Türkmen türgenleriniň halkara üstünligi

Karateçiler üçünji orunda
Türkmenistanly karateçiler Çehiýanyň Pardubise şäherinde şotokan karate boýunça geçirilen 12-nji dünýä çempionatynda 102 medala mynasyp boldular. Olaryň 35-si altyn, 21-si kümüş, 46-sy bolsa bürünç medallardyr.
Üç günüň dowamynda medallaryň 246 toplumy ugrunda geçirilen çempionata Türkmenistandan 31 türgen gatnaşdy. Ýaryş dürli ýaş we agram derejeleri boýunça şotokan karateniň kata we kumite görnüşleri boýunça geçirildi.
Eýýäm ýaryşyň ilkinji gününde ildeşlerimiz dört sany altyn medal gazanmagy başardylar. Ikinji günde gazanylan altyn medallaryň sany 19-a, kümüş medallar 8-e, bürünç medallar bolsa 15-e ýetdi. Türkmenistanly karateçiler ýaryşyň jemleýji gününde 12 altyn, 13 kümüş we 31 bürünç medalyň eýesi boldular.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýygyndysy toparlaýyn hasapda üçünji orny eýeledi. Birinji orunda 44 altyn, 49 kümüş we 93 bürünç medally Çehiýanyň, ikinji orunda bolsa 43 altyn, 53 kümüş we 76 bürünç medally Rumyniýanyň karateçileri bar.
Hut şu ýaryşda gökdepeli mekdep okuwçysy Öwezmyrat Sapadurdyýewiň altyn medallaryň dördüsini eýeländigini ozal habar beripdik. Has üstünlikli çykyş edip, şotokan karate boýunça dünýäniň absolýut çempiony bolan ildeşlerimiziň hatarynda Allanur Ýalkabowyň adyny hem aýratyn nygtamak gerek. Ol dünýä çempionatyny altyn medallaryň 6-sy bilen jemledi.
Şeýle hem 12-13 ýaşdan uly ýetginjek türgenlerimiz şobu ippon kumite we şobu sanbon kumite görnüşleri boýunça hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna dört gezek çykdylar. 38 kilograma çenli agram derejesinde Perhat Atamyradow bilen Gurbannazar Amandurdyýewiň bilelikdäki çykyşy altyn medallaryň ikisine mynasyp boldy. Altyn medallaryň beýleki ikisini bolsa Perhat Atamyradow Dawut Saryýew bilen bile toparlaýyn kumite boýunça gazandy.

Türkmen talyplary — ýeňiji
Ýakynda Kazan şäherinde üç aýyň dowamynda geçirilen «Football Masters» atly kiçi futbol boýunça tomusky ýaryş tamamlandy.
Arzyly kubok ugrundaky ýaryşa 10 topar gatnaşdy. Gyzykly duşuşyklaryň netijesinde ilkinji dört orny eýelän toparlar ýaryşy ýarym final we final tapgyrlary bilen dowam etdirmäge hukuk gazandylar.
Ýaryşda Kazan şäherinde bilim alýan türkmenistanly talyplardan düzülen «Dostluk» topary ähli garşydaşlaryndan üstün çykyp, Kubogyň eýesi boldy. Olara medallardyr Hormat hatlary gowşuryldy.
Türkmen talyplarynyň toparynda Baýramgeldi Hümmetgeldiýew (derwezeçi), Abdyserdar Eminow, Ylýas Ekäýew, Bagtyýar Öwezberdiýew (ählisi goragçy), Ahmet Saryýew, Kerwen Hudaýberdiýew, Şöhrat Haýytmyradow, Merdan Annaberdiýew (ählisi ýarymgoragçy), Kadyr Kadyrow we Çary Nyýazow (ikisi hem hüjümçi) dagy esasy düzümde meýdana çykdylar.
Ýeri gelende aýtsak, «Dostluk» futbol topary Tatarystan Respublikasynda geçirilen ýaryşlaryň ençemesiniň ýeňijisidir. Bu toparyň Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Konsullygynyň ýanynda döredilendigini ýatladýarys.

Maksat — Aziýa çempionatynyň medallary
Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy okuw-türgenleşik işlerini geçmek üçin Russiýa Federasiýasyna gitdi.
Milli ýygyndymyzyň wekilleri 6-njy oktýabra çenli Zelenogorskdäki türgenleşik bazasynda okuw ýygnanyşygyny alyp bararlar. Bu baza Baltika deňziniň Fin aýlagyndaky kenaryny eýeläp oturan şypahana zolagynda ýerleşýär. Bu ýerde türgenlerimiz şu ýylyň oktýabr aýynda Bahreýnde geçiriljek Aziýanyň çempionatyna taýýarlyk görerler.
Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysynyň düzüminde 15 türgen we üç tälimçi bar.
Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».