Türkmenistanyň raýaty bolmak bagty

24-nji sentýabrda Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler zalynda, şeýle-de ýurdumyzyň welaýatlarynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň hem-de ýurdumyzda ýaşaýan daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalaryň gowşurylyş dabarasy boldy.
Gazetimiziň habarçylary hem bu dabaralara gatnaşyp, ýurt Garaşsyzlygymyzyň baýramynyň bosagasynda Türkmenistanyň raýaty bolan, şeýle-de ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnama alan raýatlaryň ýürek buýsanjyny ýazga geçirdiler.
Gülruh JUMAKLYÇEWA,
Aşgabat şäher çagalar hassahanasynyň immunolog lukmany:
— Ilki bilen, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Türkmenistanyň raýaty hökmünde pasporta eýe bolandygyma çäksiz buýsanmak bilen, döwlet derejesinde berlen şeýle ynsanperwerlik ýardamyna mynasyp zähmet bilen jogap berjekdigime ynandyrýaryn.
Men Özbegistan Respublikasynyň Dörtgül etrabynda doguldym. 1993-nji ýylda häzirki Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine okuwa girdim. Türkmen topragynda okuwymy tamamlap, Özbegistanda lukman bolup işledim. 2004-nji ýylda aşgabatly ýigide durmuşa çykmagym bilen, ykbal meni ýene-de bu keremli topraga alyp geldi. Aşgabat şäher çagalar hassahanasynda işe başladym. Maşgalamda iki çagam bar. Olar orta mekdepde bilim alýarlar.
Alym, lukman Arkadagymyzyň rowaçlyga beslenen ýollaryny dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyz döwlet Baştutany wezipesine girişen ilkinji gününden başlap, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işlere uly ähmiýet berýär. Bu bolsa biz — lukmanlaryň işimize bolan yhlasymyzy has-da artdyrýar. Sözümiň ahyrynda ýene-de bir gezek hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýtmak bilen, il-ýurt bähbitli işlerinde hemişe rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw edýärin.
Zumradhan SABIROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Nowbahar geňeşliginiň ýaşaýjysy:
— Baş baýramymyzyň uludan toýlanýan şatlykly günlerinde abadan ýurdumyzyň raýaty bolmak bagtynyň miýesser edendigine çäksiz buýsanýaryn. Biz 1996-njy ýylda tutuş maşgalamyz bilen goňşy Özbegistanyň Gülüstan şäherinden Daşoguz welaýatyna göçüp geldik. Kakam S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň 15-nji orta mekdebinde, ejem bolsa 60-njy orta mekdepde mugallym bolup işleýär.
Ýurdumyzda oba adamlarynyň netijeli zähmet çekip, halal baýamagy, bolelin durmuşda ýaşamagy babatda çäksiz aladalar edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eşretli durmuşyň hözirini görüp, mähriban ýurdumyzyň ösüşlerine buýsanyp ýaşaýarys. Öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basyp, dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryndan mynasyp orun alan abadan ýurduň raýaty bolmak bagtynyň miýesser edendigine çäksiz begenýärin. Belent ynsanperwerligi, mähribanlygy hem çäksiz sahawat-keremi bilen ajaýyp bagty peşgeş berýän, baýramçylyk günlerinde toý şatlygymyzy goşalandyran Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Mihail BURMISTROW,
Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy:
— Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz sahawatly Permandyr Kararlaryň birnäçesine gol çekdi. Olaryň hatarynda raýatlygy bolmadyk adamlaryň bir toparyna raýatlyk pasportynyň, ýene bir toparyna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalaryň berilmegi bilen bagly resminamalar hem bar. Bu sahawatly çözgütler biziň maşgalamyza hem öz nuruny çaýdy. Bu gün maňa-da Türkmenistanyň raýaty bolmak bagty miýesser etdi.
Kakam Aşgabatda, ejem Russiýada doglan. Geçen ýyllarda ejeme we maşgalama Türkmenistanyň raýatynyň pasporty berildi. Bu gün meniň hem şeýle bagta eýe bolmagym bilen, maşgala agzalarymyzyň ählisi ýurdumyzyň raýaty boldy. Bu hoş habar biziň üçin Garaşsyzlyk baýramyny goşa şatlyga besledi.
Türkmenistanyň raýaty bolmak ýaly belent bagty peşgeş eden hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Bu ajaýyp ýurduň raýaty hökmünde bedew batly okgunly ösüşlere şahsy goşandymy goşmak üçin yhlasymyzy gaýgyrmarys.
Ýazga geçirenler öz habarçylarymyz.
Surata düşüren Hasan MAGADOW.