Ýollarda hereket howpsuzlygy üpjün edilýär

Häzirki wagtda — gyş paslynyň dowam edýän döwründe gar-ýagşyň ýagmagy, sowuk howa netijesinde, ýagan garyň doňup, sürçek emele gelip bilýändigi bilen baglylykda, ýollarda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek günüň wajyp wezipeleriniň biridir. Ony öz wagtynda ýerine ýetirmekde jemagat gullugynyň işgärleri gijesini gündiz edip, janaýamazakly zähmet çekýärler.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyzda adatdan daşary sowuk howa ýagdaýy dowam edýär. Habar çeşmelerinde käbir sebitlerde kadasyndan 10 — 16 dereje pes bolmagyna garaşylýan sowuk howanyň ýanwar aýynyň ikinji ongünlüginiň ortalaryna çenli dowam etjekdigi barada aýdylýar.
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu hepdäniň dowamyndaky howanyň ýagdaýy baradaky maglumatynda Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda gar ýagjakdygy barada habar berlipdi. Habarda aýdylyşy ýaly, hepdäniň ilkinji gününde — 9-njy ýanwarda dowamly ýagan gar sähel salymyň içinde ähli ýeri, şol sanda köçeleri, ýollary ak «dona» büredi. Bu ýagdaý derhal ýollary toplanan gardan arassalamak meselesini döretdi. Çünki agzalan gullugyň beren maglumatynda paýtagtymyzda hepdäniň dowamynda günbatardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 8 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemalyň öwüsjekdigi, howanyň gijelerine -1... -3 gradusdan -14... -16 gradus aralygynda sowuk, gündizlerine bolsa -5... -7 gradus sowukdan 0... +2 gradus aralygynda maýyl boljakdygy aýdylýar. Şeýle halatda ýollarda toplanan gar ulaglaryň basgylamagy bilen gatap, aýratyn-da, gijelerine bolýan sowuk howa netijesinde doňup, ýollarda sürçek emele gelýär. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin ýagan gary derrew aýryp, ýollary arassalamak, ulaglaryň we pyýadalaryň hereket howpsuzlygyny üpjün etmek möhüm wezipe bolup durýar. Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri şol möhüm wezipäni ýerine ýetirmeklige turuwbaşdan taýýarlykly girişdiler.
— Jemagat hojalygy gullugynyň işgärleri ýaşaýyş jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň ýylylyk, agyz suw üpjünçilik, lagym geçiriji, lift ulgamlarynyň kadaly işlemegine gözegçilik etmek, şeýle-de şäherde degişli arassaçylyk işlerini wagtly-wagtynda geçirip durmak ýaly wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda ýadawsyz zähmet çekýärler. Ýurdumyza adaty bolmadyk sowuk howa akymynyň aralaşmagy, garyň ýagmagy bilen baglylykda, hereket howpsuzlygyny üpjün etmek üçin köçeleri, şol sanda köp gatnawly uly ýollary gardan arassalamak häzirki dowam edýän gyş günlerinde ilkinji nobatdaky örän möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Biz bu ugurdaky işlere eýýäm öňünden taýýarlykly geldik. Sebäbi biz Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň hünärmenlerinden garaşylýan howa ýagdaýlary baradaky maglumatlary eýýäm öňünden alýarys.
Paýtagtymyzda garyň ýagyp başlamagy bilen, biz hem derrew degişli işlerimize, ýollarda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek ugrundaky çärelere girişdik. 200-e golaý tehnikamyzdan peýdalanyp, şäheriň ýollaryny, esasy gatnawly köçelerini gardan arassalamaga başladyk. Ýollardaky gary aýyrmak, şol bir wagtda ýaşaýyş jaýlarynyň ýylylyk, agyz suw üpjünçilik ulgamlarynyň kadaly işleýşine gözegçilik etmek babatda iki çalşykda, ýagny gündizki we gijeki tertipde müňden gowrak işgärimiziň nobatçylygyny ýola goýduk. Iş wezipelerimizi netijeli ýerine ýetirmek üçin gyş günlerinde, garyň ýagmagy bilen baglylykda, esasan-da, ýollary ýuwujy, süpüriji, gardan arassalaýjy tehnikalarymyzdan bökdençsiz we netijeli peýdalanylýar. Işgärlerimiziň ýadawsyz, netijeli zähmeti, öz wagtynda geçirilen arassaçylyk çäreleri esasynda, paýtagtymyzyň köçelerinde, köp gatnawly ýollarynda garyň doňup, ulaglaryň-da, pyýadalaryň-da howpsuz hereketini kynlaşdyrýan sürçegiň emele gelmeginiň öňi alyndy — diýip, Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň başlygy Orazmuhammet Hojagulyýew gürrüň berdi.
Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan».