Durky peleň, şir mysaly...

Düýn Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ikinji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň birinji tapgyryna gatnaşan 70-e golaý alabaýdan duýgurlygy, düşbüligi, daşky görnüşi, hüşgärligi bilen tapawutlananlaryň 20-si gatnaşdy.
Bäsleşige badalga berilmezden ozal, oňa gatnaşýan alabaýlar gözden geçirilip, weterinarlar tarapyndan saglyk ýagdaýy barlanyp, olara ýörite san belgileri berildi. Şol belgiler bilen hem itler bäsleşik meýdançasyna çykdylar. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, alabaýlar tomaşaçylaryň öňünden geçip, öňde duran päsgelçiliklerden — köprüden we haýatdan bökmek, merduwandan ýöräp ýokary münüp, aşak düşmek boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler.
Biz bäsleşigiň dowam edýän pursady Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, podpolkownik, «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» Atahan Suhanow bilen türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek ugrunda ýurdumyzda alnyp barylýan işler, şeýle-de alabaýlara ideg edilişi, şu günki halkara bäsleşigiň ähmiýeti dogrusynda gürrüňdeş bolanymyzda, ol şeýle diýdi:
— Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli däbe öwrülen «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ikinji tapgyrynyň ýokary guramaçylyk derejesi aýratyn bellärliklidir. Bäsleşige Döwlet serhet gullugyna degişli Peleň, Akguş, Akbaý atly alabaýlarymyz hem gatnaşýar. Ýurdumyzyň beýleki ministrliklerinde bolşy ýaly, Döwlet serhet gullugynda hem arassa ganly tohum alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmäge ähli mümkinçilikler döredilen. 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda «Kasamly» jülgesinde gullugyň «Türkmen alabaý» merkezi açylyp ulanylmaga berildi.
Özüm 1998-nji ýyldan bäri kinologiýa bilen gyzyklanyp gelýärin. Şol ýyl S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini weterinar hünäri boýunça tamamlap, serhet goşunlarynyň hatarynda çagyryş boýunça harby gullugy geçdim. Şondan soň hüşgärligi, çydamlylygy, duýgurlygy bilen tapawutlanýan alabaýlary ösdürip ýetişdirmek, olara dürli emelleri, päsgelçiliklerden üstünlikli geçmegi öwretmek bilen gyzyklanyp başladym. Ýetişdiren alabaý itlerimiz bilen birnäçe bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolduk.
Türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan alabaýlar erinleriniň we kelleleriniň ululygy, tumşuklarynyň giňligi, tegelek owadan gözleri, üçburç görnüşli uly bolmadyk salpy gulaklary, boýunlarynyň gysgalygy we döşleriniň giňligi, süňkleriniň iriligi, guýruklarynyň dikligi we ýogynlygy, şeýle-de yssa, sowuga çydamlydyklary bilen tapawutlanýarlar. Alabaý itleriniň boýy, adatça, 70 — 75 santimetr bolup, olar ortaça 12 — 15 ýyl ýaşaýar. Beýleki itlerden tapawutly aýratynlyklarynyň ýene biri olaryň derisiniň galyňdygydyr. Bu aýratynlyk olary dürli ýagdaýlarda ýüze çykýan howplardan goraýar. Şeýle-de tüýleri gaty bolup, ol göni ösýär. Tüýüniň uzynlygy 3 santimetrden 7 santimetre çenlidir.
Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykan «Türkmen alabaýy» atly kitap biz, kinologlara itleriň bu özboluşly görnüşini ösdürip ýetişdirmekde uly gollanma bolup durýar.
«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ikinji tapgyry üstünlikli geçdi. Oňa gatnaşan alabaýlaryň päsgelçiliklerden has çalt geçenleri eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldular. Halkara bäsleşigiň üçünji tapgyry 30-njy oktýabrda geçiriler. Oňa ikinji tapgyrda tapawutlanmagy başaran alabaýlaryň 10-sy gatnaşdyrylar.
Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.
Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW.