«Milli gymmatlyklar bir döwletiň serhetleriniň çäginde ýerleşip biler. Ýöne olar tutuş adamzadyň baýlygydyr. Çünki millilik düşünjesi hiç hili serhetlere sygmaýar» diýip, Özbegistanyň «Hunarmend» assosiasiýasynyň bölüm müdiri Çori Şodiýew aýdýar. Myhman düýn «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň çäklerinde Lebap welaýat kitaphanasynda geçirilen ylmy-amaly maslahatda çykyş etdi.
Festiwalyň pikir alyşmak, tejribeleri paýlaşmak merkezine öwrülen maslahatda özbegistanly myhmandan başga-da, Gazagystandan, Türkiýeden, Eýrandan, Latwiýadan gelen wekiller, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, milli senetçilik işleriniň, Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de welaýatyň ýörite sungat mekdebiniň wekilleri çykyş etdiler.
Milli senetçilik we amaly-haşam sungaty boýunça pikir alyşmalar şu gün Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde-de dowam etdiriler.
* * *
Düýn Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaraly çäreler geçirilýän binasynda guralan aýdym-sazly dabara milli lybaslaryň görkezilişine bagyşlandy. Bu ýerde Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň wekilleri türkmen, özbek hem-de gazak halklarynyň milli lybaslaryny görkezdiler.
Modeller öýüniň suratkeş-dizaýneri Altyn Hangeldiýewa bilen söhbetdeş bolanymyzda, milli lybaslaryň görkezilişine «Mähirli zenan» modalar öýüniň hem goşant goşandygyny gürrüň berdi. Söhbetdeşimiziň aýdyşy ýaly, halkara festiwalda görkezmek üçin milli nagyşlar bilen bezelen, döwrebaplaşdyrylan lybaslar saýlanyp alnyp gaýdyldy. Olaryň käbiri bolsa köpçülige ilkinji gezek görkezilýär.
Gazagystanly dizaýner, ozalky zähmet mugallymy Kulan Žangutty pensiýa çykandan soň, keçeden lybas taýýarlamak işine aýratyn üns berendigini aýtdy. Iňňän sünnä bu gadymy lybaslar häzirki wagtda gazak ýaşlarynyň arasynda ýene-de uly meşhurlyga eýe bolýar. Düýn dizaýner zenanyň taslan lybaslarynyň käbiri türkmen modelleriniň egnini bezäp, görkezilişe çykdy. Dabarada gazagystanly Aižan Abdubaitowanyň taslan lybaslarynyň hem görkezilendigini aýtmak gerek.
Boýdan-başa el çarpyşmalara beslenen dabarada özbegistanly dizaýnerleriň ikisiniň — Azizbek Ruziýewiň we Nasiba Ishakowanyň lybaslary görkezildi. Olar zenanlar üçin penjekleri, erkekler üçin donlary alyp gelipdirler. Altyn ýüplük bilen bezelen lybaslar müň bir öwüşginli dabaranyň ýalkymyna ýalkym çaýdy.
Iki sagatlap dowam eden ajaýyp dabarada Türkmenistanyň halk artistleri Atajan Berdiýew, Züleýha Kakaýewa, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Dosmämmet Söýünow, Leýli Ökdirowa ýaly sahna ussatlary hem joşgunly aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler. Dabara halkara festiwalyň çägindäki ajaýyp moda baýramçylygyna öwrüldi.
Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Merdan ORAZOW.