Bolgar topragyndaky duşuşyk

1985-nji ýylda iş sapary bilen Bolgariýa baranymda, ýerli ýazyjylar guramasynyň ýolbaşçysynyň haýyşy bilen, Ýantra derýasynyň kenarynda ýerleşýän Weliko-Tyrnowo şäher kitaphanasynda «heniz bir gezek-de türkmen ýazyjysyny görmedik» okyjylar bilen duşuşyk geçirmeli boldum. Duşuşygyň başynda türkmen edebiýaty baradaky gysgajyk «girişimi» tamamlan badyma, özüni žurnalist diýip tanyşdyran bir ýaş ýigit ýerinden turdy-da:
— Ýaňky çykyşyňyzda siz öz Magtymguly diýen şahyryňyzyň adynyň ýanyna iki gezek dagy «beýik» diýen epitet goşduňyz — diýdi: — Men Merkezi Aziýada, umuman, Gündogarda her bir goşgy ýazyp bilýän adama uly hormat goýulýandygyny bilýärin. Siz öz Magtymgulyňyzyň beýleki şahyrlardan beýikdigine meni nähili ýol, niçiksi delil arkaly ynandyrarsyňyz?
Žurnalistiň sowaly ýönekeý däldi. Oňa berjek jogabymyň sowal bermediklerde-de gyzyklanma döredýändigi adamlaryň ýüzünden bildirýärdi. Şol hem meniň aladamy artdyrýardy. Üstesine-de, Magtymgulynyň goşgularyny asla okamadyk adama ol barada «gep nokatlamak» islän netijämi berer öýtmeýärdim. Emma men märekäniň öňünde dymyp hem durmaly däldim. Öňi bilen Magtymgulynyň abraýyny goramalydym, özümi-de «ýüňsakal» etmejek bolmalydym.
— Men edebiýat alymy däl, ýöne siziň sowalyňyza Magtymgulynyň öz eseri bilen jogap bermäge synanyşaýyn. Pikirim size has düşnükli bolar ýaly, öňi bilen şahyryň Watana söýgüsi baradaky «Watanymda han idim, Hanlara perman idim. Dertlere derman idim» diýip başlanýan «Pukaraýam» diýen goşgusyny şahyr hem Magtymgulynyň janköýeri Arseniý Aleksandrowiç Tarkowskiniň terjimesinde rus dilinde («Izgnannik») ýatdan aýdaýyn...
Goşgyny başdan-aýak rus dilinde gaýtaladym. Ol diňlänleri tolgundyrdy. Şondan soň sowal beren žurnaliste ýüzlendim:
— Gumanistik medeniýetiň düýbüni tutujy, «Meniň Italiýamy» döreden Françesko Petrarkadan soňky geçen alty ýüz ýyl töweregi wagt bäri Ýer ýüzünde Watanyna söýgi bildirip müňlerçe şahyr müňlerçe goşgy ýazan bolsa gerek... Biziň Magtymgulymyzyň beýikligi öz Watanyny söýýändigini, onuň ýeke-täkdigini agzaman nygtaýar, Watanyny «Seni söýýärin» diýmän söýýär. Onuň liriki gahrymany Watanyndan aýra düşen biçäre. Aýra düşmänkä, daýhana, çopana, awça, juwaza çalym eden ol garyp hem sada kişi Watanyndaka özüniň hemme babatda ähli kişä gerekli bolandygyny, elinden hiç zat gelmese-de, ähli zat gelendigini, hanlara perman, dertlä derman, suwsana suw, ýalaňaja don, dertlä lukman, lala dil, gözsüze göz bolandygyny, sebäbi arkasynda Watanynyň durandygyny, Watanyndan jyda düşen pursady bolsa ähli baýlygyndan, ähli barlygyndan dynyp, altyn derwezeli köşkden tozap ýatan çölüstana öwrülendigini, «Был дворцом — и пустыней стал» diýmek bilen, ähli babatda boşap galandygyny nygtaýar. Magtymguly Watana bolan söýgüsini liriki gahrymanyň adyndan hem «söýýän» ýa-da şoňa meňzeş nobatçy sözler bilen däl-de, has agramly, has asylly, has ýerlikli, has ynandyryjylykly beýan edýär. Watany arşa göterýän diýmän arşa göterýär. Onuň beýikligi, ana, şonda, ýagny galmagalsyz, ýürek söýgüsinden ybarat. Şeýle çuň manyly, ussatlyk derejesinde goşgy ýazmagy başarýan şahyr haýsy halkda, haýsy milletde dörese-de, men oňa arkaýyn, çyn ýürekden beýik diýerdim. Eýsem, «söýýän» sözüni ulanman, Watany şeýle derejede söýýändigini ynandyrýan ikinji bir goşga siz dünýä poeziýasynda ozal gabat gelipmidiňiz?
Žurnalist baş ýaýkady.
Adamlar el çarpyşdylar.
Duşuşyk gutaryberende, sowal beren ýigit ýanyma geldi-de:
— Siz bir goşgusynyň üsti bilen mende Magtymgulynyň rus diline geçirilen hemme goşgusyny tapyp okamaga höwes döretdiňiz — diýdi.
— Ony men döredemok. Ony Magtymgulynyň özi döretdi — diýdim.
Baş atan žurnalist mylaýym ýylgyrdy-da:
— Ýaňky goşgynyň soňky beýdini gaýtalap bilmersiňizmi? — diýdi.
Men razylaşdym. Žurnalist ýazgy etmek üçin mikrofonyny häzirledi.
Men goşgynyň rus dilindäki terjimesini ýene bir ýola joşup, belent sesde ýatdan aýdyp berdim.
Žurnalist ýene baş atdy.
Zaldakylar ýene el çarpyşdylar.
Şeýlelikde, Magtymgulynyň poeziýasynyň gerek ýerinde öz beýikligini goramagy başarýandygyna, zerur pursat onuň beýik däl adama-da kömege gelýändigine özümiň mysalymda magat göz ýetirdim.
Atajan TAGAN,
Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, ýazyjy.