DUŞUŞYKLAR

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Awaza, 14-nji dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany mähirli garşylap hem-de oňa Türkmenistana sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe birinji üçtaraplaýyn sammitiniň dünýä möçberindäki taryhy ähmiýetini belledi hem-de şu gezekki duşuşygyň hyzmatdaşlygyň geljek üçin ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge, üç doganlyk ýurduň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.
Prezident Rejep Taýyp Ärdogan mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny bildirip, halkara deňiz şypahanasy derejesine eýe bolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bolmagyna örän şatdygyny nygtady. Soňky ýyllarda onuň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Bu ýerde gurlan kaşaň myhmanhanalar, saglyk edaralary we saglygy goraýşyň beýleki desgalary kenarýaka zolaga görk berýär.
Türkiýe Respublikasynyň Baştutany türkmen-türk dialogynyň birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek we ylalaşykly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygyny belläp, netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ähli ugurlar boýunça pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine berýän ünsüni aýratyn belledi.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berilýändigini belläp, şu ýylyň 18-nji noýabrynda Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana saparyny we onuň çäklerinde gol çekilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Türkiýäniň parlamentiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnamanyň ähmiýetini nygtady.
Dostluk, ynanyşmak we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy. 30 ýylyň dowamynda ýurtlarymyz tarapyndan dürli derejelerdäki hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly tagallalaryň edilendigi bellenildi.
Gahryman Arkadagymyz iki ýurduň syýasy-diplomatik ulgamdaky hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini belläp, diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň uly tejribesiniň toplanandygyny nygtady.
Söhbetdeşligiň dowamynda sebit hyzmatdaşlygynyň, şol sanda Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meselelerine deglip geçildi. Geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistan bu gurama synçy derejesinde goşulyşyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklady.
Häzirki günde ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin täze mümkinçilikler açylýar. Bu mümkinçilikleriň netijeli ulanylmagy iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirer.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna mundan beýläk-de ähli goldawy bermäge taýýardygyny tassyklap, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, doganlyk türk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Awaza, 14-nji dekabr (TDH). Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjan Respublikasynyň Baştutanyny “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda mähirli garşylap, Prezident Ilham Aliýewe üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin ýurdumyza gelmäge çakylygy kabul edendigine minnetdarlyk bildirip, geçiriljek gepleşikleriň dostlukly ýurtlaryň ýakyn geljek hem-de uzak möhletleýin döwürde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, şeýle hem döwletara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin oňyn mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.
Öz nobatynda, Azerbaýjanyň Prezidenti Gahryman Arkadagymyz bilen mähirli salamlaşyp, söhbetdeşlikde döwletara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdi, mizemez dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri bu gatnaşyklaryň esasyny düzýär.
Söhbetdeşler häzirki wagtda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň uzak möhletleýin we özara bähbitli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Taraplar sebit we halkara gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça doly özara düşünişmek derejesini görkezýärler. Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyz sebitleýin we halkara guramalaryň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Ýokary derejede geçirilýän duşuşyklar hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine itergi berýär.
Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz geçen hepdede Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy hanym Sahiba Gafarowanyň Türkmenistana bolan saparynyň we onuň çäklerinde gol çekilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň ähmiýetini nygtady hem-de bu saparyň iki ýurduň parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine itergi berendigini we öz tarapyndan parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga goldaw bermäge taýýardygyny belledi.
Taraplar türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara syýasatyň birnäçe ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Ilham Aliýew Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýä we sebit forumlarynyň belent münberlerinde öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň möhümdigini aýratyn belledi.
Duşuşygyň ahyrynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň geljekde hem iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine özara bähbitli hyzmatdaşlyk ruhunda okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy bilen duşuşygy
Awaza, 14-nji dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy.
Myhman ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gurbanguly Berdimuhamedowy we ähli türkmen halkyny Bitaraplyk baýramy bilen gutlady hem-de eziz Watanymyzda gazanylýan üstünliklere hem-de ýetilen belent sepgitlere şatdygyny aýtdy.
Rifat Hisarjyklyoglu 2019-njy ýylda Hazar ykdysady forumynyň geçirilendigini ýatlap, onuň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň sebitiň ýurtlarynyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda uly ähmiýete eýedigini belledi.
Türkmenistanyň häzirki döwrüň ählumumy wezipeleriniň oňyn çözülmegine gönükdirilen başlangyçlarynyň ilerledilişi, şeýle hem olaryň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan giňden goldanylýandygy barada aýtmak bilen, türk işewüri şol başlangyçlaryň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýändigini nygtady.
Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýäniň işewürler düzümleriniň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandyklaryny belledi. Şu gezekki üçtaraplaýyn sammitiň doganlyk ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigini aýdyp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy türk kompaniýalarynyň ýurdumyzda meýilleşdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagynyň mümkinçiliklerini öwrenmegiň möhümdigini nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Hazaryň kenarynda geçirilen üçtaraplaýyn sammitiň hem-de onuň jemleri boýunça kabul edilen resminamalaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly şertnamalaýyn-hukuk binýadyny emele getirjekdigine ynam bildirdiler.