Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň KARARY

2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip yglan etmek hakynda
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her güni şanly wakalara hem-de zähmet üstünliklerine beslenýär. Tamamlanyp barýan ýyl Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň geçirilen, Berkarar döwletiň täze eýýamyna gadam basylan we möhüm ähmiýetli syýasy wakalaryň, şeýle hem ägirt uly durmuş-ykdysady, medeni özgertmeleriň amala aşyrylýan döwri hökmünde taryha girýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryny we jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki ugurlaryny ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar.
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň «Arkadag şäheri» diýlip atlandyrylmagy, şeýle hem şäherde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna, sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlarynyň dakylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşanyna öwrülip, nesilleri we döwürleri baglanyşdyryp gelýän milli ýörelgelerimizi dabaralandyrmakda görelde mekdebi bolup hyzmat eder.
Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamalary kabul etmegi möhüm halkara meseleleriň çözülmegine ýurdumyzyň goşýan goşandynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.
Bagtyýar zamanamyzda amala aşyrylýan ajaýyp işler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak hormatly Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şu maksat bilen ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini ösdürmegi, hünär taýdan kämilleşmegi, giň dünýägaraýyşly, eziz Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Halkymyzyň gadymdan gelýän türkmençilik dessurlarynyň biri bolan halypa-şägirtlik ýörelgesi mynasyp dowam etdirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan we jemgyýetimizde giňden ara alnyp maslahatlaşylyp kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga hem-de ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam edýär.
Her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky asylly däbe eýerip, ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, iri jemgyýetçilik birleşiklerinde geçirilen maslahatlarda 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip atlandyrmak hakynda öňe sürlen hem-de ähli halkymyz tarapyndan giňden goldanylan köp sanly teklipleri nazara alyp, ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döretmek, ýaş nesilleri halkymyzyň ruhy-ahlak däpleri, watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, olaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini, şahsy başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi karar edýär:
2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip yglan etmeli.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.MÄMMEDOWA.
Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 29-njy dekabry.