Ýylyň şanly menzillerine badalga

Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçy düzümi we köp sanly işgärleri, sungat ussatlary, şeýle-de ugurdaş bilim ojaklarynyň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Çykyşlara giň orun berlen, aýdym-sazlara beslenen maslahat Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň dabaraly medeni çärelerine özboluşly badalga boldy. Onuň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi.
Biz dabaraly maslahata gatnaşan bagtyýar ýaşlaryň birnäçesiniň buýsançly ýürek sözlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.
 
Oguljemal HOŞGELDIÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi:
— Her ýyla mynasyp at berilmegi ýurdumyzda indi asylly däbe öwrüldi. Bu ýagdaý döwletimizi ösdürmegiň möhüm ugurlaryna ünsi çekmäge, il-ýurt bähbitli beýik işlere, özgertmelere giň ýol açýar. Ýagşy niýetler, uly arzuw-umytlar bilen garşylan täze, 2023-nji ýylymyzyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy bolsa biz — ýaş nesilleriň ata Watanymyza bolan söýgimizi we döredijilikli zähmet çekmäge yhlas-höwesimizi has-da artdyrdy.
Gahryman Arkadagymyz: «Biziň topragymyzda ýene-de dünýä ylmynda iňňän wajyp ähmiýetli açyşlary edip, şamçyrag — ýolgörkeziji boljak eserleri döretjek birunylaryň, lukman hekimleriň, mäne babalaryň, horezmileriň, farabylaryň, merwezileriň, amulylaryň, zamahşarylaryň, kubralaryň, nesewileriň, massonlaryň we sarianidileriň, jykyýewleriň hem-de atanyýazowlaryň dörejekdigine men berk ynanýaryn» diýip, ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna we talyp ýaşlaryna geçen umumy okuw sapagynda nygtapdy. Munuň özi şu günki günüň ýaş nesillerine bildirilýän belent ynamdyr. Ynam bolsa adama örän uly ruhy güýç berýär. Ol mukaddesdir hem-de hökman ödelmelidir. Bildirilýän belent ynamy ödemek biz — ýaşlaryň mukaddes borjumyzdyr. Bu babatda Arkadagly Serdarymyz biziň üçin görüm-görelde, nusgalyk mekdepdir.
Men özümi şu ajaýyp döwrüň, berkarar döwletiň iň bagtly ýaşlarynyň biri hasaplaýaryn. Biziň ýurdumyzda arzuw etseň we oňa ýetmek üçin yhlasly zähmet çekseň, maksadyň hökman myrat tapýar. Bu hakykata her birimiz hem öz durmuşymyzda aýdyň göz ýetirýäris. Döredilýän giň mümkinçilikler biz — ýaşlary täze üstünliklere, belent maksatlara ruhlandyrýar. Bize uly ynam bildirýän Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza egsilmez alkyş aýdýarys. Ýylymyz düşümli, döwletli, döredijilikli ýyl bolsun!
 
Guwanç MÄMIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi:
— Dünýä inen çaga at dakylyşy ýaly, her gelen täze ýyla hem muwapyk, mynasyp at goýulýar. Şol at hem ýylyň baş şygaryna öwrülýär. Gadam basan täze ýylymyzda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ikinji ýylynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary aýdym bolup, mukam bolup, sena bolup ýaňlanar. Muny Mukamlar köşgünde geçirilen dabaraly çäre-de aýdyň tassyklady.
Bu günki gün türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirilýär. Biz täze ýylyň bosagasynda 2023-nji ýylyň adyny eşidip, örän begendik, ajaýyp döwrümize buýsanjymyz has-da artdy. Sebäbi garşylan täze ýylymyz Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaşlaryň ýyly! Biz muňa ak ýürekden begenişimiz ýaly, iňňän uly jogapkärçiligi-de duýduk. Çünki ynam bar ýerinde jogapkärçilik hem bar. Ynam, borç, jogapkärçilik — bularyň birliginde belent maksatlar myrada gowuşýar. Şonuň üçin ýaşlaryň ýylynda döwrüň sesine ses goşmakda bize uly borç, jogapkärçilik garaşýar.
Gahryman Arkadagymyz ýaşlaryň halkyň, ýurduň ykbalyna dahylly bolmaly adamlardygyny nygtaýar. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eserinde bolsa: «Geljegimize ynamlylygymyz watançy, akylly-başly oýlanyp bilýän ýaşlarymyza baglydyr» diýip belleýär.
«Ýaşlar biziň geljegimizdir» diýen aýtgy ýaş nesiller babatdaky gürrüňlerde gaýta-gaýta nygtalýar. Aňymyza ornan bu jümle gönüden-göni döwlet syýasatynda ýurduň geljegi baradaky aladanyň beýanydyr. Diýmek, ýaşlarda ýurduň geljegi görülýär. Diýmek, 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň düýp özeninde ertirki günümiz hakyndaky, geljek babatdaky alada ýatandyr. Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyrynyň — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ilkinji ýyllaryna ýaşlar bilen gadam basdy. Aýdylyşy ýaly, ýaşlaryň owazy — ýaşaýşyň owazy. Ol owaz bagtyýar ýaşlaryň ýurdunda — Türkmenistanda belentden-belent ýaňlanýar.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hem Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmakda mynasyp paýy bar. Sungat ojagynda zehinli talyplar kämil derejede bilim alyp, suratkeş ýaşlarymyz eserlerinde döwrümiziň beýik işleriniň waspyny müň bir öwüşginli reňkler bilen ýetirýärler. Olar geçen ýyly «Gujurly ýaşlar» atly sergi bilen jemlän bolsalar, täze ýyla uly hyjuw bilen girişdiler. Ýylyň ady talyplarymyza döredijilik badalgasydyr. Ýaşlara ylym-bilim almaga, hünär öwrenmäge, döredijilik bilen meşgullanmaga şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
 
Nowruz GÜÝJOW,
«Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi:
— Ynsan ömründe ýatdan çykmajak aýratyn günler, aýlar, ýyllar bolýar. Megerem, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan 2023-nji ýyl türkmen ýaşlarynyň durmuşynda iň ajaýyp, unudylmajak taryhy ýyllaryň biri bolar. Uly ruhubelentlik, päk arzuw-niýetler bilen gadam basan täze ýylymyzyň şygary-da, nyşany-da ýaşlara bildirilýän belent ynamy özünde jemleýär. Şonuň bilen birlikde, olar ýaşlar üçin täze, giň mümkinçilikleriň açylýandygyny, ýaş nesliň zehinine, ukyp-başarnygyna, ylym-bilimine has-da uly ähmiýet we üns beriljekdigini alamatlandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesilleriň kämil ylym-bilim almagy, sport bilen meşgullanmagy, hünär öwrenmegi, saýlap alan hünärleriniň hakyky eýeleri bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler, ähli döwrebap şertler yzygiderli döredilýär. Bu bolsa türkmen ýaşlaryny täze maksatlara, belent üstünliklere ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ýylyň-ýylyna ylmy we taslama işleri boýunça ýa-da dürli döredijilik bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilmegi-de olaryň giň dünýägaraýyşly, berk bedenli, sagdyn ruhly, ylymly-bilimli nesiller bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde taýsyz tagallalaryň edilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde ýaşlar üçin täze iş orunlarynyň döredilmegi, ýaş maşgalalara döwlet tarapyndan uly goldaw-hemaýatlaryň berilmegi-de aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Ýaşlyk — durmuşyň bahary! Ýaşlyk — ömrüň säheri! Ýaşlar — döwrüň buýsanjy! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň belent ynamy biz — ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyrýar hem-de borçlandyrýar. Nesip bolsa, täze üstünliklerimiz bilen ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşup, bildirilýän belent ynamy ödäris, Arkadagly Serdarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, mähriban halkymyzy begendireris. Şol sanda biz — ýaş teležurnalistler hem täze-täze, döwrebap, ilhalar gepleşikleri taýýarlap, netijeli zähmet çekeris. Munuň üçin bize ähli döwrebap şertleri döredip beren Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza uzak ömür, berk jan saglygyny, döwletli işlerinde hemişe rowaçlyklary arzuw edýäris.
Gün-günden artýandyr ösüşleň bady,
Joşludyr ýürekler, belentdir başlar!
Täze ýylymyzyň mynasyp ady —
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar!
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly düşümli, rysgally, saglykly, üstünlikli ýyl bolsun! Her bir maşgala bagt, şatlyk, egsilmez döwlet getirsin!
Ýazga geçiren Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.