Özbegistanyň halk şahyry Mahmud Toiriň «Sallançakdan gözbaş alýar özbek-türkmen dostlugy» diýen setir bilen başlanýan şygry tüýs ýerine düşüpdir diýdirýär. Bu gün Aşgabatda «Daşkent», Daşkentde bolsa «Aşgabat» seýilgähleri, türkmen paýtagtynda Nowaýynyň, özbek paýtagtynda Pyragynyň adyny göterýän köçeler bar. Bularyň bary iki ýurduň özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, täze derejelere çykarmaga gönükdirilen tagallalarynyň güwäsidir. Bu iki ýurduň Liderleriniň taglymatlary mazmun taýdan kybapdaş pikir-garaýşa esaslanýar. Bitarap Türkmenistan «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgeler bilen dünýä ýaň salýan bolsa, Özbegistan «Ähli zat ynsan gadyry üçin», «Täze Özbegistanda il eziz, ynsan eziz» diýen şygarlar bilen öňe barýar.
Şu ýylyň 20-21-nji oktýabrynda Özbegistanyň Prezidentiniň ýurdumyza resmi saparynyň dowamynda geçirilen türkmen-özbek gepleşikleri, iki doganlyk ýurduň döwlet Baştutanlarynyň duşuşyklary özara gatnaşyklary has-da ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim boldy. Gepleşikleriň netijesinde gazanylan 10-dan gowrak ylalaşyklar döwletara gatnaşyklary, şeýle hem 2017-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamada esaslandyrylan ýörelgeleri, Arkadagly Serdarymyzyň 14-15-nji iýuldaky bu goňşy ýurda döwlet saparynyň dowamynda gol çekilen resminamalary täze belentliklere çykarmakda giň gerimliligi, beýik maksatlara gönükdirilendigi, şonuň ýaly hem halkara ähmiýetliligi bilen tapawutlanýar. Olaryň arasynda medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, muzeý hem teatr, kitaphana, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, kinematografiýa işleri ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge niýetlenen ikitaraplaýyn resminamalaryň uly orun tutýandygy has-da bellärliklidir. Geljek ýylda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli özara Medeniýet hem kino günlerini geçirmek hakyndaky ylalaşygyň gazanylmagy aýratyn ähmiýete eýedir.
Şu ýerde türkmen-özbek dostlugynyň gül açmagynda Gahryman Arkadagymyzyň abyrsyz uly goşandynyň bardygyny bellemelidiris. 2018-nji ýylda hormatly Arkadagymyzyň dostlukly ýurda sapary mahalynda Horezm welaýatynyň Ürgenç şäheriniň Türkmenler mähellesinde Türkmen-özbek dostluk öýüniň açylyp ulanmaga berilmegi iki halkyň durmuşynda ýatdan çykmajak waka boldy.
Özbegistanda ýaşaýan türkmen watandaşlarymyz, olaryň medeni durmuşy hakynda söz açmak aýratyn ýakymly. Häzirki wagtda türkmenler Özbegistanyň Horezm, Buhara, Samarkant, Kaşgaderýa, Daşkent welaýatlarynda we Garagalpagystanda kowçum bolup ýaşaýarlar. Özbek şäherlerindäki türkmen ýerleri hakynda aýtsak, Daşkentde Türkmen bazary, Hywada Türkmen derwezesi, Nowaýyda Türkmen köçesi, Samarkantda bolsa Türkmengyşlak obasy, Türkmenköl atly mähelle bar. Bu ýerlerdäki türkmenler ýurduň halk hojalygynyň ähli ugurlarynda zähmet çekýärler. Respublikanyň çäklerinde ýaşaýan türkmenleriň arasynda döwrüň meşhur alymlarydyr suratkeşleri, sungat işgärleridir beýleki döredijilik wekilleriniň hem bardygyny aýtmak zerurdyr. Türkmen dilinde okadylýan mekdepleriň 44-si bolup, 15-sinde okuwlar hem türkmen, hem özbek dillerinde alnyp barylýar. Garagalpagystanyň Nukus Döwlet uniwersitetinde türkmen filologiýasy fakulteti, Ajiniýaz adyndaky Nukus mugallymçylyk institutynda türkmen dili boýunça başlangyç synp mugallymlaryny taýýarlaýan fakultet iş alyp barýar.
Özbegistanda türkmen medeniýetini, däp-dessurlaryny, dilini, edebiýatyny ýaýmakda we ösdürmekde ýurtdaky türkmen milli medeni merkezlerine uly orun degişlidir. Olaryň işi dostluk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Garagalpagystandaky şeýle merkezleriň biri 2002-nji ýyldan bäri Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzasy hasaplanýar. Onuň edara binasynda ýurtda türkmen dilinde çykarylýan ýeke-täk neşir bolan «Mekan» gazetiniň redaksiýasy we türkmen dilindäki edebiýatlaryň giň toplumyny öz içine alýan baý kitaphana bar. Iki ýurduň arasyndaky ysnyşykly gatnaşyklara degişli mysallary isläniňçe getirmek mümkin.
Goňşy ýurtda Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne eserleriniň aglabasy özbek diline terjime edilip, okyjylara ýetirildi. Beýik akyldar Magtymgulynyň, köp sanly türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň eserleriniň özbek dilinde çap edilip ýaýradylmagy, akyldar Pyragynyň şygyrlarynyň çuň many-mazmunynyň özbegistanly edebiýatçy alymlar tarapyndan içgin öwrenilýändigi nygtalmaga mynasypdyr.
Özbekde Alpamyş, türkmende Görogly ýaly halk gahrymanlary, Baýçibar, Gyrat ýaly wepadar bedewler, iki milletiň Nowaýy, Magtymguly diýen söz ussatlary ruhy kuýaş bolup ýalkym salyp dur.
«Muhabbet jamlary dostuň elinden,
Häzir bol, içiler çagdyr bu çaglar...»
Hezreti Magtymgulynyň türkmeniň kalbyny, dostanalygyny beýan edýän bu setirleri, nesip bolsa, ýakyn günlerde, ýagny 16-17-nji noýabrda Daşoguz şäherinde geçiriljek türkmen-özbek dostluk festiwalynyň mysalynda hem aýdyň ýüze çykar. Arkadagly Serdarymyzyň başlangyjy bilen guralýan döwletara forumyň asyrlarboýy bu goňşy ýurt bilen serhetleşýän, ilatynyň düzüminde köp sanly özbek milletiniň hem wekilleri ýaşaýan Daşoguz ilinde geçirilmeginde uly many bar. Mundan ozalam iki döwletiň Prezidentleriniň gatnaşmagynda 2007-nji ýylda Aşgabatda, 2009-njy ýylda Daşkentde we Buharada, 2010-njy ýylda Daşoguzda, 2017-nji ýylda Türkmenabatda, 2018-nji ýylyň aprelinde Ürgençde, 2021-nji ýylyň oktýabrynda Daşkentde guralan bilelikdäki türkmen-özbek dostluk konsertleri, 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Özbegistandaky Medeniýet günleri, 2017-nji ýylda Türkmenistanda geçirilen Özbegistanyň Medeniýet günleri uly üstünliklere beslendi. Bir söz bilen aýdylanda, türkmen-özbek halklarynyň köňüldeşligi täze taryhy eýýamda döwlet Baştutanlarynyň taýsyz tagallalary netijesinde has-da berkeýär.
Toýly MUHAMMETDURDYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.