Düýn Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde baýramçylyk konserti geçirildi. Onuň esasy wakasy Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany esasynda käbir aýdymçylara hormatly ady dakyp, degişli sylaglary gowşurmakdan ybarat boldy.
Dabaranyň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa 21-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde Ahal welaýatynyň ýaşaýjylarynyň we ýurdumyzyň raýatlarynyň isleg-arzuwlaryny hem-de jemgyýetçilik birleşikleriniň tekliplerini göz öňünde tutup, welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň hukuk ýagdaýyny we adyny, şeýle hem welaýat merkeziniň dolandyryş çäklerini kesgitlemek boýunça Mejlisde degişli işleriň geçirilip, bu meseläniň kada-kanunçylyk taraplaryna seredilendigi hem-de ýerine ýetirilen işleriň netijesinde, degişli resminamalara laýyklykda, «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesini bermek we oňa at dakmak hakynda» Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kararynyň kabul edilendigi, şol karara görä, welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesiniň berlendigi hem-de onuň «Arkadag şäheri» diýlip atlandyrylandygy baradaky hoş habaryň ýetirilendigi bellenildi. Bu hoş habar dabara gatnaşyjylar tarapyndan uly şatlyk-şowhun bilen kabul edildi.
Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda geçirilen medeni çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň degişli Permany esasynda, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy, aýdymçy Döwletgeldi Amanlykowa hem-de Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň «Ahal öwüşginleri» etnografik-folklor tans toparynyň artisti Kuwwat Çaryguliýewe «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak dabarasy boldy. Dabara gatnaşyjylaryň öňünde bu baradaky Permanyň okalmagy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Hormatly ada mynasyp bolan aýdymçylaryň tüýs ýürekden hoşallygyň alamaty hökmünde sahnada ýerine ýetiren aýdymlary olaryň öz ukyp-başarnyklaryny, bilimlerini, tejribelerini, ussatlyklaryny hem-de ylhamlaryny mähriban Watanymyzy gülledip ösdürmegiň bähbidine gönükdirjekdiklerine ynandyrmalarynyň beýany bolup ýaňlandy.
Soňra ýurdumyzyň meşhur medeniýet, sungat ussatlaryna we döredijilik işgärlerine çykyş etmek üçin söz berildi. Olar öz çykyşlarynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ata Watanymyzyň durmuşyndaky şöhratly wakalaryň, şol sanda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesiniň berlip, onuň «Arkadag şäheri» diýlip atlandyrylmagynyň we bu şäherdäki birnäçe binalara taryhy şahsyýetleriň atlarynyň dakylmagynyň bagtyýar watandaşlarymyzy belent maksatly beýik işlere ruhlandyrýandygyny aýtdylar. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda döwletli Diýarymyzy ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürmek, halkymyzyň abadan, bagtyýar, parahat durmuşyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler täze zähmet üstünliklerini gazanmaga itergi berýär.
Umuman, şeýle çäreleriň geçirilmegi mizemez ruhy baýlygy gorap saklamagyň we artdyrmagyň, döredijilik işgärlerini goldamagyň hem-de höweslendirmegiň Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Serdarymyzyň üstünlikli dowam edýän durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigine şaýatlyk edýär. Şol syýasatyň mazmuny bolsa “Döwlet adam üçindir!” diýen çuň manyly şygarda jemlenýär.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
(Ýörite habarçymyz).