Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ähli ugurlary bilen bir hatarda, ýurtda hereket edýän pul birligimiz bolan manadyň hümmetini durnukly derejede saklamagyň, onuň satyn alyjylyk ukybyny yzygiderli ýokarlandyrmagyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtaýar. Bu döwlet ähmiýetli wezipe köp sanly toplumlaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegini talap edýär.
Şunda, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan geçirilýän pul-karz syýasatynyň ýokary netijeliliginiň üpjün edilmegine wajyp orun degişli bolup durýar. Ikinjiden, manadyň, ýerli serişdeleriň hasabyna haryt üpjünçiligini ýokarlandyrmak, öndürilýän harytlaryň hilini gowulandyrmak, görnüşini köpeltmek, bahalarynyň elýeterliligini üpjün etmek möhüm bolup, ýurtda kadaly haryt-pul aýlanyşygynyň ýola goýulmagy şunuň bilen aýrylmaz baglydyr. Üçünjiden, nagt däl pul hasaplaşygynyň gerimini has-da giňeltmek maksady bilen, bank önümçiligine sanly ykdysadyýeti, innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy çaltlandyrmak, dördünjiden, halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, ony döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmek, karz gatnaşyklaryny giňeltmek, onuň täze görnüşlerini ulanmaga ünsi güýçlendirmek häzirki döwrüň talaplarynyň hatarynda durýar. Bäşinjiden, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyryp, onuň maksatnamalaýyn paýlanylyşyna aýratyn ähmiýet bermek zerurdyr. Munuň netijeleri pudaklaryň we sebitleriň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine, ilatyň iş üpjünçiliginiň ýokarlanmagyna, maşgala girdejileriniň artmagyna oňyn şert döredýär. Altynjydan, erkin ykdysady zolaklarda işiň guralyşyny kämilleşdirmäge, milli we dünýä bazarlaryna çykarylýan harytlaryň möçberini artdyrmaga, ýurda gelýän gyzyl puly köpeltmäge möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanda erkin ykdysady zolaklaryň milli bähbitlere we ykdysady mümkinçiliklere laýyk gelýän döwrebap görnüşlerini ösdürmek wezipesinden ugur alyp, bu ugurda toplanan dünýä tejribesini öwrenmek möhüm bolup durýar. Ýedinjiden, gymmatly kagyzlar bazarynyň yzygiderli ösdürilmegi zerur bolup, munuň özi maýa goýum işjeňliginiň ýokarlanmagyna, ilatyň pul girdejileriniň artmagyna getirýär.
Ýokarda agzalan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi ýurdumyzda hereket edýän milli puluň durnuklylygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, onuň satyn alyjylyk ukybyny ýokarlandyrmagyň, ösen bazar gatnaşyklaryna üstünlikli geçmäge ähli amatlyklaryň döredilmeginiň şerti bolup durýar.
Ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, senagatlaşdyrmak syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi manadyň durnuklylygyna gönüden-göni oňyn täsirini ýetirýär. Aýlyk zähmet haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň, pensiýalaryň, talyp we diňleýji haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy puluň durmuş-ykdysady ösüşdäki ornuny berkidýär.
Milli puluň işjeňlik derejesiniň we höweslendiriji häsiýetiniň kämilleşmegi onuň durnuklylygyny üpjün etmäge, hümmetini ýokarlandyrmaga, ykdysady ösüşe täsirini güýçlendirmäge gönükdirilen çäreleri işläp düzmegi we durmuşa geçirmegi talap edýär. Bu çylşyrymly döwlet ähmiýetli ykdysady meseleleri çözmekde Türkmenistanyň Merkezi banky yzygiderli iş alyp barmak bilen, ýurduň pul dolanyşygynyň kadaly hereket etmegi we onuň hümmetiniň saklanmagy ugrunda toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmak arkaly oňyn netijeleri gazanýar. Şol çäreleriň arasynda töleg-hasaplaşyk düzgüniniň talabalaýyk berjaý edilmegine aýratyn orun degişlidir. Çünki töleg we hasaplaşyk kada-kanunlarynyň öz wagtynda, doly derejede ýerine ýetirilmegi ýurduň maliýe taýdan sagdynlygyndan habar berýär we durnukly ösüşi üpjün edýär.
Ministrler Kabinetiniň 10-njy oktýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlendi. Ýylyň başyndan bäri ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda gazanylan ýokary netijeler makroykdysady görkezijileriň ýokary depginli ösüşini üpjün etdi. Hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,2 göterim artdy, bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy 40,7 göterim köpeldi. Döwlet býujetiniň 80,3 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Ortaça aýlyk zähmet haky, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim ýokarlandy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi 20 milliard manatdan gowrak bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 13 göterim artdy.
Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 42,7 göterimi önümçilik toplumynyň, 57,3 göterimi medeni-durmuş desgalarynyň gurluşygyna gönükdirildi. Şu ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna görä, ykdysadyýetiň pudaklaryna gönükdirilen karzlaryň galyndysy, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,2 göterim, şol sanda milli manadymyzda berlen karzlaryň galyndysy 16,7 göterim ýokarlandy. Hususy pudaga berlen karzlar 34,3 göterim, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge berlen karzlar 3,1 göterim, hususy oba hojalyk önümlerini öndürijilere berlen karzlar 1,9 esse, raýatlara gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin berlen karzlar 7,5 göterim ýokarlandy. Şeýle oňyn netijeleriň gazanylmagy milli manadyň durnuklylygyna we kadaly aýlanyşygyna oňaýly täsirini ýetirdi.
Milli puluň durnuklylygyny üpjün etmekde hususyýetçilere aýratyn orun degişli bolup, olara döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw, uzak möhletleýin, pes göterimden uly möçberli karzlaryň, salgyt ýeňillikleriniň berilmegi ýola goýuldy. Şeýle amatlyklar täze iş ýerlerini döretmäge, işleriň, hyzmatlaryň täze görnüşlerini ýerine ýetirmäge, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, elýeterli bahadan köp görnüşli önümleri öndürmäge giň mümkinçilik berýär. Munuň netijesinde ýurtda kadaly haryt-pul dolanyşygynyň hereketi ýola goýulýar, milli puluň satyn alyjylyk ukyby, hümmeti ýokarlanýar.
Ýurdumyzda sanly ulgamyň yzygiderli ösdürilmegi, ähli ulgamlara döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, pul dolanyşygynda serişdeleriň aýlanyş tizliginiň ýokarlanmagy hem-de hasaplaşyklary geçirmekde çykdajylaryň azalmagy tölegleriň we hasaplaşyklaryň usullaryny kämilleşdirmäge oňyn şert döredýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň banklarynyň milli puluň durnuklylygyny üpjün etmekdäki orny has-da ýokarlanýar. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleri gowulanýar.
Pul-karz syýasatyna degişli çäreleriň üstünlikli amala aşyrylmagy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilen ýokary sepgitlere ýetmekde aýgytlaýjy ähmiýete eýedir.
Baýramdurdy TAÝHAROW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professory.