Türkmenistan Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar
...Ir döwürde bir kişi ýol söküp barşyna, bir parasatly goja duşupdyr-da, ondan ýetmeli menziline näçeräk wagtda ýetjekdigi barada sorapdyr. Goja sesini çykarmandyr. Ýolagçy biraz ýöräberenden soň bolsa, onuň yzyndan: «Sen, ogul, enşalla, menziliňe gün günorta bolmanka ýetersiň!» diýip seslenipdir. «Ýeri, bu ýaşuly muny näme üçin birbada aýdaýmadyka?!». Onuň geňirgenmesini aňan goja şeýle diýen: «Ädim alşyňdan, gadam urşuňdan çen tutup jogap bermesem, sözüm takyk bolmazdy...».
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň agzybir halkymyzyň mukaddes ynamyny gazanyp, döwlet Baştutany wezipesine saýlanmagyndan bäri geçen ýarym ýyldan gowrak wagt täze döwrüň ädim urşuny kemsiz görkezdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň tüýs adyna mynasyp tutumlary, aýgytly gadamlary halkda öňde goýlan belent maksatlaryň myrat tapjakdygyna uly ynam döretdi. Geçilen ýola ser salanyňda, täze döwrüň Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýolunyň mynasyp dowam etdirilmegi bilen bir hatarda, ony täze belentliklere götermegiň döwrüdigine göz ýetirmek bolýar. Ine, şunda-da taryhy şahsyýetleriň döredýändigi baradaky gadymy hakykat ýene bir öwre tassyk tapýar.
Watan diňe halky bilen Watandyr!
Çeşmäniň gudraty durulygynda, derýanyň kuwwaty joşgunynda, deňziň güýji çuňlugynda. Edil şonuň ýaly, döwletiň beýikligi-de halkyň kalbyndan, aňyndan, durmuş ýörelgelerinden başlanýar.
“Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” — hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmek dabarasynda aýdan bu sözleriniň ýöne bir şygar bolman, eýsem, täze döwrüň ugur alyş çelgisidigini döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň welaýatlaryna amala aşyran saparlary aýdyň görkezdi. Halkymyz olary “toý saparlary” diýip atlandyrdy. Bu saparlaryň her biri türkmeniň dünýä ýaly giň ýurduna ybadatdyr. Peder ojagyna zyýarat, nesillere sahawatdyr. Halk bilen häkimiýetiň mizemez jebisligi şeýle pursatlarda has aýdyň açylýar.
Şol saparlaryň dowamynda Balkan we Daşoguz welaýatlarynda köpugurly hassahanalaryň hem-de Daşoguz welaýat onkologiýa hassahanasynyň açylyp ulanmaga berilmegi döwletiň adam üçindigini ýene bir gezek tassyk etdi.
Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň çäginde ýerleşýän, 5,5 million kub metr tebigy gazy ýygnamaga ukyply «Gadyn» gaz bekediniň, Çärjew etrabynda gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň we welaýatyň ilatyny tebigy gaz bilen üpjün etmäge niýetlenen Üçajy — Zerger gaz geçirijisiniň açylmagy asty-da, üsti-de hazyna bolan bu mekanyň berekediniň halkyň abadan durmuşyna gönükdirilýändigini görkezdi.
Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda açylan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi bolsa bu ugurda Merkezi Aziýada ýeke-täk desgadyr!
Mary welaýatyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda 3 müň orunlyk köpçülikleýin dabaraly çäreleri geçirmäge niýetlenen binanyň açylmagy merkezi şäheriň görküne görk goşdy.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda açylan, 48 sany 2 gatly kotteji özünde jemleýän «Rowaç» kottejler toplumyny görmäge göz, wasp edere söz gerek!
Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze köpriniň düýbüniň tutulmagy tutuş sebitde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň çarhyna bat berjek tutumdyr. Hawa, dünýäde ýol goýanlar taryha girýär. Diwar däl-de, köpri guranlar dünýäni gözelleşdirýär.
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde açylanu-düýbi tutulan ýaşaýyş jaý toplumlary döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň: «Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar” diýen sözleriniň tassyklanmasy boldy...
Döwrüň taryhy wakalarynyň içinde bolmak bagtynyň miýesser edendigini biz ykbalyň ýalkawy hasaplaýarys.
Gözünden göwni görnüp duran halkymyz bar. Täze binalaryň açylyş dabaralaryna üýşen adamlaryň ýüzündäki şatlygy bir görsediňiz! Mähelle-märekäniň Arkadagly Serdarymyzy has ýakyndan synlamak, alkyşlamak duýgusy bilen dolup-daşyşyny bir synlasadyňyz! Şeýle pursatlardan, ylla, çeper eser okan ýaly täsir alýarsyň. Olar, hakykatdan-da, agzybirlik, abadançylyk hakyndaky ajaýyp esere çalymdaş.
Şuny-da aýtmaly: halka nämeleriň zerurdygyny halkyň özünden gowy bilip bolmaýar. Döwlet Baştutanymyzyň sebitlerde bolup, işleriň gidişi, guralyşy bilen ýerinde tanyşmagy, dürli kärdäki adamlar bilen ýürekdeş söhbet etmegi, Hökümetiň göçme mejlislerini geçirip, öňde duran wezipeleri ara alyp maslahatlaşmagy ýakyn ýedi ýyla niýetlenen Prezident Maksatnamasynyň, Oba milli maksatnamasynyň has oýlanyşykly, durmuşa has ýakyn terzde işlenip düzülmegine getirdi. Taryh bir hakykaty tassyklaýar: döwlet dolandyryşyna halkyň milli ýörelgeleri, milli häsiýetleri näçe giňden ornaşdygyça, döwletiň dowamat-dowamlylygy halkyň özi bilen ömürdeş bolýar.
Halkara giňişlikdäki ynamly gadamlar
Biz näçe ýol geçdigimizçe, şonça-da özümize ýakynlaşýarys. Näçe menzil aşdygymyzça, şonça-da döwrümiziň giň gerimine içgin göz ýetirýäris. Şuny diýmek bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara giňişlikdäki ynamly gadamlary hakda kelam agyz aýtmakçy bolýarys.
Mertebesi belent döwlet Baştutanymyzyň Russiýa Federasiýasyna, Eýran Yslam Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna amala aşyran saparlary, olaryň dowamynda geçirilen ýokary derejeli gepleşiklerdir gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar dostlukly ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň başyny başlady. Şol bir wagtyň özünde-de bu taryhy saparlaryň Türkmenistanyň täze Baştutanynyň syýasy-diplomatik tejribesini, ählitaraplaýyn ýokary taýýarlygyny, häzirki zamanyň çylşyrymly meseleleri babatda aýgytly pikirlere, giň dünýägaraýşa eýedigini görkezen möhüm pursatlary özünde jemländigini bellemeli.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin tarapyndan Arkadagly Serdarymyza “Dostluk” ordeniniň gowşurylmagy türkmen döwletiniň Baştutanynyň daşary syýasy başlangyçlaryna berlen bahadyr. Dostlukly ýurduň Lideri: “Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow ýaş, zehinli, taýýarlykly ýolbaşçy bolmak bilen, Türkmenistanda başy başlanan giň gerimli özgertmeleri mynasyp dowam etdirýär” diýip nygtady.
Dünýä öz çözgüdine garaşýan wajyp meseleler bilen ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolýar. Şol meseleleri çözmek döwrüň möhüm talabydyr. Arkadagly Serdarymyzyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Çolpon-Ata duşuşygynda, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Samarkant sammitinde öňe süren başlangyçlary anyklygy, durmuşa ukyplylygy, ählumumy bähbitleri nazarlaýandygy bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammiti bolsa bu geostrategik sebitde hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini açdy.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň şu ýylyň iýulynda geçirilen 97-nji plenar mejlisinde «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegini, awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň üstünlikli guralmagyny hem türkmen diplomatiýasynyň täze taryhy döwürdäki möhüm üstünlikleriniň hatarynda agzamak bolar...
Görnüşi ýaly, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan işjeň syýasatynda söz — ynamly, hereket maksada okgunlydyr. Biziň bu ýazgymyzda getiren mysallarymyz gysga wagtda bitirilen işleriň hemmesi däl, elbetde. Ýurdumyzda täze döwrüň belent ruhy bilen durmuşa geçirilýän döwletli tutumlaryň her birinde söz bilen işiň mizemez bitewüligi bar. Bitirilýän giň gerimli işler, ýetilýän sepgitler şanly 31 ýyllygy baýram edilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gadyr-gymmatyna göz ýetirmäge esas berýär. Ol ylla bägül ýaly, iç-içe açylyp barýar, türkmen halysy ýaly, ýyl-ýyldan ýüzüni açyp, görke gelýär...
***
Sözümizi ýol, ädim ätmek bilen bagly tymsaldan başladyk. Söhbediň jemini-de şeýleräk terzde jemlemegi makul tapdyk.
...Mäne babanyň okajak hutbasyny diňlemäge märeke bary üýşüpdir. Bir sopy mähelläniň öňüne çykyp: «Adamlar, Mäne baba geldi, bir ädim öňe süýşüň!» diýipdir. Şonda Mäne baba şeýle diýen: «Meniň aýtjak ähli sözlerimi, hatda ýüz ýigrimi dört müň pygamberleriň aýdyp geçen sözlerini eýýäm bir söz bilen aýtdyň».
Durmuşyň düýp manysy, bir ädim hem bolsa, öňe süýşmekde. Ýagşylyga, haýra ýakynlaşmakda.
Biziň döwrümiz — birek-birege, il-güne ýakyn durup, öňe gitmegiň döwri. Aýgytly ädimler bilen belent maksatlara ýetmegiň döwri. Arkadagly Serdarymyzyň: «Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris!» diýen sözlerindäki ägirt uly ynam hut şu hakykatdan gözbaş alýar.
Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”.