Biri-birine ýakyn, ýürekdeş adamlara «Bir derýadan suw içen ýaly» diýilmesi bar. Türkmen we özbek halklary uzak asyrlaryň dowamynda bir derýanyň suwuny içip, birek-biregiň köňül duýgularyny deň paýlaşyp gelýän goňşulardyr. Iki halky diňe joşly Jeýhunyň däl, eýsem, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň, taryhy-medeni bitewülikleriň umman deý giň akabasynyň birleşdirýändigine taryh şaýat. Şonuň üçin-de olar birek-birege uly hormat-gadyr bilen «gardaş, aşna» diýip ýüzlenýärler, birek-biregiňkide özlerini dogan öýünde ýaly duýýarlar. Ine, şunuň özi-de döwletara hyzmatdaşlygyň mizemez binýadyny emele getirýär. Türkmenistan we Özbegistan bu gün dürli ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek bilen, halkara giňişlikde hoşniýetli goňşuçylygyň, strategik hyzmatdaşlygyň belent nusgasyny görkezýärler. Şunda iň ýokary derejede yzygiderli amala aşyrylýan özara saparlara möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dostlukly ýurda şu ýylyň iýul aýynda amala aşyran ilkinji döwlet sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň başyny başlady. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýurdumyza resmi saparynyň çäginde şu gün paýtagtymyzda geçiriljek ýokary derejeli gepleşikler hem uzak geljege gönükdirilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze badalga bolar. Ýaşasyn türkmen-özbek dostlugy!