«Maşgalanyň abadançylygy — döwletiň berkararlygy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

Düýn Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen bilelikde geçiren «Maşgalanyň abadançylygy — döwletiň berkararlygy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şol sanda guramaçylyk toparynyň agzalary hem-de bäsleşikde ýeňiji bolan döredijilik işgärleri gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen bilelikde şu ýylyň iýul aýynda yglan eden «Maşgalanyň abadançylygy — döwletiň berkararlygy» atly döredijilik bäsleşigi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys!» diýen buýsançly sözlerinden ugur alnyp, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly, beýik Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy, şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli geçirildi. Bäsleşigiň maksady Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ýetilen şanly sepgitleri şöhlelendirmekden, türkmen jemgyýetinde agzybirligiň hem-de jebisligiň has-da berkändigini, halkymyzyň maşgala mukaddesliklerine, ata-babalarymyzdan gelýän milli ýol-ýörelgelerimize, baý medeni mirasymyza goýýan belent hormat-sarpasyny açyp görkezmekden, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda döwletimiz tarapyndan her bir maşgalanyň bagtyýar hem abadan durmuşy babatda edilýän taýsyz tagallalary, köp çagaly maşgalalar üçin döredilýän giň mümkinçilikleri, ýaş maşgalalar hakyndaky uly aladalary makalalardyr oçerklerde, şeýle-de söhbetdeşliklerde giňişleýin we täsirli beýan etmekden ybarat boldy.
Şeýlelikde, bäsleşik yglan edilen gününden başlap, onuň tamamlanýan gününe — 30-njy noýabra çenli «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasyna makalalaryň, oçerkleriň, söhbetdeşlikleriň köp sanlysy gelip gowuşdy.
Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynda çykyş edenler Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, jemgyýetimiziň agzybirligini hem-de jebisligini has-da pugtalandyrmak, milli mirasymyzy aýawly saklamak we geljek nesillere ýetirmek, maşgala mukaddesliklerine hormat goýmak, ýaşlarda Watana, gadymy gymmatlyklarymyza bolan söýgini artdyrmak babatda amala aşyrylýan giň gerimli işler barada buýsanç bilen gürrüň etdiler. Şeýle-de olar ýurdumyzda gazanylýan uly ösüşleriň, ýetilýän belent sepgitleriň ýazyjy-şahyrlarydyr žurnalistleri täze döredijilik gözleglerine ruhlandyrýandygyny nygtap, bu ugurda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş aýtdylar.
Bäsleşigiň ýeňijilerine «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan taýýarlanan diplomlardyr ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Iki ugur — makalalar hem-de söhbetdeşliklerdir oçerkler boýunça geçirilen bäsleşikde iberen eserleriniň düzgünnamada görkezilen şertlere laýyk gelýändigi göz öňünde tutulyp, şeýle-de eminler toparynyň çözgüdi esasynda, ýeňijiler hökmünde kesgitlenilenler şu aşakdaky awtorlardyr:
MAKALALAR BOÝUNÇA:
Baş baýrak: Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, ýazyjy Atajan Tagan;
1-nji orun: «Zenan kalby» žurnalynyň öz habarçysy Keýik Umarowa;
2-nji orun: «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm redaktory Meretgylyç Ýagmyrow hem-de «Behişdi ahalteke atlary», «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» žurnallarynyň baş redaktory, žurnalist Narly Nuryýew;
3-nji orun: «Daşoguz habarlary» gazetiniň habarçysy Gurban Gurbanow, «Mugallymlar gazeti» gazetiniň bölüm redaktory Şähribossan Öwezowa hem-de Tagtabazar etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, mekdebiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Akmuhammet Gurbanow.
SÖHBETDEŞLIKLER, OÇERKLER BOÝUNÇA:
Baş baýrak: «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň hünärmeni Amanmyrat Kiçigulow;
1-nji orun: Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Sapargeldi Durdyýew;
2-nji orun: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri Nurgözel Bäşimowa hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Begenç Annaýew;
3-nji orun: Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby Sülgün Myratgeldiýewa, çagyryş boýunça harby gullukçy, seržant Baýgeldi Çaryýew hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Annabeg Aýmakowa.
(Ýörite habarçymyz).