Täze ýyl baýramy golaýlaşdygyça, ynsan göwni telwaslanyp, süýji arzuw-hyýallara beslenýär. Ähli ünji-aladany köne ýylda galdyryp, täze ýyla täze arzuwlar, ýagşy niýetler bilen gadam basmak asylly däbe öwrülip, asyrlarboýy dowam edip gelýär. Eýsem, biz Täze ýyl baýramynyň golaýlap gelýänini haçan duýýarys?! Elbetde, ýaşyl arçalar dürli jäjeklerden lybas geýnende.
“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda hem şeýle boldy. Meýdanlarda hasyl ýygnalyp, saçaklarymyzy berekede dolduran güýz paslynyň tamamlanan güni gyş gapymyzy kakdy. Ilkinji günlerden howanyň sowap, ak garyň sepelemegi gyşyň buşlukçysy bolup, kalbymyza ornady. Diýmek, hemmämiziň sabyrsyzlyk bilen garaşýan Täze ýylymyz golaýlaýar. Edara binalarynyň, bilim ojaklarynyň öňünde, şaýollaryň ugrunda dürli jäjeklere beslenen arçalar peýda boldy. Olar älemgoşar öwüşgini bilen töwerek-daşa ýalkym saçyp durlar. Täze ýyl arçalary ak gijelerde has-da owadan görünýär. Biri-birinden ajaýyp bezelen arçalary göreniňde, göwnüň göterilýär.
Körpeleriň şatlygyny diýsene! Bu maşgala baýramyna çagalar aýratyn arzuw-höwes bilen garaşýarlar. Täze ýyl baýramy bagtyýar çagalara ýatdan çykmajak ýakymly hem täsirli ýatlamalary bagyş edýär. Honha, köçe-ýollaryň ugrunda birkemsiz bezelip, öwşün atyp duran arçalary buýsançly synlaýan körpe öýlerine howlugýar. Ol bu gözelligi öz öýlerinde görmegi arzuwlaýar. Körpe öýlerine baryp, geçen ýyl ýygnap goýlan arçany tapyp alar. Ulular bilen birlikde, ony öýüň töründe goýup, bir-birden jäjeklerini dakyp başlar.
Bosaga gelen ýyl müçe senenamasy boýunça — towşan ýyly. Diýmek, jäjekleriň arasynda towşanjyklaryň şekilleri köpräk bolmaly. Körpe eden işine begenip, birkemsiz bezän Täze ýyl arçasynyň daşynda pyr-pyr aýlanar. Soňra-da okuwçy depderini eline alyp, Aýazbaba hat ýazar. “Aýazbaba, maňa özi ýöreýän maşyn sowgat bersene!”, “Aýazbaba, maňa gürleýän gurjak sowgat beräý-dä!”, “Aýazbaba, meniň Şatlygyňky ýaly tigir süresim gelýär!” diýen ýaly, çaga ýüreginden çykýan ganatly arzuwlar ak kagyzyň ýüzüni jäheklär. Täze ýyl arçasynyň aşagyna hat ýazyp goýan çagalaryň päk ýürekden eden arzuw-islegleri wysal tapar. Çünki Garaşsyz Diýarymyz — ak arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy, bagtly çagalygyň mekany.
Aşgabadyň nurana gijesinde “Ylham” seýilgähiniň deňinden ýöräp barşyma, şular hakda oýlanýaryn. Nesip bolsa, ýene-de sanlyja günden 2022-nji ýyly dabaraly ugradyp, täze — 2023-nji ýyly uly şatlyk-şowhun bilen garşy alarys. Ýöne halkymyz, ýurdumyz üçin ýatdan çykmajak taryhy ýyllaryň biri bolan, şanly senelere, dabaraly açylyşlara, begençli hem buýsançly wakalara beslenen “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylyny hiç wagt ýadymyzdan çykarmarys. Çünki bu ýyl hormatly Prezidentimiziň — Arkadagly Serdarymyzyň, halkymyzyň mukaddes ynamyny gazanyp, döwlet Baştutanlygyna saýlanan, ösüşleriň täze ruhda täze belentliklere ýol salan ýyly hökmünde hakydalarymyzda hem-de taryh sahypalarynda baky ýaşar.
Ösüş-özgerişlere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilkinji gezek bellenilýän Täze ýyl baýramy häzirden şatlyk-şowhuna beslenýär. Şu günlerden alnyp barylýan taýýarlyk işleri asman boýlaýan Täze ýyl arçalarynyň, şeýle-de ýanýodalardaky, seýilgählerdäki arçalaryň bezeginde, söwda nokatlarynyň tekjelerini bezeýän dürli görnüşli sowgatlarda, aýdymçylaryň taýýarlaýan şowhunly çykyşlarynda, körpejelerimiziň dillerinde sena bolan goşgularda has aýdyň görünýär.
Keýik UMAROWA.
“Türkmenistan”.