Temeniň gözünden ok geçirip bilen mergen pederlerimiziň mynasyp nesilleri bu gün halkara ýaryşlarda hem ukyp-başarnyklaryny ykrar etdirýärler. Ýakynda ýaýdan nyşana ok atmak boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň agzalary Gruziýanyň Batumi şäherinde geçirilen Ýewraziýanyň açyk Gran-pri ýaryşyndan medallaryň 8-si bilen gaýdyp geldiler.
Abraýly ýaryşa 8 döwletden 70-den gowrak mergen gatnaşdy. Şolaryň 8-si türkmenistanly ýaşlardyr. Olar ýaryşda altyn medallaryň ikisini, kümüş medallaryň dördüsini we iki sany bürünç medal gazandylar.
Milli ýygyndymyzyň altyn medallarynyň ikisini hem Aşgabat şäherindäki 27-nji orta mekdebiň okuwçysy Ezizmuhammet Sähedow gazandy. 2002 — 2005-nji we 2006 — 2008-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasyndaky şahsy ýaryşlara gatnaşan Ezizmuhammede iki ýaryşda hem taý tapylmady.
2001-nji ýylda we ondan öň doglan türgenleriň arasynda geçirilen şahsy ýaryşlarda bolsa Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasynyň başlygy Wepa Sähedow hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. Ol toparlaýyn görnüşde geçirilen ýaryşda hem kümüş medal gazanmagymyza ýardam etdi. Ýurdumyzyň milli federasiýasyna ýolbaşçylyk edýän mergen Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri Şöhrat Jumagulyýew we Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Agajan Gullaşow bilen bilelikde ikinji orny eýeledi.
Eýýäm halkara ýaryşyň goşa altyn medalyna mynasyp bolan Ezizmuhammet Sähedow paýtagtymyzdaky 44-nji orta mekdebiň okuwçysy Söýli Meredowa bilen bilelikde 2006 — 2008-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda garyşyk görnüşde geçirilen ýaryşda milli ýygyndymyzyň ýene bir kümüş medal gazanmagyna goşant goşdy.
Milli ýygyndymyzyň wekilleri 2001-nji ýylda we ondan öň doglan mergenleriň arasynda geçirilen toparlaýyn ýaryşda hem hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdylar. Bu gezekki üstünligi Içeri işler ministrliginiň Işgärler bölüminiň ýanyndaky «Galkan» sport merkeziniň ýolbaşçysy Rüstem Gurbanow bilen Milli ýaý atyjylyk federasiýasynyň türgeni Oksana Gataulina gazandy.
Paýtagtymyzdaky 45-nji orta mekdebiň okuwçysy Myrat Ýazmedow bilen Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Köwser Abbasowa garyşyk görnüşdäki ýaryşlara gatnaşyp, Içeri işler ministrliginiň işgäri Şöhrat Jumagulyýew bolsa şahsy ýaryşda bürünç medallary gazandylar.
Ýewraziýanyň açyk Gran-pri ýaryşynda gazanylan bu üstünlikler biziň ýurdumyzyň mergenlerini has uly ýeňişlere höweslendirýär. Olar geljekde yklym we dünýä ýaryşlarynda, tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyzyň sport abraýyny ýokarlandyrmagy maksat edinýärler.
Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».