Döredijilik duşuşygy we ussatlyk sapaklary

«Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala gatnaşyjy myhmanlar 29-njy noýabrda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda bolup, türkmen kärdeşleri bilen duşuşdylar hem-de ussatlyk sapaklaryny geçirdiler. Olaryň arasynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gazagystandan, Eýrandan hem Türkiýeden gelen sazandalar bar.
Myhmanlar ýörite sazçylyk mekdep-internatynda türkmen saz gurallary bilen ýakyndan tanyşdylar, şeýle hem özleriniň milli saz gurallary, olaryň çalnyşy dogrusynda gürrüň berdiler. Dürli ýurtlardan gelen sungat ussatlary bilen bolan duşuşyk özboluşly döredijilik baýramyna, dostluk aýdyşygyna öwrüldi. Meselem, özbegistanly myhmanlar türkmen aýdymyny ýerine ýetirseler, mekdebiň okuwçylary olara özbek sazlaryny çalyp berdiler.
Myhmanlar şeýle hem mekdebiň halk saz gurallary, kirişli saz gurallary, saz nazaryýeti, hor we horeografiýa bölümlerinde boldular. Soňra olar mekdebiň kiçi zalynda Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň halk saz gurallary toparynyň festiwala gatnaşýan döwletleriň eserlerinden düzülen konsertine tomaşa etdiler.
— Mekdebimizde daşary ýurtly sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyk we ussatlyk sapaklary diýseň gyzykly hem-de täsirli boldy. Şeýle özara pikir alyşmalar aýdym-saz sungatynda tejribäňi baýlaşdyrmakda, ýaşlarda sungata bolan höwesi artdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Ussatlyk sapagynda azerbaýjanly sungat ussatlary «saz» atly guralda saz çaldylar. Tatar halkynyň «kuraý» atly saz guralynyň çalnyşy bolsa biziň tüýdügimize diýseň meňzeşligi bilen ünsi çekýär. Biz myhmanlara türkmen halk sazlarynyň nota kitaplaryny sowgat berdik. Olar bu sazlary orkestr bilen öz ýurtlarynda çaljakdyklaryny aýtdylar. Mekdebimiziň okuwçysynyň azerbaýjan sazyny akkordeonda ýerine ýetirip bermegi myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Sungatyň we dostlugyň baýramyna öwrülen şeýle festiwallary geçirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys — diýip, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymy, halypa sazşynas Öwezmyrat Gandymow gürrüň berdi.
Aýjemal OMAROWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ahmet TAŇRYGULYÝEW.