Türki Döwletleriň Guramasy: kuwwatly kökler, umumy gymmatlyklar

Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistan Respublikasyna iş sapary barada söhbet
Parasatly pederler «Arzuw-dilegleriňize hökman tutuş syrgynyňyz, töwerek-daşyňyz, il-günüňiz baradaky dilegleri hem gatyň! Şonda sözleriň gymmaty, dilegleriň hümmeti artyp, olaryň myrat tapmagy has ýakyna geler» diýip pent edipdirler. Bu düşünje tutuş ýurduň, tükel halkyň bardykça rowaçlanmagynyň hikmetini aňlatmaga hem ukyplydyr, aň edip otursaň. Diňe özüniň däl, özgeleriň hem bähbidini nazara alyp iş tutýan, töweregi bilen sazlaşykly ädim urýan ýurduň, goňşulary bilen arkalaşykly ýaşaýan halkyň rysgaly zyýat, döwleti abatdyr.
Häzirki döwürde dünýäniň 151 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan, 134 ýurt bilen ykdysady hyzmatdaşlyk saklaýan, halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolan Bitarap Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyna hem hut şu ýörelge mahsusdyr. Döwletimiziň bähbitleriň deňeçerligine esaslanýan giň gerimli gatnaşyklary bolsa, öňi bilen, sebitleýin hyzmatdaşlykdan gözbaş alýar.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 11-nji noýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine amala aşyran iş sapary bu köpugurly hyzmatdaşlygyň jähetleri hakynda pikir öwürmäge, onuň oňyn netijelerine göz ýetirmäge esas berýär.
Köpugurly hyzmatdaşlygyň nusgasy
Çeşmäniň gudratynyň durulygynda, derýanyň kuwwatynyň joşgunynda, deňziň güýjüniň çuňlugynda bolşy ýaly, Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň berkligi-de olaryň halklarynyň taryhy ýakynlygyndadyr, ruhy-ahlak ýörelgelerindedir, mizemez dost-doganlygyndadyr. Kuwwatly kökler, umumy gymmatlyklar özara bähbitli maksatlaryň hatyrasyna birleşmek, geljek hakyndaky aladalarda üstünlikli netijä gelmek üçin zerur bolan şertleri döredýär.
Umumy meýdany 4,8 million inedördül kilometre deň bolan giňişlikde türki dünýäniň 170 milliondan agdyk ilatyny özünde jemleýän bu guramanyň agza döwletleri amatly geografik ýerleşişe, uly ykdysady kuwwata eýedir. Bu ýurtlarda tebigy baýlyklaryň, şol sanda çig mallaryň dürli görnüşleriniň, metal magdanlarynyň, reňkli we gymmat bahaly metallaryň, energetika serişdeleriniň ummasyz gorlary bar.
Ozal Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi bolanlygyndan, geçen ýylyň noýabrynda “Türki Döwletleriň Guramasy” diýlip atlandyrylan bu abraýly düzümiň işine Türkmenistanyň synçy hökmünde gatnaşýandygy hakynda çözgüdiň kabul edilmegi agza ýurtlar bilen köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boldy.
Gurama 13 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda türki döwletleriň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly goşant goşdy. Ol öz işini döwlet Baştutanlarynyň Geňeşi, daşary işler ministrleriniň Geňeşi, Ýaşulular geňeşi arkaly alyp barýar. Türki akademiýa, Türki medeniýetiň we mirasyň halkara gaznasy, Türki Söwda-senagat edarasy ýaly düzümleriň işiniň ýola goýulmagy hem türki döwletleriň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga, özara goşulyşmagy üpjün etmäge gönükdirilendir.
Dünýä ýurtlarynyň 15-siniň gurama doly hukukly ýa-da synçy derejesinde gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigi-de häzirki wagtda Türki Döwletleriň Guramasynyň has özüne çekiji birleşmä öwrülýändigine aýdyň delildir. Soňky üç ýylyň dowamynda guramanyň ýokary derejeli sammitleriniň 5-siniň geçirilendigi türki giňişlikde gatnaşyklaryň barha işjeňleşýändigini, özara gyzyklanmalaryň barha artýandygyny tassyklaýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol sammitlere yzygiderli gatnaşyp, bu guramanyň işini anyk ugurlarda işjeňleşdirmek bilen bagly birnäçe teklipleri öňe sürdi. Gahryman Arkadagymyzyň, ynha, Samarkant sammitinde Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglanylmagy hem uzak ýyllaryň dowamynda türki dünýäniň ösüşine, doganlyk halklary has-da ýakynlaşdyrmaga, geljegiň täze çelgilerini tapmaga goşan şahsy goşandynyň ykrar edilmeginiň aýdyň güwäsidir, şol bir wagtyň özünde-de türkmen döwletiniň “Ösüş arkaly parahatçylyk” ýörelgesine berlen belent bahadyr.
 
Möhüm teklipler, wajyp başlangyçlar
“Türki siwilizasiýanyň täze eýýamy: umumy ösüşiň we abadançylygyň ýolunda” şygary astynda geçirilen ýokary derejeli Samarkant duşuşygynda ilkinji nobatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi. Gahryman Arkadagymyz çuň manyly çykyş edip, bu sammitiň ýurtlarymyzyň ykdysady, söwda, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Çykyşda Ýewraziýanyň birnäçe sebitlerinde emele gelýän syýasy ýagdaýyň örän oýlanyşykly, anyk we düýpli baha bermegi hem-de degişli çäreleri görmegi talap edýändigine üns çekildi.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly Kararnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagy, 2025-nji ýyly «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi ileri tutýar we bu teklipleriň türki döwletler tarapyndan hem goldanyljakdygyna ynam bildirýär.
Häzirki döwürde halkara hyzmatdaşlykda has üns berilmäge, özbaşdak ösdürilmäge degişli ugurlar güberçekläp öňe çykýar. Ylaýta-da, sebitiň howpsuzlygy, ekologiýanyň goraglylygy, energiýa geçirijileriň howpsuzlygy, ulag arabaglanyşygyny berkitmek we beýleki ugurlaryň ösdürilmegi ählumumy derwaýyslyk bolup durýar. Şu ugurlarda dogry çözgütleriň kabul edilip, hereketleriň ilerlemegi hem, öňi bilen, sebitiň we ýakyndaky ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň netijeliligine esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda halkara terrorçylyga, ekstremizme, kiber-biologik jenaýatçylyga garşy netijeli göreşmegi, owgan meselesinde bilelikde iş alyp barmagy, söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegi, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagy we diwersifikasiýa etmegi, senagat kooperasiýasyny, ýurtlarymyzyň önümçilik, tehnologik kuwwatyny birleşdirmegi, bilelikdäki iri üpjünçilik taslamalaryny amala aşyrmagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi.
Ykdysady mümkinçiliklerden işjeň peýdalanyp
Ykdysady ugur ählumumy ösüşi ilerletmegiň möhüm şerti bolmagynda galýar. Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda türki dünýäde toplanan bilelikdäki tejribä daýanyp, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna zerur bolan itergi bermek, işewürlik bileleşikleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny döretmek, şeýle hem ýurtlaryň çäklerinde taslamalary amala aşyrmak üçin bilelikdäki maýa goýumlary höweslendirmek, ahyrky netijede, döwletleriň ykdysady mümkinçiliklerini ýokary netije almak üçin peýdalanmak babatda möhüm garaýyşlarydyr anyk teklipleri öňe sürdi. Statistiki maglumatlar bolsa türki giňişlikdäki ykdysady mümkinçilikleriň uludygyny tassyklaýar.
Käbir maglumatlara ýüzleneliň! Häzirki wagtda Türki Döwletleriň Guramasynyň ýurtlarynyň jemi içerki önüminiň möçberi 1,2 trillion amerikan dollaryndan geçýär. Munuň özi dünýä jemi içerki önüminiň 1,5 göterimine, Aziýa yklymynyň jemi içerki önüminiň 5,5 göterimine deňdir. 2021-nji ýylda TDG-niň agza we synçy ýurtlarynyň jemi içerki önümi pul serişdelerinde 1,4 trillion amerikan dollaryna, satyn alyş kuwwaty boýunça bolsa 4,5 trillion amerikan dollaryna golaý boldy. Gurama gatnaşyjy döwletleriň 2021-nji ýyldaky daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 974,4 milliard amerikan dollaryna deň bolup, onuň 465,7 milliard amerikan dollary eksportyň, 508,7 milliard amerikan dollary bolsa importyň paýyna düşýär. Ykdysatçylaryň bahalandyrmalaryna görä, bar bolan mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmegi bilen, türki dünýäniň ýurtlarynyň haryt dolanyşygynyň möçberini geljekde ýüzlerçe milliard amerikan dollaryna ýetirip bolar.
Samarkant sammitinde TDG-ä agza ýurtlaryň arasynda söwdany ýeňilleşdirmek, ýeňilleşdirilen gümrük geçelgelerini döretmek, Türki maýa goýum gaznasyny esaslandyrmak bilen bagly möhüm ylalaşyklaryň gazanylmagy ykdysady ösüşe gönükdirilen tagallalaryň barha işjeňleşýändigini, şunda täze gözýetimleriň açylýandygyny tassyklaýar.

Sözledigim türki zyban...
...Sammite gatnaşan wekiliýet Baştutanlarynyň her biri öz döwlet dilinde çykyş etdi. Türkmen, türk, azerbaýjan, özbek, gazak, gyrgyz dillerindäki çykyşlary diňläp, halklary birleşdirip duran mukaddes gymmatlyk barada çynlakaý oýlara berilýärsiň.
Türki dil! Çar tarapda, ýedi yklymda — uç-gyraksyz giňişlikde, takmynan, 220 million adamyň gürleşýän dili. Jahanyň ýörgünli dilleriniň ilkinji bäşliginden orunly dil. Demirgazyk buzly ummanyň çapgyn ýelli meýdanlarynda, Ýuwaş ummanyň giň kenarlarynda, Altaý, Týanşan daglarynyň eteklerinde, Aziýa sähralarynda, Kawkaz, Balkan bag-bakjalarynda bu şirin dilde adamlar biri-biri bilen gatnaşyk saklaýarlar, perzentlerini bu şirin dilde hüwdüleýärler. Symrug guşy kimin bu müňde bir öwüşginli, bu reňbe-reň dilde goşgy goşýarlar, aýdyma hiňlenýärler. Aşyklar biri-birine söýgi sözlerini aýdýarlar...
Türki diliň dünýäniň iň baý dilleriniň biri bolmagynda dürli döwürleriň söz ussatlarynyň, edebi şahsyýetleriň bitiren hyzmatlary abyrsyzdyr. Gahryman Arkadagymyz özüne Türki dünýäniň ýokary ordeniniň gowşurylmagy mynasybetli sözlän sözünde: “Bu gün biz ata-babalarymyzy tirsegine galdyrýarys. Biziň halklarymyzyň hersiniň geçmişde Nyzamy, Ýunus Emre, Abaý, Çingiz Aýtmatow ýaly beýik ogullary ýaşap geçdi. Häzirki günde hem şolaryň nesilleri hökmünde biz agzybirlik bilen asylly işleri amala aşyrýarys” diýip nygtady, Magtymguly Pyragynyň barha ýakynlaşýan 300 ýyllygynyň giň gerimli çärelerine türki döwletleriň hem işjeň gatnaşjakdygyna ynam bildirdi.
“Türkmen dilini ähli şiwesi-şiresi bilen öwrenen kişi türki dilleriň islendiginde kemsiz düşünişip-gürleşip biler. Türkmen dili — oguz dili türki dilleriň düýp esasyny düzýän dildir” diýip, dilçi alymlar tekrarlaýarlar. Türkmenistanyň başlangyjynyň goldanylmagy bilen, 2024-nji ýylyň türki giňişlikde beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýyly hökmünde yglan edilmegi söz ussadymyzyň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak bilen bir hatarda, türki dünýäniň töresi — gadymy türkmen halkynyň ruhy-edebi gymmatlyklarynyň halkara derejede wagyz edilmeginde-de uly ähmiýete eýedir. Şeýle hem şol ýyl Änew şäheri “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýen derejeli ady göterer.

Ýagşydan bag galar
“Bag — bakylyk”, “Ýagşydan bag galar” ýaly pähimler türki halklaryň ählisinde ýörgünli. Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdaky sammitine gatnaşan belent mertebeli myhmanlaryň Samarkant şäheriniň merkezinde ýerleşýän “Registan” meýdançasynda ýaş bag nahallaryny oturtmaklary sebitiň halklarynyň mizemez dostlugynyň we doganlygynyň nyşanyna öwrüldi. Şol wagt gurama gatnaşyjy ýurtlaryň ählisinde bag nahallaryny ekmek dabarasyna badalga berlip, olar göni wideoaragatnaşyk arkaly ýörite monitorda görkezildi. Şonda Köpetdagyň eteginde 25 gektar meýdanda 10 müň düýp bag nahalynyň ekilmegi bolsa ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ýaly asylly işe mynasyp goşant boldy.
Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň ählisi-de Türkmenistanyň gadyrly goňşulary, dost-doganlary. Ýurdumyz bu döwletler bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň baý tejribesini toplady. Samarkant sammitiniň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirip, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy, parlamentara gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygy berkitmekdäki wajyp ornuny belledi.
                                            ***
Umuman, doganlyk Özbegistanda geçirilen nobatdaky sammit, milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, pederlerimiziň «Gelen — döwlet», «Myhman ataňdan uly», «Kyýamat güni goňşudan» diýen pähimleriniň durmuş ýüzünde dabaralanmasyna öwrüldi. Samarkant saparynyň wakalary Gahryman Arkadagymyzyň türki halklaryň jebisligini saklamak işinde tagallalary birleşdirmegiň tarapdary bolup çykyş edýändigini ýene-de bir gezek dolulygyna açyp görkezdi.
Tutuşlygyna halkara ähmiýetli tagallalara beslenen, her pursady hasaply, örän işjeň geçen saparyny jemlemek bilen, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna bardy.
Gahryman Arkadagymyzyň 12-nji noýabrda Murgap jülgesinde ene ýerden döwlet tapan pagtaçy, gallaçy daýhanlaryň ekin meýdanlaryna baryp, olaryň armasyny ýetirmegi, galla önümleri kärhanasynda bolup, maslahat geçirmegi ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýuna ýaraşyk berdi. Dogrusy, munuň özi özbaşyna uly söhbet. Ýöne bir zady welin nygtamalydyrys: Arkadagymyzyň Samarkant saparynyň Mary topragyndaky ýürekdeş duşuşyklar bilen utgaşmagy türkmen döwletinde adamzat hakyndaky aladanyň adam baradaky aladadan, halkara derejedäki rowaçlygyň halkyň abadançylygyndan gözbaş alýandygyny ýene bir gezek kemsiz tassyklady. Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artmagynyň, mertebeli ornunyň yzygiderli pugtalanmagynyň düýp esasy-da şundadyr.
Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”. Aşgabat — Samarkant — Mary — Aşgabat.