Türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm ugurlary kesgitlenildi

Seul, 29-njy noýabr (TDH). Şu gün Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň ikinji gününiň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy, şeýle-de işewürler maslahatyna gatnaşdy we Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ir bilen Gahryman Arkadagymyzyň awtoulag kerweni Koreýa Respublikasynyň döwlet Baştutanynyň “Ýonsan” köşgüne tarap ugrady.
Düýn hormatly Arkadagymyz Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň birinji gününiň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Olaryň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary, şol sanda parlamentara gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy. Duşuşyklaryň jemleri boýunça degişli resminamalara gol çekildi. Munuň özi iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiň täze derejesine çykýandygyny alamatlandyrýar.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň awtoulag kerweni “Ýonsan” köşgüniň binasynyň merkezi girelgesiniň ýanynda saklandy. Bu ýerde hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy dostlukly döwletiň Prezidentiniň Diwanynyň protokol gullugynyň ýolbaşçysy mähirli garşylady we bina girmäge çagyrdy.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy köşgüň duşuşyklar üçin zalyna barýar. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz we Prezident Ýun Sok Ýol mähirli salamlaşýarlar.
Geçirilen gepleşikleriň dowamynda dostlukly döwletiň Baştutany hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy Koreýa Respublikasynda görýändigine örän şatdygyny belledi. Dostlukly ýurduň Prezidenti Gahryman Arkadagymyza Koreýa Respublikasyna resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, şu gezekki duşuşygyň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany ýazjakdygyna ynam bildirdi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Koreýa Respublikasynyň Prezidentine Prezident Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi we döwlet Baştutanymyzyň iberen hatyny gowşurdy. Koreýa Respublikasynyň Prezidenti döwlet Baştutanymyzyň iberen hatyny uly hormat bilen kabul etdi we öz adyndan hormatly Prezidentimize hoşniýetli arzuwlaryny ýetirmegini Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi.
Prezident Ýun Sok Ýol Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň bu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhyna täze sahypany ýazjakdygyna ynam bildirip, hormatly Arkadagymyza söz berdi.
Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda dostluk, hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigine kanagatlanma bildirdi we bu işde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň aýratyn tagallalarynyň bardygyny nygtady. Şu ýyl iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyna 30 ýyl dolandygyny belläp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy şu geçen döwürde bu ugurda ägirt uly işleriň amala aşyrylandygyny aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklarda ynanyşmak dialogy filosofiýasyny öňe sürýändigini, şonuň esasynda ýurdumyzyň ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň binýadynda we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna laýyklykda, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin berk syýasy, hukuk kepillikleriniň usulyny döretmek başlangyjy bilen çykyş edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasyny öňe sürendigini aýdyp, hormatly Arkadagymyz onuň «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýlip atlandyrylyp, anyk, oýlanyşykly syýasy ölçeglere, sagdyn, oňyn pragmatizme, umumy ykrar edilen we hemmeler üçin düşnükli bolan adamzat gymmatlyklaryna esaslandyrylandygyny belledi.
“Koreýa Respublikasy — Merkezi Aziýa” forumynyň kabul edýän çözgütleriniň dünýäde howpsuzlygyň, parahatçylykly ösüşiň berkidilmegine gönükdirilýändigini belläp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy bu foruma 2023-nji ýylda başlyklyk etmegiň Türkmenistanyň paýyna düşýändigini nygtady.
Hormatly Arkadagymyz dörän mümkinçilikden peýdalanyp, Koreýa Respublikasynyň Prezidentini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy we dostlukly ýurduň Prezidentine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrundaky tagallalary üçin minnetdarlyk bildirip, oňa alyp barýan döwlet işinde üstünlik, berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, koreý halkyna bolsa rowaçlyk arzuw etdi.
Prezident Ýun Sok Ýol çakylyk hem-de çuňňur manyly çykyşy üçin Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallyk bildirip, öz gezeginde, Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Gahryman Arkadagymyz duşuşyk tamamlanandan soňra, bu ýerden özi üçin niýetlenen kabulhana ugrady.
Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň (KITA) prezidenti Kristofer Ku bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda, aýratyn-da, ulag-logistika ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
KITA-nyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, häzirki döwürde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasynyň ähli ugurlar boýunça gatnaşyklaryny ösdürýän ýurtlarynyň biridigini nygtady. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde iki ýurduň üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak we bu ugurdaky gatnaşyklary hemmetaraplaýyn esasda ösdürmek meselelerine aýratyn üns berilýär.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça bar bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanda Aziýa sebitiniň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ýurtlarynyň biri hökmünde ykrar edilen Koreýa Respublikasy bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geljegi uly ugur hökmünde kesgitlenendigini belledi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda ulag-logistika ulgamynyň döwrebap derejede ösdürilmegine, halkara ähmiýetli ulag ýollarynyň gurulmagyna we üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna aýratyn üns berilýär.
Häzirki wagtda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Ýewropa bilen Aziýanyň möhüm çatrygynda ýerleşen ähmiýetli ulag düzümi bolup durýandygyny belläp, hormatly Arkadagymyz Koreýa Respublikasynyň önümlerini Ýewropa ýurtlaryna ugratmakda bu deňiz menziliniň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekdi. Şu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň halkara ähmiýetli awtomobil, demir ýol geçelgeleriniň, Hazaryň kenarynda täze gurlan deňiz portunyň mümkinçilikleriniň halkara ýük gatnawlaryny ýola goýmakda netijeli ulanylyp bilinjekdigini belledi. Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça yklymara gatnawlary ösdürmek, Aziýanyň, Ýewropanyň hem-de Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna çykmak arkaly sebitara üstaşyr ulag geçelgeleri boýunça hyzmatdaşlygyň strategik ähmiýeti bardyr.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň halkara derejedäki ulag gatnawlaryny we üstaşyr geçelgeleriň mümkinçiliklerini işjeňleşdirmegiň möhüm guraly hökmünde ykrar edilendigini belläp, hormatly Arkadagymyz bu ugurda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen ýola goýulýan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Şunda deňiz menziliniň logistik mümkinçiliklerinden peýdalanmak meselelerine möhüm üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýdyp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleriniň koreýaly hyzmatdaşlar üçin hem ykdysady taýdan bähbitli boljakdygyna ünsi çekdi.
Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň prezidenti öňe süren köptaraply başlangyçlary üçin hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň koreý işewürleri üçin örän özüne çekijidigini aýratyn nygtady. Bu ugur Koreýa Respublikasynda öndürilen önümleri, harytlary we tehnologiýalary Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna ugratmakda ähmiýetli hasaplanýar.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy we Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň ýolbaşçysy üstaşyr ulag mümkinçilikleriniň netijeli ulanylyp, bu gatnaşyklaryň sebitde durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde, parahatçylygy pugtalandyrmakda ähmiýetli boljakdygyna ynam bildirdiler.
Soňra hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň işewür düzümleriniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde geçirilýän duşuşyga gatnaşyjylaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.
Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň prezidenti duşuşygy açyp, koreýaly işewürler bilen wagt tapyp duşuşýandygy üçin hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi we iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşmak mümkinçiliginiň dörändigine şatdygyny nygtady.
Soňra jenap Kristofer Ku Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyny şu gezekki duşuşyga gatnaşýan kompaniýalaryň we degişli düzümleriň ýolbaşçylary bilen tanyşdyryp, bu kompaniýalaryň her biriniň alyp barýan işleri, häzirki wagta çenli amala aşyran taslamalary barada gürrüň berdi. Şolaryň hatarynda “Hyundai Engineering”, “Hyundai Corporation”, “Hyundai Motors”, Günorta Koreýanyň “KEXIM” eksport-import banky, “LX International Corp.”, “Omnisystem Co Ltd”, “Daewoo Engineering and Construction” kompaniýalary, Koreýa Respublikasynyň Deňiz enjamlary ylmy-barlag instituty, (KOMERI), “MESCO”, Koreý lukmançylygyny ösdürmek boýunça milli instituty, Kýongbuk milli uniwersitetiniň ýanyndaky “Chilgok” klinikasy, “KITECH” konwergent tehnologiýalar merkezi, “KD Navien” düzümi bar.
Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň prezidenti öz ýurdunyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen duşuşmagynyň türkmen tarapyndan ikitaraplaýyn netijeli işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge berilýän ägirt uly ünsüň nyşanydygyny aýratyn nygtady hem-de munuň üçin hormatly Arkadagymyza duşuşyga gatnaşýan kompaniýalaryň wekilleriniň adyndan hoşallyk bildirdi.
Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna söz berildi.
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow koreý kompaniýalarynyň we olaryň türkmen hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirmek baradaky bilelikdäki teklibe ýokary baha berýändigini belledi we bu duşuşygyň hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alyşmaga oňyn şerti döredendigini aýtdy. Ol gatnaşyklary mundan beýläk-de meýilleşdirmek hem-de iki tarapyň hem anyk isleglerini we maksatlaryny bilmek üçin mümkinçilikleri berýär.
Duşuşyga şeýle uly wekilçilikli düzümiň gatnaşmagy Koreýa Respublikasynyň işewürler bileleşiginiň Türkmenistana uly gyzyklanma bildirýändigini görkezýär. Şeýle hem däp bolan hyzmatdaşlygy berkitmäge we täze gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik döredýär. Häzirki döwürde önümçilik, tehnologiýalar we maýa goýum ugurlarynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygyny düýpli giňeltmek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyna ynanýaryn diýip, hormatly Arkadagymyz belledi.
Türkmenistanda geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň ýokary depgindäki durnukly ösüşi üpjün edendigini belläp, Gahryman Arkadagymyz durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» daşary ykdysady syýasatynyň maýa goýumlary amatly goýmak üçin düýpli mümkinçilikleriň bardygyny şertlendirýändigini aýtdy. Uzak möhletli geljegi göz öňünde tutmak bilen, milli ykdysadyýetiň ösüşine täze itergi we depgin bermek bu syýasatyň esasy maksatlarynyň biridir. Bu işde ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge möhüm ähmiýet berilýär. Şu babatda Türkmenistan häzirki döwürde koreý işewürligi üçin özüne çekiji häsiýete eýedir. Munuň özi diňe bir biziň örän köp serişde binýadymyz we amatly geografik ýagdaýymyz bilen däl, eýsem, döwrebap kanunçylygymyz, amatly işewür ýagdaýymyz, durnukly döwlet institutlarymyz bilen hem şertlenýär diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi.
Halkara pul gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistanda bolan hem-de ýurdumyzyň üstünlikleri bilen ýakyndan tanşan bilermenleriniň hasabatlarynda ykdysadyýetimiziň ýokary depginde ösýändigi we netijeli özgertmeleriň geçirilýändigi bellenilýär. Bu iri halkara institutlaryň wekilleriniň türkmen ykdysadyýetiniň geljekde-de depginli ösjekdigini, ýurdumyzyň maýa goýum derejesiniň ýokarydygyny belleýändiklerini aýdyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy dürli ugurlarda halkara ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin Türkmenistanda amatly we sazlaşykly şertleriň döredilendigini belledi. Şunda döwletimiz maýadarlara salgyt, gümrük, wiza, ätiýaçlandyryş we beýleki ýeňillikler görnüşinde düýpli goldaw berýär.
Hormatly Arkadagymyz milli önümi öndürmekde maýa goýumlaryň paýynyň depginli ösýändigini aýdyp, maýa goýum taslamalarynyň we bilelikdäki kärhanalaryň sanynyň köpelýändigine, daşary söwda dolanyşygynyň möçberiniň artýandygyna ünsi çekdi. Halkara ýagdaýlardaky çylşyrymly meýillere garamazdan, ýurdumyzda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilýär. Bu görkeziji şu ýylyň geçen on aýynyň jemleri boýunça 6,2 göterim boldy.
Türkmenistanyň halkara hukugyň kadalaryna laýyk getirilen kanunçylyk binýadynyň daşary ýurt maýa goýujylaryny çekmekde uly orun eýeleýändigini belläp, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda salgyt salmak, maýa goýumlar, erkin telekeçilik babatda netijeli kanunlaryň kabul edilendigini nygtady.
Türkmenistanyň maliýe ulgamynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin hem täsirli çäreler görüldi. Ilkinji nobatda, walýutanyň hümmeti düzgünleşdirilip, milli manat berkidildi. Türkmen bazarynyň özüne çekijiliginiň köp derejede ýurtdaky jemgyýetçilik-syýasy durnuklylyk, döwlet institutlarynyň sazlaşykly işi bilen şertlenýändigini aýdyp, hormatly Arkadagymyz häzirki döwürde ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň, ýokary goşulan bahasy bolan harytlary öndürmäge kem-kemden geçmegiň geçirilýän özgertmeleriň möhüm wezipeleri bolup durýandygyny belledi.
Şeýle-de innowasion önümçilikleriň paýyny artdyrmak, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak zerur strategik wezipelerdir. Biz bu wezipeleri iň gowy dünýä tejribesini ulanyp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklarymyza daýanyp we kooperasiýanyň täze ýollaryny açmak arkaly çözmegi göz öňünde tutýarys. Şol hyzmatdaşlarymyzyň arasynda Koreýa Respublikasyna mynasyp orun berýäris diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
Koreýa Respublikasy Türkmenistanyň maýa goýum babatda işjeň hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 11 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 13 sany maýa goýum taslamasy hasaba alyndy. Iň iri “Hyundai Corporation”, “LX International Corp.”, “Daewoo Engineering and Construction” koreý kompaniýalary türkmen bazarynyň örän möhüm ulag, gaz we himiýa senagaty hem-de ençeme beýleki pudaklarynda köp wagtdan bäri üstünlikli işläp gelýärler. Biz şeýle hyzmatdaşlygy goldaýarys we geljekde-de höweslendireris hem-de goldarys. Dünýäde iň iri ýataklaryň biri bolan “Galkynyş” käninde gazy gaýtadan işlemek boýunça türkmen-koreý hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürilýär diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy kanagatlanma bilen belledi. Türkmenistanyň günbatarynda polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurluşygyny, ýol hereketiniň howpsuzlyk ulgamlaryny gurnamagy hem-de konsultatiw hyzmat etmegi «LX International Corp.» kompaniýasynyň gatnaşmagynda üstünlikli tamamlanan iri taslamalaryň hatarynda görkezmek bolar.
Awtoulag ulgamynda örän netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Häzire çenli Koreýa Respublikasyndan Türkmenistana 2 müňe golaý ýeňil awtoulag we ýolagçy awtobuslary iberildi diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy hem-de koreý awtomobil tehnikasynyň we enjamlarynyň satyn alynýan möçberini artdyrmaga ýurdumyzyň taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda bu meseläniň ara alnyp maslahatlaşylýandygy bellenildi. Gürrüň köp adama niýetlenen awtobuslaryň we ýeňil awtoulaglaryň täze, uly tapgyry barada barýar.
Şunuň bilen birlikde, ylmy köp talap edýän pudaklarda, şol sanda telekommunikasiýa we kosmos ugurlarynda, suwy süýjetmek boýunça taslamalary amala aşyrmakda bilelikde işlemek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Türkmen şäherleriniň täze keşbini döretmekde hem Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz häzirki wagtda Türkmenistanda örän iri şähergurluşyk taslamasynyň — Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygynyň tamamlanyp barýandygyny aýtdy. Bu toplum özüniň tehniki we tehnologik häsiýeti boýunça köp babatda özboluşlydyr, düýbünden täze ölçeglere esaslanýan «akylly» şäheriň nusgasydyr. Mundan başga-da, ýene bir örän iri «Aşgabat-siti» taslamasy durmuşa geçirilip başlandy. Bu taslama onlarça müň adam üçin oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň, sowma ulag ýollarynyň, giň ekologik zolaklaryň, ilatyň dynç alyş hem-de aň-bilim merkezleriniň gurluşygyny göz öňünde tutýar.
Biz «Daewoo Engineering and Construction» kompaniýasynyň bu taslamany amala aşyrmaga gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini bilýäris hem-de onuň meýillerini goldaýarys diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda iň täze tehnologiýalar we dolandyryş çözgütleri esasynda şäher gurluşygyny döwrebaplaşdyrmak işinde hyzmatdaşlyk etmäge beýleki koreý kompaniýalaryny hem çagyrdy.
Köpýyllyk hyzmatdaşlygyň anyk netijeleri barada aýdyp, Gahryman Arkadagymyz iki tarapyň mümkinçilikleriniň has-da netijeli ulanylyp bilinjekdigini, munuň, ozaly bilen, Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmagy, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmegi öz içine alýandygyny, energetika, ulag, kommunikasiýa ulgamlarynda iri milli we halkara üpjünçilik taslamalaryny amala aşyrmagy göz öňünde tutýandygyny belledi. Koreýaly hyzmatdaşlaryň Türkmenistanda döwrebap ulag üpjünçilik ulgamlaryny, hususan-da, demir ýol üpjünçilik ulgamlaryny döretmek taslamalaryna gatnaşmak mümkinçiligini öwrenmegiň zerurdygyna ünsi çekip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça Aziýanyň, Ýewropanyň hem-de Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna çykmak bilen, sebitara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek babatda hyzmatdaşlygyň ähmiýetlidigini nygtady.
Häzirki wagtda Türkmenistan deňiz gatnawlarynyň üpjünçilik ulgamlaryny işjeň ösdürýär. 2018-nji ýylda Hazar deňziniň kenaryndaky Türkmenbaşy portuny gurmak we döwrebaplaşdyrmak işi tamamlandy. Bu port tutuş yklym ähmiýetli örän uly ulag çatryklarynyň birine öwrüldi. Portuň logistik mümkinçilikleriniň ulanylmagynyň Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde durnukly hyzmatdaşlygy giňeltmek we berkitmek isleýän koreý işewürler toparlary üçin özüne çekiji boljakdygyna ynanýaryn diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Saglygy goraýyş, agrosenagat toplumy, elektroenergetika, syýahatçylyk hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, koreýaly hyzmatdaşlaryň bu ulgamlary döwrebaplaşdyrmak, häzirki zaman gurallary bilen enjamlaşdyrmak, täze dolandyryş usullaryny we çözgütlerini ornaşdyrmak işlerine gatnaşmak mümkinçiliklerini öwrenmekleriniň zerurdygyna üns çekildi. Ykdysadyýetiň binýatlaýyn pudaklaryndan başga-da, Türkmenistan häzir geljegi uly bolan ýokary tehnologiýaly aragatnaşyk, telekommunikasiýa, informatika we kosmonawtika ulgamlaryny hem işjeň ösdürýär. Bu ugurlarda-da özara bähbitli, netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyna ynanýaryn diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Koreýa Respublikasynyň häzirki döwürde dünýäniň iň iri maliýe merkezleriniň biridigini belläp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy maliýe ulgamyny, maliýe-karz edaralaryny, ätiýaçlandyryş kompaniýalaryny we biržalary döretmek we işletmek boýunça Günorta Koreýanyň üstünlikli tejribesiniň biziň üçin örän gyzyklydygyny aýtdy.
Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy jemi içerki önümiň möçberinde hususy pudagyň kärhanalarynyň paýyny tapgyrlaýyn artdyrmagy göz öňünde tutýar. 2008-nji ýylda döredilen ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi häzirki döwürde kuwwatly işewürler birleşmesi bolmak bilen, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň birnäçesinde iş alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, biz işewürlik alyşmalaryny işjeňleşdirmegi, ol ýa-da beýleki taslamalara gatnaşmak mümkinçiligini öwrenmek üçin işewürler toparlarynyň we kompaniýalaryň ýurdumyzda geçirilýän sergilere, ýarmarkalara gatnaşmaklaryny, telekeçileriň maksatly saparlarynyň guralmagyny möhüm hasaplaýarys diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Türkmenistan Koreýa Respublikasyna özüniň ileri tutýan ykdysady hyzmatdaşy hökmünde garaýar. Bu ýurt bilen uzak möhletli, strategik geljege gönükdirilen gatnaşyklary ýola goýmagy maksat edinýär. Häzirki döwürde açylýan hakyky mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça giň hem-de gyzyklanma döredýän gatnaşyklara taýýardygyny aýtdy. Şeýle çemeleşme ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan we geljegi uly ugurlary baradaky garaýyşlarda hem, ählumumy ykdysady ösüş meýilleri baradaky garaýyşlarda hem özara düşünişmegiň has äşgärdigi bilen şertlendirilýär. Men bu duşuşyga Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň biziň ýurdumyz bilen ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda täze möhüm ädim hökmünde baha berýärin. Onuň çäklerinde geljekde bilelikde iş alyp barmak üçin oňyn esas boljak ençeme möhüm resminamalara gol çekiler diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Häzirki sapar we geçirilen duşuşyklar koreýaly hyzmatdaşlarymyzyň Türkmenistan bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek meýilleriniň hakykydygyna hem-de esaslydygyna ynamymyzy tassyklaýar. Bu bolsa türkmen tarapyndan doly goldanylýar we bilelikde işlemäge taýýarlygy alamatlandyrýar. Bellenilişi ýaly, koreý işewürliginiň Türkmenistanda netijeli işlemegi üçin amatly şertler dörediler.
Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ägirt uly ikitaraplaýyn mümkinçiliklere laýyk gelýän giň we doly bahaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, türkmen-koreý işewürlik hyzmatdaşlygyna gatnaşyjylara alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.
Soňra duşuşyga gatnaşýan öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Olar Koreýa Respublikasyna resmi saparyň çäklerinde duşuşmaga wagt tapandygy üçin Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn işewürlik hyzmatdaşlygy yzygiderli häsiýete eýedir. Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistanda şähergurluşyk maksatnamalaryny hem-de “akylly” şäher konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Günorta Koreýanyň işewürleri nebitgaz senagatyny ösdürmek hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak meseleleriniň wajypdygyny göz öňünde tutup, türkmen tarapy bilen bu ulgamda gazanan tejribelerini paýlaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.
Ulag-logistika ulgamyndaky gatnaşyklar hem täze derejä çykýar. Awtomobil senagatynyň dünýä görkezijisinde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän koreý kompaniýalary ýurdumyzda öz önümlerini hödürlemäge, tehniki hyzmatlaryň täze görnüşlerini ornaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Häzirki döwürde bank-maliýe ulgamynda döwletara gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär. Şunuň bilen baglylykda, degişli derejede gepleşikleriň birnäçesi geçirildi we özara bähbitli ylalaşyklar gazanyldy. Bu ulgamdaky öňegidişlikler iki ýurduň ykdysady ösüşine degişli möhüm wezipeleri üstünlikli çözmäge mümkinçilik berer.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge hem uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, Koreýa Respublikasynyň iri ugurdaş kompaniýalarynyň gatnaşmagynda tebigy gazdan ekologik taýdan arassa ýangyjy çykarýan toplumyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna girişilmegi derwaýys hasaplanylýar.
Ylym-bilim ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, öňdebaryjy koreý ýokary okuw mekdepleriniň Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly meselelere örän jogapkärli çemeleşýändikleri nygtaldy. Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek bilen baglylykda, saglygy goraýyş edaralarynyň tehnologik üpjünçiligi, lukmanlaryň hünärini ýokarlandyrmak işinde tejribe alyşmak meselelerine deglip geçildi.
Türkmenistan sazlaşykly ösüş ýoluna düşen, okgunly ösýän ykdysadyýetli ýurtdur. Şulary we netijeli işlemek üçin bar bolan amatly şertleri nazara almak bilen, türkmen bazary daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin özüne çekijidir diýip, çykyş edenler nygtadylar.
Soňra iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň we işewür toparlarynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Koreýanyň halkara söwda assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy bilen “Hyundai Corporation” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentligi bilen “Hyundai Corporation” kompaniýasynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlygy giňeltmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen “Hyundai Corporation” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Koreýa Respublikasynyň “Hyundai Engineering” kompaniýasynyň arasynda Balkan welaýatynda ammiak we karbamid öndürýän zawodyň taslamasyny düzmek, enjamlary bilen üpjün etmek we gurmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Daewoo Engineering and Construction” kompaniýasy bilen gizlinlik hakynda Ylalaşyk we özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
Ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, Koreýanyň halkara söwda assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Koreýa Respublikasynyň işewür düzümleriniň wekilleriniň adyndan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna geçirilen duşuşyk hem-de çuň manyly çykyşy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Jenap Kristofer Ku şu günki duşuşygyň döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara işlerinde ýene-de bir gezek üstünlik arzuw etdi.
Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy “Daewoo Engineering and Construction” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Juň Won-Ju bilen duşuşdy. Duşuşykda kompaniýanyň şähergurluşyk maksatnamalaryny amala aşyrmaga gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň hem-de Koreýa Respublikasynyň iri şäherleriniň bu ugurda toplan tejribeleriniň ulanylmagynyň iki tarapa hem peýdaly boljakdygy bellenildi.
Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň hem-de paýtagtymyzyň ýanaşyk çäkleriniň desgalarynyň gurluşygynda sanly ulgamlaryň we “akylly” şäher tehnologiýalarynyň ulanylmagyna aýratyn üns berildi. Bu babatda Koreýa Respublikasynyň bu ulgamda ýöriteleşdirilen öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem “Hyundai Engineering” kompaniýasynyň Baş direktory Hoň Hýon Suň we “LX International Corp.” kompaniýasynyň prezidenti Ýun Çun Sun bilen duşuşdy.
Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, hususan-da, ýangyç-energetika toplumynda, gazhimiýa, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işleýän senagatda hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. Hut şoňa görä-de, şu saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary degişli ugurdaş düzümler bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirýärler. Koreýaly kärdeşlerini Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işi bilen tanyşdyrdylar we olaryň şu kärhananyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygyna gatnaşmagynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy şeýle taslamalar durmuşa geçirilende, ekologik taýdan arassa hem-de dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän önümleri öndürmäge aýratyn üns berilýändigini belledi. Şeýle-de daşky gurşawyň goralmagyny üpjün etmek boýunça wezipeleriň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegine uly ähmiýet berilýär.
Işewürler koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanda işlemegi üçin ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, meýilleşdirilen taslamalary, şol sanda nebitgaz we himiýa senagatynda, ýangyç-energetika serişdelerini gaýtadan işlemekde taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, “Hyundai Engineering” hem-de “LX International Corp.” kompaniýalary üçin geljegi uly türkmen bazarynda işlemegiň we giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmäge goşant goşmagyň uly hormatdygy nygtaldy.
Koreýa Respublikasyna resmi sapary tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Watanymyza ugrady.
                                            ***
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalarynyň dostlukly ýurduň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi. Olaryň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygynyň Koreýanyň eksport-import bankynyň ýolbaşçysy, “Ksure” karzlary ätiýaçlandyryş guramasynyň wise-prezidenti, “BAI Energy” korporasiýasynyň başlygy bilen geçiren gepleşiklerinde ýurdumyzyň gazhimiýa pudagyna maýa goýum serişdelerini çekmek boýunça pikir alşyldy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygynyň “Hyundai Engineering”, “Jies” koreý kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Koreýa Respublikasynyň welaýatlarynyň biriniň häkimi bilen geçiren duşuşygynda şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek, “akylly” şäher konsepsiýasynyň wezipelerini çözmek hem-de Türkmenistanda bu ulgamda başy başlanan taslamalara gatnaşmagyň geljegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.