Ynsanperwer ýörelgelere ygrarlylyk

Hemmämize mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow geçen hepdede Günüň dogýan ýurduna — Ýaponiýa döwletine iş saparyny amala aşyrdy. Bu saparyň esasy maksady Gahryman Arkadagymyzyň Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň matam çäresine gatnaşmakdan ybarat boldy. Saparyň çäklerinde ýurduň häzirki Premýer-ministri, Parlament wekilleri, işewürler bilen duşuşyklar hem guraldy. Geçirilen gepleşiklerde Gahryman Arkadagymyzy şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýy bilen gutladylar. Şonda hormatly Arkadagymyz: «Halkymyzda «Toý bilen ýas bile geler» diýen jümle bar. Şonuň üçin toýa garrama ýok» diýip, türkmen-ýapon dostlugynyň ebedidigini, bu saparyň özi üçin uly mertebedigini, Arkadagly Serdarymyzyň esasy baş taglymatynyň ynsanperwerlik ýörelgesidigini mälim etdi.

Belent hormatyň nyşany
Halkymyzyň asylly, ýagşy, mizemez däpleriniň biri birek-biregiň toýuny-da, ýasyny-da deň sowuşmakdyr. Toý gününde şatlygyna şärik bolsaň, ýas gününde derdine dertdeş, ýürekdeş bolýarsyň. Bu biziň halkymyzyň belent adamkärçilikli halkdygyny görkezýär. «Dost dosta kyn gününde zerur» diýlişi ýaly, Gahryman Arkadagymyz Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrmak bilen, türkmen halkynyň ýapon halkynyň hakyky dostudygyny, olary ählitaraplaýyn goldaýandygyny äşgär etdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändiginden habar berýär.
Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň döwlet derejesinde geçirilen matam çäresinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy halkymyzyň wepaly dosty bolan merhumy hatyralap, gül dessesini goýdy we Ýaponiýanyň häzirki Premýer-ministri Fumio Kisidä özüniň çuňňur gynanjyny bildirdi. Bellenilişi ýaly: «Ýaponiýa görnükli döwlet işgärini, dünýä derejeli syýasatçysyny ýitirdi. Sindzo Abeniň aradan çykmagy Türkmenistan üçin hem agyr ýitgi boldy. Ol biziň ýurdumyzyň hakyky, ak ýürekli dostudy. Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda dostlugy, hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi ösdürmek üçin köp işleri etdi». Gahryman Arkadagymyz Sinzdo Abeniň maşgalasy hanym Akie Abä bolsa medet beriji sözlerini aýtdy: «Men siziň ýanýoldaşyňyz bilen bolan duşuşyklarymy mähirli ýatlaýaryn. Onuň aň-düşünjesine, ajaýyp adamkärçilik häsiýetlerine haýran galýaryn. Bu ajaýyp adam baradaky ýagty ýatlamalar ýüreklerimizde hemişelik ýaşar».
Bu sözler beýik ynsanyň, türkmen-ýapon dostlugynyň berkemegine şahsy goşandyny goşan şahsyýetiň hormatyna ýaňlandy.
Biz ikitaraplaýyn ösüş ugrundaky işlerde pikirdeş bolsak, üstesine, bizi jebisleşdirýän birnäçe ruhy meňzeşliklerimiz hem kän. Olaryň biri-de çaý medeniýetidir. Halkymyz üçin-de, ýaponlar üçin-de, çaý melhem hem ylhamdyr. Gahryman Arkadagymyz Ýaponiýanyň parlament wekilleri bilen duşuşanda, bu babatda Sindzo Abe bilen bagly ýatlamalaryny paýlaşdy. Bu ýatlamalar bizi 2015-nji ýyla alyp gitdi. Şol ýyl Sindzo Abe Türkmenistana iş sapary bilen gelipdi. Şonda ýapon dostumyz egnine agar çäkmenini atyp, milli Liderimiz bilen tüňçede sazak oduna gaýnan gök çaýdan içip, mesawy, dostlukly söhbet edipdi. Bu söhbetleriň dowamy, durmuş hakykatynda, türkmen-ýapon dostlugynyň uly ösüşlerine ýazdy...

Parlamentara gatnaşyklar
Kanunçylyk her bir raýatyň ösüş ýolundaky ädimlerinde mümkinçilikleriň örüsini giňeltse, ikinjiden, parahatçylygy berkidiji we üpjün ediji guraldyr. Kanunçylyk ulgamyndaky döwletara gatnaşyklar bolsa dürli ugurlarda deňhukukly hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini açýar. Parlamentara gatnaşyklar tejribe alyşmaga, kanunçylygy kämilleşdirmäge, döwrebaplaşdyrmaga uly itergi berýär.
Iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida, Parlamentiň Wekiller palatasynyň başlygy Hosoda Hiroýuki, Ýapon-türkmen Parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.
Duşuşyklaryň barşynda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň senagatlaşan döwletdigini aýdyp, häzirki wagtda islegli önümleri bilen adygan Garabogazdaky ammiak we karbamid zawodynyň, Gyýanlydaky polimer zawodynyň, Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän, şu ugurda dünýäde ýeke-täk zawodyň, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň iş aýratynlyklaryna, önümçiliklerine, eksport mümkinçiliklerine aýratyn ünsi çekdi. Bilelikdäki hyzmatdaşlygyň görnükli miweleri bolan bu taslamalaryň amal bolmagynda Sindzo Abeniň uly goşandynyň bardygy bellenildi.
Ýaponiýanyň kanunçylyk ulgamynda işleýän wekilleri bilen duşuşykda hormatly Arkadagymyz halklaryň bilelikdäki parlament diplomatiýasyna möhüm ornuň degişlidigini belläp, birnäçe teklipleri öňe sürdi. Birinjiden, Parlamentara dostluk toparynyň işini güýçlendirmek, ikinjiden, ýaşlaryň parlamentara gatnaşyklaryny ýola goýmak, ony netijeli ulanmak, üçünjiden, parlamentara gatnaşyklarda zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak, dördünjiden, parlamentara gatnaşyklarda durnukly ösüşi gazanmak ýaly ugurlar dogrusynda kanunçylykda özara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe boljakdygy beýan edildi. Bu başlangyçlarda parlament diplomatiýasynyň ösüşli ýolunyň aýdyň çelgileri bar.

Türkmenistan — netijeli hyzmatdaşlyga açyk ýurt
Gahryman Arkadagymyzyň Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen iş ertirligi görnüşindäki duşuşykda sözlän taryhy sözüni teleýaýlymlar arkaly diňlänsiňiz. Şonda Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy şeýle diýdi: «Türkmenistan hemişe açyk hyzmatdaşlyga taýýardyr». Bu jümläniň özeninde ümmülmez sähra deý giň many-mazmun bar. Şeýle ýörelgäniň esasynda döwletimizde himiýa pudagy belent derejelere ýetdi.
Bu gün hemmelere mälim hakykat: Türkmenistan tebigy gazyň baý gorlary boýunça dünýäde ilkinji bäşlige girýär. Halkymyzyň ykdysady bähbidini göz öňünde tutup, bu tebigy baýlygymyzy özleşdirmek işleri ýurdumyzdaky iň döwrebap desgalar arkaly ýerine ýetirilýär. Şeýle taslamalar türkmen-ýapon dostlugynyň berk binýadynyň esasynda bilelikde durmuşa geçirildi. «Kawasaki Heavy Industries Ltd», «Komatsu Ltd», «ITOCHU», «Mitsubishi» ýaly kompaniýalaryň atlary hemmämize tanyşdyr. Bu kompaniýalar Türkmenistan bilen bilelikde uly geljegi gurýarlar. Şol geljegiňem hözirini görjek türkmen we ýapon halklarydyr.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň çygry barha giňeýär. Geljekde uçar bilen göni dost öýüne barmak, ol ýerden öz Watanymyza gelmek üçin şertleriň döredilmegi, ýagny Aşgabat — Tokio, Tokio — Aşgabat ugry boýunça ýük we ýolagçy howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy halklaryň has-da ýakynlaşmagyna uly mümkinçilik berer. Arkadagly Serdarymyzyň tabşyrygy boýunça geçirilen şu ugurdaky pikir alyşmalar işjeň häsiýete eýe boldy. Bu gatnawlar bize bilelikdäki köp işleri amal etmäge ýardam berer. Üstaşyr ulag geçelgeleri diňe iki halk üçin däl, eýsem, tutuş Ýewraziýanyň halklary üçin bähbitlidir. Şeýle ädimler örän oýlanyşykly we öňdengörüjilikli syýasatyň netijesidir. Özara ylalaşygyň, meňzeş garaýyşlaryň ymykly çözgüdine Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 14-nji mejlisinde serediljekdigini Gahryman Arkadagymyz işewürler bilen duşuşygynda aýtdy.
Ygtybarly hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleri atçylyk pudagynda-da, şäherara ulgamynda-da, sanly tehnologiýada-da bar, munuň özi ysnyşykly gatnaşyklary has-da ösdürmekde möhümdir.
                                    * * *
Özüni süýt bilip, dostuny gaýmak saýýan halkymyz dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň, ýürekdeşligiň belent nusgasyny görkezen halkdyr. Bu biziň ir döwürlerden bäri gelýän mizemez ýörelgämizdir. Şeýle asylly ýörelgä ygrarly döwletimiz halklaryň däp-dessurlaryna uly hormat goýmak bilen, dostluk daragtyny gülledýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň taryhy tutumlarynyň Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýändigini tassyklaýar.
Azat JEPBAROW,
«Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktory. Aşgabat — Tokio — Aşgabat.