly bolup, bagtyýarlyk bilen öňe gitmekdir» diýip, adamyň döredijilik ukybynyň açylmagynyň şerti barada örän ähmiýetli pikir ýöredýär. Şol ukyplary özünde açan döredijilik adamy işinde nusgalyk derejä galyp, şägirtleriniň üsti bilen döreden ýolunyň dowamat bolmagyny gazanýar. Ussadyň wezipesi hem şondadyr. Her bir döredijilik işiniň dowamlylygyna esas bolýan halypa-şägirt gatnaşyklarynyň manysy hem şunuň bilen baglydyr. Biziň döwletimiz häzirki özgerýän jemgyýetimizde bu gatnaşyklaryň esasynda kär-hünärleriň dowamat bolmagyny gazanmagyň ýollaryny kesgitläp, başarnykly şägirtleriň ussatlyk derejesine galmagy barada aladalanýar.
Ýurdumyzda durmuşyň ähli ugurlarynda, şol sanda ylymda, bilimde, sungatda, ylmy özüne siňdiren önümçilik ugurlarynda hem ýaşlaryň hünärine ussat bolmagyny gazanmak üçin gerek bolan şertler döredilýär. Şunda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly halypa-şägirt gatnaşyklarynyň geriminiň has hem giňelmegine täze esaslary döreder. Şunuň bilen baglylykda, alym Arkadagymyz özüniň «Arşyň nepisligi» atly kitabynda beýik ussatlaryň, görnükli şahsyýetleriň özleriniň görelde mekdebi bolýandygy we beýiklerden sapak almagyň, olaryň tälim bermeginiň gaýtalanýan adatylykdan ýokardadygyny belläp: «Olar Ýaradanyň eradasy bilen dünýä inen döreýişdir» diýip, çykarýan netijesi bu gün örän gereklidir. Sebäbi bu ýerde ýurdumyzda her bir ýaş adam bilen iş salyşýan terbiýeçiniň, mugallymyň, ýokary derejeli hünärmeniň, döredijilik toparynyň ýolbaşçysynyň işiniň ähmiýeti we many-mazmuny açylýar. Şonuň üçin ýaşlaryň döredijilik ukybyny täze derejä çykarmak esasy wezipe hökmünde öňe sürülýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ähli ugurlarda halypa-şägirt gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilmegi döwrüň talabydyr.
Halypa-şägirt gatnaşyklary ýurdumyzda kemala gelýän hünärmenleriň ýaş nesliniň täzeçil oýlanmak, pikir ýöretmek ukybyny ösdürmelidir. Munuň üçin ata-babalarymyzyň halypa-şägirtlik tejribelerine ýüzlenip, olaryň bize goýup giden medeni mirasyny çuňňur öwrenmelidiris. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlarymyz üçin halkymyzyň ruhy mirasyny, däp-dessurlaryny öwrenmek, olara eýermek aýratyn wajypdyr.
Ýaş nesil täze gymmatlyklary döretmekde, ilki bilen, halkyň we adamzadyň köpasyrlyk taryhy-medeni däp-dessurlarynyň döwrüň öňe süren talaplary bilen yzygiderli baglanyşygyň esasynda kemala gelýändigine, hut şu ýerde gazanylan sazlaşygyň ösüşlerimiziň içerki iteriji güýjüni düzýändigini bilmelidir. Şol güýç, öz gezeginde milli ykdysadyýetiň häzirki ösüş ýolunyň we işewürlik ulgamynyň ygtybarlylyk derejesiniň has ýokarlanmagyna gerekli esaslary berkidýär. Ine, şonuň üçin jemgyýetiň ruhy dünýäsiniň kämilleşmeginde halkymyzyň asyrlaryň synagyndan geçen nusgalyk ruhy-ahlak, pikir-aňyýet gymmatlyklarynyň saklanyp, täze derejelere çykarylmagy ýurdumyzyň senagat taýdan ösen döwlete öwrülmeginiň wajyp şerti bolar. Ýurduň häzirki we geljekki ösüş ugurlaryny kesgitleýän syýasat hem hut milli gymmatlyklarymyza esaslanýar.
Bagtyýar ýaşlarymyzyň geljekde ýurdy dolandyryjy adamlar bolup ýetişmegi barada gürrüň edilende, olaryň her bir döredijilikli başlangyçlarynyň, bolup geçýän özgerişlere jogapkärli girişmek we işjeň gatnaşmak meýilleriniň goldanylmagy zerur. Bu ýerde-de mümkinçilikler az däl. Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Baştutanlarynyň geçen ýylyň 14-nji dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçen sammitinde üç dost-dogan döwletleriň energetika we ulag-kommunikasiýa ugurlary boýunça mümkinçiliklerini täze taslamalary işläp düzmäge we amal etmäge birikdirmek meseleleri barada pikir alşylanda, hormatly Prezidentimiz şu meselede medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň, döredijilik we ylmy işgärleriň, talyp ýaşlaryň hem-de mekdep okuwçylarynyň, türgenleriň gatnaşyklarynyň aýratyn orun eýelemelidigini nygtap: «Şeýle gatnaşyklary döwlet tarapyndan goldamak geljege goşantdyr. Häzirki döwürde bilelikdäki tagallalar arkaly, şol sanda şu duşuşygyň barşynda emele gelýän däpleriň miras geçmeginiň we dowam edilmeginiň berk kepilidir» diýip belledi. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren pikiri bu gün Arkadag Serdarly ýaşlaryň dost-dogan halklaryň hyzmatdaşlygyny berkitmäge gatnaşmak mümkinçilikleriniň geljegi nazarlaýandygyny görkezýär. Diýmek, türkmen döwletiniň ýaşlar syýasaty köpugurly. Ol ylym-bilime we tejribä esaslanyp, ýaşlaryň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarda işjeňligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz iň ýokary dünýä talaplaryna laýyklykda, bilim ulgamyny mundan beýläk-de ýokary hilli we hemmetaraplaýyn döwrebap ýagdaýa getirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň dowam edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip: «Bilim işini döwrebaplaşdyrýarys, milli maksatnamalary, konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirýäris. Ýaş nesilleriň ýokary derejeli bilim almaklaryny, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklaryny, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýäris» diýip belledi. Şol esasda döwletiň bu ugurda geljegi nazarlaýan ýaşlar syýasaty ýurdumyzyň özboluşly döretmek ýoly bilen öňe gitmegine täze esaslary kesgitleýär.
Ýaş nesliň türkmen jemgyýetini innowasion çözgütler esasynda ösüşiň täze belentliklerine çykarmaga goşýan goşandy aýratyn bellärliklidir. Häzirki döwürde bagtyýar ýaşlaryň, şol sanda ylym-bilim we inžener-tehniki işgärleriň, umuman, hünärmenleriň döredijiligi esasynda ýurdumyzda täze ýaşaýyş meýdany kemala gelýär. Bu meýdan halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin şertleri döredýär. Häzir ýurtda bolup geçýän özgerişler alym Arkadagymyzyň öňe süren wezipeleriniň hormatly Prezidentimiz tarapyndan oýlanyşykly we uzak geljegi nazarlap dowam etdirilýändigi bilen baglydyr. Şu oýlanyşykly syýasat esasynda Türkmenistan ösüşiň täze belentliklerine galýar.
Nurýagdy SUWHANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory.