Ahal welaýaty, 10-njy dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde bolup, ol ýerde alnyp barylýan işler, taýýarlanylan şekil taslamalary, olaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy hem-de iş maslahatyny geçirdi. Onda bu iri merkeziň birinji tapgyrynyň tamamlanyp barýan gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy welaýatyň täze merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew garşyladylar. Olar merkeziň çäklerinde alnyp barylýan köptaraply gurluşyk işleri barada maglumat berdiler.
Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, bu ýerde merkeziň seýilgäh zolagy, onuň abadanlaşdyrylyşy we ekilen bag nahallarynyň aýratynlyklary bilen tanyşdy. Bellenilişi ýaly, ýaşyl zolaklar ilatly ýerleriň ekologik ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna ýardam berýär hem-de ilatyň, ilkinji nobatda, çagalaryň medeniýetli dynç almaklary, wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin niýetlenendir. Şunda seýilgähde oturdylýan bag nahallarynyň bu ýerleriň toprak-howa şertlerine kybap gelmegi, seýilgähde dynç almak üçin ýokary derejeli şertleriň döredilmegi ugurdaş desgalaryň gurluşygyna, olaryň abadanlaşdyrylyşyna bildirilýän esasy talaplaryň biri bolup durýar diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi we bu ugurda ýerine ýetirilýän işleriň ylmy taýdan esaslandyrylan kadalara laýyk gelmelidigine ünsi çekdi. Bu ýerde bagy-bossanlygy döretmekde alnyp barylýan işleri synlap, Gahryman Arkadagymyz seýilgähiň ähli düzümleriniň, onda söwda we beýleki hyzmatlaryň guralyşynyň, desganyň yşyklandyryş ulgamynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede ýola goýulmagynyň wajypdygyny belledi.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde taýýarlanylan şekil taslamalary bilen tanyşdy. Welaýatyň täze merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow görkezilýän taslamalar hem-de olaryň aýratynlyklary barada giňişleýin maglumatlar berdi. Şeýle hem, ozal berlen tabşyryga laýyklykda, merkeziň Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň baş nyşany we onuň ýerleşdiriljek ýeri barada aýdyldy.
Mähriban Arkadagymyz merkeziň çagalara niýetlenendigini nazara alyp, onuň esasy girelgesinde ýerleşdiriljek nyşanyň şekilinde sagdynlyga, parahatçylyga we agzybirlige çagyrýan mazmunyň jemlenmeginiň aýratyn ähmiýetlidigini belledi. Şunda Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň bezeg aýratynlyklary, otaglaryň reňk sazlaşygy bildirilýän talaplara laýyk gelmelidir.
Şeýle hem bu ýerde merkeziň çäginde bina edilýän ýaşaýyş jaýlarynyň üçeklerinde oturdylmagy meýilleşdirilýän LED ýazgylarynyň görnüşleri görkezildi hem-de olaryň özboluşly aýratynlyklary barada maglumat berildi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýazgylarda adamlary ruhubelentlige, beýik işlere ruhlandyrýan mazmunyň jemlenmelidigini, olaryň her biriniň ýerleşdirilýän binalara laýyk derejedäki ähmiýetiniň bolmalydygyny belledi we bu işlere ýaş binagärleriň, dizaýnerleriň, bu ugurdan bilim alýan talyplaryň çekilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi.
Görkezilýän şekil taslamalarynyň hatarynda ady rowaýata öwrülen, ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şöhratynyň belende galmagynda möhüm orun eýeleýän Akhanyň şekil taslamasy we onuň ýanynda ýerleşdiriljek ýazgynyň görnüşleri-de bar. Hormatly Arkadagymyz Akhanyň heýkeli bilen baglanyşykly ýazgylaryň görnüşleri bilen tanşyp, olaryň has mynasybynyň seçilip alynmagyna örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Çünki dünýä rekordyny täzelän Akhan atly bedew türkmen halkynyň buýsanjyna öwrüldi we onuň şekiline degişli işlere hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmegi möhüm talap bolup durýar. Şeýle hem ýadygärligiň çar tarapynda guruljak suw çüwdürimleri bu ajaýyp bina bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir.
Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde merkeziň metjidiniň, ýaşaýyş jaýlarynyň bezeginde ulanyljak mermer daşlarynyň görnüşleri bilen tanyşdy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy binalaryň gurluşygyna bolşy ýaly, olaryň bezeg işlerine berklik, uzak möhletleýinlik we owadanlyk şertlerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belläp, bu işde hem ýaş binagärleriň, dizaýnerleriň täzeçil pikirleriniň ulanylmagynyň netijeli boljakdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Arkadagymyza Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň esasy girelgesinde oturdylmagy meýilleşdirilýän nyşan görkezildi. Ol ýörite yşyklar bilen ýagtylandyrylyp, merkeziň binagärlik keşbine özboluşly bezeg berer we bu desganyň ähmiýetini, çagalar baradaky aladany özünde jemleýän mazmuna eýe bolar. Hormatly Arkadagymyz çagalaryň we ýaşlaryň Watanymyzyň geljegidigini belläp, olar baradaky aladanyň döwletimizde ýerine ýetirilýän işlerde öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Şol bir wagtyň özünde-de ösüp gelýän ýaşlaryň bilim terbiýesine, olaryň häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalaryny özleşdirmegine möhüm ähmiýet berilmelidir.
Şeýle hem bu ýerde hormatly Arkadagymyzyň garamagyna merkeziň bilim ojaklarynda ornaşdyrylýan interaktiw tagtalar hödürlendi. Onda geçilýän sapagyň mowzugy, mugallymyň ýumşy we bilim alýan ýaşlaryň ony ýerine ýetirişi görkezilýär. Mundan başga-da, bu maglumatlar mekdebiň ýolbaşçylary hem-de okuwçylaryň ene-atalary üçin elýeterli bolar.
Gahryman Arkadagymyz merkeziň dükanlarynda onlaýn söwdany guramak üçin niýetlenen tehnologiýalar bilen hem tanyşdy. Görkezilişi ýaly, raýatlar öýünde oturan ýerinde özüne gerek önümleri saýlap bilýär we onuň möçberini kesgitläp, sanly ulgam arkaly töleg geçirýär. Söwda dükany raýatlaryň isleg bildiren harydyny, önümini öýüne eltip berýär. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwrüň täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň zamanydygyny belläp, ähli ugurlarda döwrebap usullary ornaşdyrmagyň şu günüň wajyp talabydygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, bu usullaryň ähli ugurlara işjeň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Onuň ýaşlaryň sazlaşykly ösmekleri, dünýä ylmyna çuňňur aralaşmaklary we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkidilmegi babatda aýratyn ähmiýeti bardyr.
Soňra hormatly Arkadagymyz bu ýerde welaýatyň täze merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy merkeziň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň türkmen halkynyň milli baýramçylyk ýörelgelerine laýyklykda geçirilmelidigini, bu toýuň ýatda galyjy pursatlara we ähmiýetli wakalara beslenmelidigini belledi. Ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti boljak toý dabarasyna köp sanly myhmanlaryň gatnaşjakdygyny belläp, hormatly Arkadagymyz onda ýaýbaňlandyryljak dabaralaryň türkmen halkynyň belent ruhuna kybap derejede guralmalydygyna ünsi çekdi.
Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gahryman Arkadagymyz merkeziň gurluşygynyň ikinji tapgyryna guramaçylykly girişip, dürli maksatly desgalaryň bina edilmegine örän jogapkärçilikli we häzirki zaman binagärlik tejribesi esasynda çemeleşilmelidigini belledi. Şunda täzeçil usullara, sanly ulgamyň aýratynlyklaryna möhüm ähmiýet berilmelidir.
Şeýle hem ulag ýollarynyň ugurlarynda oturdylmagy meýilleşdirilýän ýol görkeziji belgileriň, hereket sazlaýjy yşyklaryň häzirki zamanyň talaplaryna we kadalaryna laýyk derejede ýerleşdirilmegi möhümdir. Munuň özi awtoulag ýollaryndaky hereketleri düzgünleşdirmekde we kadalaşdyrmakda ýol hereketine gatnaşyjylar, şol sanda sürüjiler we pyýadalar üçin örän wajyp bolup durýar.
Dürli pudaklaryň edara binalaryny atlandyrmak, binalarda degişli ýazgylary goýmak meselelerine zerur üns berilmelidigi, bu babatda ugurdaş düzümleriň wekilleri bilen bilelikde iş alnyp barylmalydygy bellenildi. Şol bir wagtyň özünde Gahryman Arkadagymyz ýazgylary ýerleşdirmek bilen baglylykda, özüniň birnäçe pikir-maslahatlaryny berip, käbir belliklerini aýtdy.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy şäheriň durmuş düzümine degişli meseleler babatda aýdyp, onda sanly ulgamyň, “akylly şäher” kadalarynyň ulanylmagynyň ähmiýetiniň ilkinji nobatda göz öňünde tutulmalydygyny belledi.
Hormatly Arkadagymyz iş maslahatyny tamamlamak bilen, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy baradaky meselä ýene-de bir gezek ünsi çekdi we maslahata gatnaşanlara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.