Arkadag şäherine köňül kelamy

Her ýaşalan ýyly üstünlikler bilen jemlemek, her täze ýyly ýagşy arzuw-umytlar, uly ynam bilen garşylamak biziň ýurdumyzda adata öwrüldi. Şu gözel durmuşyň goýnunda täze-täze wakalar, şatlykly habarlar göwün joşdurýar, berkarar döwletlilige buýsanjy artdyrýar. Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň «Arkadag şäheri» diýlip atlandyrylmagy hem şeýle ajaýyp wakalardan, hoş habarlardan boldy.
Gahryman Arkadagymyz 2019-njy ýylyň 4-nji martynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirip, ýurdumyzda täze şäheri — Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak hakyndaky taryhy Karara gol çekipdi. Şondan bir aý gowrak wagt geçenden soň — 10-njy aprelde Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda geljegi parlak şol şäheriň düýbi tutuldy. Ýurdumyzda ýene bir beýik gurluşyk alnyp baryldy. Kän-kän işler edildi we ýene dowam etdirilýär. Türkmen tebigatynyň iň gözel ýerleriniň birinde — Köpetdagyň eteginde bina edilýän bu şäheriň gurluşyklarynyň taryhy zamanamyzyň derejesine laýyk amala aşyrylmagy üçin, Gahryman Arkadagymyz hem, Arkadagly Serdarymyz hem yzygiderli alada edip gelýär.
Bu ýerde ekologik talaplaryň ýerine ýetirilmegi aýratyn üns merkezinde. Munuň özi «akylly» şäher ulgamy esasynda dolandyrylýan şäheriň kemala getirilmegi bilen utgaşdyrylýar. Şeýlelikde, Arkadag şäheri — Türkmenistandaky ilkinji «akylly» şäherdir. Bu ýerde «ýaşyl» tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy, sanly tehnologiýalaryň, intellektual ulgamlaryň ornaşdyrylmagy bilen «akylly» şäher konsepsiýasy durmuşa geçirilýär.
Şeýle bir zada ünsi çekmek isleýäris: bu köne dünýäde ynsanyň durmuşynda täzelikler, täzelenişler öňlerem bolup durupdyr. Biziň döwrümiz munuň juda tizleşen döwri, indi telim asyrlyk özgeriş bir demde bolup geçýär, gözüňi ýumup-açýançaň, durmuşyňy dolap alýar. Soňky birnäçe ýyly göz öňüne getirip görüň! Bir adam ömründe dagy, gör, näçe öňegitmeler, täzelenişler bolup biljek! Eýsem-de bolsa, durmuşyň şeýle okgunlylygy, ozaly bilen, Türkmenistan ýaly juda baý, şol baýlyklary akylly-başly ulanmagy başarýan, abadan ýurda mahsus ýagdaýdyr.
Ýaşaýyş medeniýetimiziň özgerişi, zamananyň iň uly mümkinçilikleriniň biziň halkymyz üçinem elýeterliligi bilen baglanyşykly döreýän «akylly» şäher muňa örän aýdyň mysaldyr. «Akylly» şäher ýa-da «smart siti» konsepsiýasy öňdebaryjy kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we ýokary tizlikli internetiň utgaşdyrylmagyna esaslanýar, şunuň üsti bilen şäher düzümlerini, gulluklaryny takyk dolandyrmagy üpjün edýän bir bitewi ekoulgam ilatyň hyzmatyna berilýär.
Ekologik taýdan arassa ulaglaryň hereketi: elektrobuslar, elektromobiller... «Akylly» awtoduralgalar... Gün we ýel batareýalary, yşyklandyryş ulgamy... Häzirki zaman sanly hyzmatlar... Zir-zibiller üçin «akylly» gaplar... Maşgalalar üçin smartfon arkaly dolandyrylýan «akylly» ýaşaýyş jaýlary...
Çagalar baglary, orta mekdepler, başlangyç we orta hünär okuw mekdepleri, sungat mekdepleri, saglyk öýleri, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, hassahanalar, Ruhyýet köşgi, medeniýet öýi, drama teatry, kitaphana, sirk, muzeý, häzirki zaman sport toplumlary, seýilgähler, söwda we dynç alyş merkezleri, beýleki hyzmat edaralary... Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebi, Ylmy-önümçilik merkezi... Metjit... Dolandyryş, işewürlik, durmuş-üpjünçilik, ulag-aragatnaşyk ulgamlary... Nurana köçeler, şaýollar... Bularyň ählisi döwrüň iň ýokary ýaşaýyş medeniýetini üpjün etmäge hyzmat eder.
Tutuş bir şäheri, onda-da iň döwrebap şäheri gurmak her bir döwlete başardýan iş däl. Biziň ýurdumyzda şeýle şäherler yzly-yzyna gurulýar. Aşgabat, hakykatda, täzeden guruldy. Awaza uly bir şäher, tutuş bir dynç alyş-syýahatçylyk merkezi. Ine, indi bolsa başga bir beýik şäher, «akylly» şäher — halkymyzyň ýürek emri bilen Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän şäher peýda boldy! Nesip bolsa, «Aşgabat-sitini» hem bu sanawa goşup bolar, onuň gurulmagy netijesinde paýtagt şäherimiziň çäginde ýene bir üýtgeşik şäher peýda bolar...
Türkmenistan bu gün yklymlary birleşdirýän polat ýollary, howa, suw, awtomobil ýollaryny, hyzmatdaşlygyň hem ösüşiň beýleki ýollaryny gurýan ýurtdur. Halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň örän möhüm çatrygydyr, ulag-logistik merkezdir...
Bu gün biz ata-babalarymyzyň döwran süren giň ýerlerine nazar aýlaýarys. Ata-babalarymyzyň güýji bilen döredilen şäherleri, galalary synlaýarys. Ata-babalarymyzyň dünýäni aňk eden parasadyna, şan-şöhratyna, mertebesine tagzym edýäris. Özümize degişli şol beýik ruh, beýik medeniýet, beýik taryh bilen birleşýäris. Bu günki abadan durmuşymyzy, ajaýyp ýurdumyzy gurýarys...
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň — Arkadag şäheriniň gurulmagy aýratyn ähmiýetlidir, ýurdumyzy bütinleý özgerdýän, ösdürýän beýik işleriň aýrylmaz bölegidir. Arkadag şäheri — döwletliligimiziň altyn şuglasydyr. Özgerişiň, bagtyň, buýsanjyň mukamydyr. Şu mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy, Ahal welaýatynyň ilatyny we bütin halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys.
Arkadag şäherine bagyşlanyp täze-täze sazlar dörär, aýdymlar dörär. Şygyrlar dörär, elbetde!..
Akmyrat HOJANYÝAZ.
«Türkmenistan».