Garaşsyzlyk — bagtymyz

27-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda giňden bellenilýän Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Däp bolşy ýaly, ir säher bilen Watanymyzyň, ähli türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik, döredijilik hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýan Garaşsyzlyk binasynyň ýanyna paýtagtymyzyň köpsanly ýaşaýjylary we daşary ýurtly myhmanlar ýygnandylar.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Hormatly Prezidentimiz ýadygärlik toplumynyň etegine gül dessesini goýdy. Bu ajaýyp güýz gülleri gahryman ata-babalarymyzyň halkymyzyň erkinligi hem-de Garaşsyzlygy ugrunda köpasyrlyk göreşlerde görkezen edermenligine baky hormat-sarpany alamatlandyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň köpsanly ýaşaýjylary gül çemenlerini we desselerini goýdular. Garaşsyzlyk binasynyň öňündäki meýdança güle beslenip, Watanymyza synmaz söýginiň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne buýsanjyň nyşanyna öwrüldi.
Ýurdumyz döwlet Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny, däp bolşy ýaly, ajaýyp üstünlikler we zähmet ýeňişleri bilen belleýär. Şol üstünliklerdir ýeňişleriň her biri häzirki Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylar. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy şu ýylyň esasy wakalarynyň biri boldy. Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmelere, raýatlarymyzyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň durmuşa geçirilmegine täze itergi berdi.
Asylly däbe görä, şol gün milli senenamamyzyň şanly senesiniň hormatyna esasy dabaralar köpsanly myhmanlary baýramçylyk lybasynda garşylan Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada Milli goşunyň harby gullukçylary nyzama düzüldi.
Sagat 10:00. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow münbere çykdy. Goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowdan Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe başlamaga rugsat sorady. Döwlet Baştutanymyz dabaraly harby ýörişiň başlanmagy barada görkezme berdi.
Dabaraly harby ýörişiň serkerdesi R.Aýazow goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýewe Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň gözden geçirilişe taýýardygy barada hasabat berdi. Goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary hasabaty kabul edeninden soňra, dabaraly ýörişe gatnaşýan şahsy düzümiň nyzamly hataryny gözden geçirmäge başlady we dabaraly harby ýörişe gatnaşýanlar bilen salamlaşdy. Olaryň hatarynda harby gullukçylar we ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň, beýleki mekdepleriň talyplary, esgerler hem-de Milli goşunyň serkerdeleri egin-egne berip durlar.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy galdyryldy. Eziz Watanymyzyň mukaddes ýaşyl Tugy ähli nesilleriň milli buýsanjynyň we watansöýüjiliginiň nyşany bolup, türkmenistanlylary edermenlige, zähmet üstünliklerine, ähli ulgamlarda täze sepgitleri eýelemäge ruhlandyrýar.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümi ata-babalarymyzyň Watana wepaly gulluk etmek baradaky şöhratly däplerini abraý bilen dowam etdirýärler hem-de Hökümetiň hemişelik aladasyna mynasyp jogap edip, iň täze tehnikalara we ýaraglara ussatlyk bilen erk edýändiklerini, söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezdiler. Watan goragçylary öz üstlerine ýüklenen borçlary ýerine ýetirenlerinde, goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň maksatlaryndan ugur alýarlar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna gelip gowşan iň häzirki zaman harby tehnikalarynyň gözden geçirilişi türkmen döwletiniň goranyş ukybynyň ýokary derejesini, häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna garşy durmaga taýýardygyny görkezýär. Öňdebaryjy tehnologiýalar harby we hukuk goraýjy edaralaryň gündelik işinde netijeli ulanylýar. Munuň özi serkerdelerdir esgerlere öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge ýardam edýär. Ýurdumyzyň baş baýramy mynasybetli ajaýyp sazly sowgady taýýarlan Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Birleşen harby orkestriniň joşgunly çykyşy dabaraly harby ýörişiň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.
Dabaraly ýörişi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri açdylar. Soňra Döwlet münberiniň öňünden ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik nyşanlarynyň şekilleri bilen bezelen Aşgabat şäher häkimliginiň baýramçylyk görnüşindäki awtoulagy hem-de ýüzlerçe adamlar geçdiler. Dürli ýyllarda Türkmenistanyň häzirki zaman ajaýyp keşbini açyp görkezýän türkmen paýtagtynyň ajaýyp binalarynyň we desgalarynyň ençemesi Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Soňky ýyllarda giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde bina edilen ak mermerli ýaşaýyş jaýlary hem-de beýleki iri ýadygärlik toplumlary tomaşaçylaryň öňünde peýda bolýar. «Aşgabat» söwda-dynç alyş we işewürlik merkezi bu ýörişiň aýratyn bezegi boldy. Türkmenistanyň myhmansöýer paýtagty okgunly ösýän, gözelligi hem-de amatlylygy, binagärligiň we inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalaryň öňdebaryjy gazananlaryny hem-de milli binagärligiň iň gowy ýörelgelerini özünde sazlaşykly jemleýän häzirki zaman şäheriniň täsin nusgasydyr. Ak mermerli Aşgabatda şäherlileriň döredijilikli zähmet çekmegi, doly derejede dynç almagy üçin ýylyň-ýylyna has amatly şertler döredilýär. Iň gowy tans toparlarynyň hem-de belli türkmen aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde ýaýbaňlanan aýdym-sazly çykyş paýtagtymyza bagyşlandy. Garaşsyz Watanymyzyň şanyna hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna gutlaglar we alkyş sözleri ýaňlandy.
Döwlet münberiniň öňünden ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň ýeten sepgitlerini we gazanan üstünliklerini açyp görkezýän ýörite şekiller bilen bezelen awtoulaglar geçýärler. Ýurdumyzyň baş meýdançasyndan döwlet Garaşsyzlygynyň nobatdaky senesine zähmet sowgatlary bilen gelen milli ykdysadyýetimiziň we medeniýetimiziň ähli pudaklarynyň işgärleri geçdiler, olaryň hatarynda önümçiligiň öňdebaryjylary, tanymal ussatlar, öňdebaryjy hünärmenler we geljekde olaryň ornuny tutjak ýaşlar bar. Baýramçylyk ýörişi her bir ulgamyň ýeten sepgitleri hem-de üstünlikleri barada gürrüň berýän we belentden ýaňlanýan waspnamalar bilen utgaşdy. Pudaklaryň gazanan üstünlikleri täze taryhy eýýamyň döredijilik ruhunyň beýanyna öwrüldi. Şeýlelikde, zähmetkeşleriň, talyp ýaşlaryň we çagalaryň müňlerçesiniň gatnaşmagynda geçirilen dabaraly ýöriş Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk şanly senesiniň ajaýyp üstünlikler bilen garşylanandygyny we täze zähmet ýeňişlerini gazanmak arkaly geljekki üstünlikleriň ygtybarly binýadynyň goýlandygyny görkezdi.
Watanymyzyň merkezinde başlanan baýramçylyk ýurdumyzyň ähli sebitlerinde giňden dowam etdi. Ählihalk toýy türkmen topragynyň hemme ýerlerini gurşap aldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň hormatyna baýramçylyk dabaralary köpöwüşginli feýerwerk bilen tamamlandy. Täze taryhy eýýamyň baýramlarynyň aýrylmaz bölegi bolan feýerwerk ak mermerli Aşgabadyň agşamky asmanynda dürli reňkler bilen nur saçdy.
«Aşgabat».