Ählumumy geosyýasy ýagdaýlaryň üýtgäp duran häzirki şertlerinde daşarky dünýä bilen netijeli gatnaşyklary alyp barmak, syýasy, ykdysady we medeni giňişlikde eýeleýän ornuny berkitmek islendik döwlet üçin strategik wezipe bolup durýar. Şu meselede Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň garaýşy üýtgewsiz: biziň ýurdumyz ýakyn-u-alysdaky hyzmatdaşlary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarynda-da, sebitleýin, köptaraplaýyn meýdançalaryň çägindäki hereketlerinde-de özara ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgelerini ileri tutup, oýlanyşykly, deňagramly syýasy ugry saýlap alýar. Türkmenistan dialogyň — gepleşikler sungatynyň parahatçylygyň kepilidigini ykrar edip, hut şu filosofiýa bilen hem dünýäniň syýasy durmuşyna garylyp-gatylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşary ýurtlara amala aşyrýan saparlarydyr olaryň çäklerinde geçirýän gepleşikleri, abraýly forumlara gatnaşyp, öňe sürýän oňyn başlangyçlary bu hakykaty dolulygyna açyp görkezýär.
Ýewraziýa yklymy, şol sanda Merkezi Aziýa we Hazarýaka sebitleri geosyýasy hem geoykdysady artykmaçlyklary bilen dünýäniň nazaryny özüne çekýän giňişlikdir. Gündogar bilen Günbataryň arasynda köpri bolup, millionlarça ilaty özünde jemleýän döwletleriň bähbitleri galtaşýan şu ägirt uly giňişlikde pugta parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek bolsa agzalan sebitleriň ýurtlarynyň hemişe-de baş maksady bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Diňe soňky aýlardaky ýokary derejeli duşuşyklar — altynjy Hazar sammiti, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Çolpon-Ata duşuşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Samarkant sammiti hem munuň şeýledigini doly tassyklaýar. Şu günler bolsa ýakyn goňşymyz Gazagystanyň paýtagty yklym ähmiýetli iri çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dostlukly ýurda ilkinji döwlet saparyny amala aşyryp, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine we «Merkezi Aziýa — Russiýa» sammitine gatnaşmagy döwrüň hem dünýäniň ykbalyna dahylly meseleleriň çözgüdine işjeň gatnaşýan Türkmenistanyň nobatdaky möhüm ädimini alamatlandyrar.
«Daragt — köki, adam dostlary bilen güýçli», «Uzakdaky garyndaşdan ýakyndaky goňşy ýagşy» diýýän gazak halky biziň üçin ýakyn dost, duldegşir goňşy. Ýewraziýanyň merkezinde ýerleşen Gazagystan bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistany köpasyrlyk taryhyň, medeniýetleriň we ruhy däpleriň umumylygy birleşdirýär. Şol umumy gymmatlyklardan gözbaş alýan döwletara gatnaşyklar bu gün strategik hyzmatdaşlyk derejesinde ösdürilýär. Iň ýakyn dostlarymyz babatda ýygy-ýygydan ulanýan «hoşniýetli hyzmatdaş», «gadyrly gardaş», «ýürekdeş dost» ýaly sözlerimiz Gazagystan bilen gatnaşyklara-da mahsusdyr. Birek-biregiňkä myhmançylyga baranda özüni dogan öýünde ýaly duýýan, terjimeçisiz diýen ýaly düşünişip bilýän türkmen we gazak halklary, taryhyň ähli döwürlerinde bolşy ýaly, häzirki wagtda-da hoşniýetli goňşuçylykda ýaşamagyň sungatyny ussatlyk bilen dowam etdirmegi başarýarlar. Hut şol özboluşly sungat hem türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň täze derejelere göterilmeginiň synmaz binýady bolup hyzmat edýär.
Aslynda, biziň halklarymyzyň köki asyrlaryň jümmüşine uzaýan dostlugy, diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllyk tejribesini arka atan türkmen-gazak hyzmatdaşlygy barada juda kän zatlary aýdyp bolar. Ýöne sözümizi diňe käbir maglumatlary getiribem delillendirip bileris: häzire çenli Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň 140-dan gowragy hereket edýär, Gazagystan biziň ýurdumyzyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji onlugyna girýär, geçen ýylda türkmen-gazak haryt dolanyşygynyň möçberi 254,3 million amerikan dollaryna deň bolan bolsa, şu ýylyň geçen ýedi aýynda bu görkeziji eýýäm 228,8 million amerikan dollaryna ýetdi. Müňýyllygyň iri gurluşyklarynyň biri bolan Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň Gazagystanyň çägi bilen dostlukly Hytaýa uzaýandygyny, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýolunyň gadymy Beýik Ýüpek ýoluny polat guşak arkaly gaýtadan dikeldendigini hem sözümiziň üstüne goşup bileris.
Biziň ýurtlarymyz Birleşen Milletler Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Türki Döwletleriň Guramasy, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahaty (RECCA), Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasy (CAREC), BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy (SPEKA), «Aziýanyň ýüregi — Stambul prosesi» ýaly hyzmatdaşlyk meýdançalarynyň çäginde hem özara gatnaşyklary berkidip, ählumumy syýasy, ykdysady, medeni giňişlige işjeň goşulyşýarlar.
Şunda döwletlerimiziň Liderleriniň erk-isleginiň, şahsy dostluk we ynanyşmak gatnaşyklarynyň syýasy dialogy, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ilerletmegiň kepili bolup durýandygyny aýratyn nygtamaly. Şoňa görä-de, täze taryhy şertlerdäki türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň ugurlary barmak büküp sanardan kän. Bu gün söwda, energetika, ulag-logistika, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, statistika, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak, ylym, bilim, medeniýet, sport... ulgamlarynda özara gatnaşyklary üstünlikli ösdürýän Türkmenistan bilen Gazagystan geljekde sanlylaşdyrmakdan başlap, ýokary tehnologiýalardyr aerokosmos pudaklarynda-da hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edinýärler. Hormatly Prezidentimiziň dostlukly ýurda ilkinji döwlet saparynyň hem ikitaraplaýyn türkmen-gazak gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmakda, strategik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmakda täze mümkinçilikdir gözýetimleri açmakda möhüm tapgyr boljakdygy ikuçsuzdyr.
Makalamyzyň başynda-da nygtaýşymyz ýaly, saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň Liderleriniň Astana sammitlerine gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Munuň özi geografik taýdan bitewi giňişlikde ýerleşýän Arkalaşygyň, şol sanda Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda pandemiýadan soňky döwür üçin hyzmatdaşlygyň ugurlaryny anyklaşdyrmakda, sebitde we dünýäde howpsuzlygy üpjün etmek boýunça meseleleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşmakda netijeli meýdança bolup hyzmat eder.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň Aşgabat sammitinde eden çykyşynda: «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy öz geosyýasy hem-de geoykdysady ýörelgeleri babatda yklymda esasy orny eýelemelidir, Gündogar bilen Günbataryň, Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de giňeltmäge işjeň gatnaşyjy bolup çykyş etmelidir» diýip, örän jaýdar belläpdi. Pandemiýadan soňky döwürde bolsa biziň ýurtlarymyza Arkalaşygyň çäginde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitläp, bu ugurda bilelikdäki işleri dowam etdirmegiň, häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, döwletara gatnaşyklara täze itergi bermegiň, tejribeleri we bilimleri paýlaşmagyň zerurdygy äşgärdir. Öňde boljak Astana sammitinde-de gurama agza döwletleriň Baştutanlary, ine, hut şu meselelere aýratyn ünsi çekerler.
Russiýanyň başlangyjy esasynda ilkinji gezek «Merkezi Aziýa — Russiýa» düzüminde geçiriljek ýokary derejeli duşuşyk bolsa sebitiň ýurtlarynyň Russiýa bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny toplumlaýyn esasda ara alyp maslahatlaşmaga täze itergi berer. Bu bolsa soňky ýyllarda Ýewropa Bileleşigi, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy bilen «Merkezi Aziýa + ...» görnüşdäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirýän sebitimiziň özüneçekijiliginiň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Şeýle duşuşyklaryň özara gatnaşyklaryň aýry-aýry, has möhüm meseleleri boýunça dostlukly ýagdaýda içgin pikir alyşmaga mümkinçilik berýändigini durmuş tejribesi görkezýär.
...Hormatly Prezidentimiz iň ýokary döwlet wezipesinde dostlukly Gazagystana ilkinji saparyny amala aşyrýar. Goňşy ilde geçiriljek gepleşikleriň, kabul ediljek möhüm çözgütleriň, öňe sürüljek teklipdir başlangyçlaryň millionlarça adamlaryň bähbitlerini, Zeminde parahat hem abadan durmuşy üpjün etmek ýaly asylly maksada gönükdirilmegi hoşmeýilli türkmen diplomatiýasynyň üstünliginiň anyk çelgisidir.
Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».