Türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri giňeldilýär

«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän 2022-nji ýyl Türkmenistanyň dünýä döwletleriniň 60-dan gowragy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýyly hökmünde hem aýratyn mana eýedir. Şol dostlukly ýurtlaryň hatarynda Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde ygtybarly hyzmatdaşlarymyzyň biri hasaplanýan Koreýa Respublikasy hem bar. Şunda ýylyň dowamynda diplomatik gatnaşyklaryň şanly senesi mynasybetli türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga ýardam berjek çäreleriň birnäçesiniň geçirilendigini bellemek gerek. Munuň özi taraplaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmek, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak babatda hemmetaraplaýyn tagalla edýändigini ýene bir ýola açyp görkezýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýuldy. Geçen taryhy döwürde däp bolan türkmen-koreý hyzmatdaşlygy, iki ýurduň mümkinçiliklerine we häzirki döwrüň meýillerine laýyklykda ileri tutulýan ugurlar boýunça yzygiderli ösdürildi. Şunda türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda döredilen Türkmen-koreý işewürlik geňeşiniň hem-de Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň işiniň uzak möhletleýin, özara bähbitli esasda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegi üçin möhüm gurallar bolup hyzmat edýändigini nygtamak gerek. Şeýle-de biziň ýurtlarymyz köptaraplaýyn esasda, şol sanda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» görnüşinde netijeli gatnaşyklary saklaýarlar.
Türkmenistan we Koreýa Respublikasy ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýärler. Türkmen bazarynda ödebaryjy koreý kompaniýalarynyň alyp barýan netijeli işleri munuň aýdyň mysalydyr. Koreý kompaniýalary bilen bilelikde birnäçe möhüm taslamalar, şol sanda «Galkynyş» gaz käninde tebigy gazy kükürt bilen arassalaýan zawody gurmak, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmak, Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny gurmak boýunça taslamalar amala aşyryldy. Şunda Gyýanlydaky gazhimiýa toplumy biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky üstünlikli ykdysady hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşany hasaplanýar. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik ulaglarynyň aglaba bölegini Koreýa Respublikasynda öndürilen awtobuslardyr awtoulaglaryň düzýändigini gündelik durmuşymyzda görmek bolýar.
Türkmen-koreý gatnaşyklarynyň depginli ösüşiniň diňe bir iki döwletiň ykdysady bähbitlerine esaslanman, eýsem, milli ösüşde ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň eýeleýän ornuna çuňňur düşünilmegine hem esaslanýandygy aýratyn üns çekilmeli ýagdaýdyr. Ýurtlarymyzyň geografik taýdan uzak aralykda ýerleşendigine garamazdan, türkmen we koreý halklary umumy dil tapyşmagy başarýarlar. Iki ýurtda birek-biregiň diline, özboluşly medeniýetine uly hormat goýulýar. Şu ýylyň 7-nji fewralynda — diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygynyň bellenilen gününde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň koreý dilindäki neşiriniň çapdan çykmagy hem munuň şeýledigini doly tassyklaýar. Şu mynasybetli Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda onlaýn usulda çykyş eden dostlukly ýurduň wekilleri bu neşiriň koreý kitap muşdaklaryny Türkmenistanyň şöhratly taryhy, baý medeniýeti, ruhy gymmatlyklary, döwletlilik ýörelgeleri bilen tanyşdyrmaga giň mümkinçilik berjekdigini biragyzdan nygtapdylar.
Ýeri gelende bellesek, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 2008-nji ýyldan bäri koreý dili we edebiýaty hünäri boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar. Şeýle-de bu bilim ojagynyň binýadynda Patyşa Sejong instituty gaznasynyň koreý dilini we medeniýetini öwreniş okuw merkezi üstünlikli hereket edýär. Türkmenistanly talyplaryň Koreýa Respublikasynyň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin zerur şertleriň döredilýändigi-de döwletara hyzmatdaşlykda medeni-ynsanperwer ulgama möhüm ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär.
Şu ýylyň noýabr aýynyň başynda geçirilen Koreý medeniýetiniň Türkmenistandaky günleri hem iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk şanly senesine bagyşlandy. Ýörite taýýarlanan maksatnama laýyklykda, paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda koreý kinosynyň festiwaly, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda koreý milli aşhanasynyň meşhur tagamlarynyň tanyşdyrylyşy, «hanbok» lybasynyň görkezilişi, Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň hem-de «Gugak» koreý kwartetiniň bilelikdäki konserti geçirildi. Ýurdumyzyň Medeniýet, Bilim ministrlikleriniň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň goldaw bermeginde Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan bu medeni çäräniň maksady iki dostlukly halkyň arasynda ynanyşmagy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga goşant goşmakdan ybarat boldy. Medeni baýramçylygyň çäklerinde koreý dilini öwrenýän talyplar, koreý halkynyň gündelik durmuşy bilen gyzyklanýan paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlary dostlukly halkyň köpöwüşginli medeniýeti, özboluşly däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Umuman, şeýle medeni çäreleriň yzygiderli guralmagy halklary birek-birek bilen has-da ýakynlaşdyrmakda, dostluk köprüleriniň binýadyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Aýgül RAHYMOWA.
“Türkmenistan”.