Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyzda geçirilýän dabaralar, täze desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi bagtyýar ildeşlerimiziň toý şatlygyny has-da artdyrýar. Biz muňa düýn paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň buýurmasy esasynda gurlan «Güneşli» söwda merkeziniň açylyş dabarasynda hem magat göz ýetirdik.
Söwda merkeziniň gurluşygyna 2019-njy ýylyň tomsunda badalga berildi. Onuň gurluşyk işleri Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň merkezi dolandyryş edarasynyň Abatlaýyş-gurluşyk bölümi tarapyndan alnyp baryldy. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 1-nji iýulynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde täze söwda merkeziniň gurluşygynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede bolmalydygyna ünsi çekip, onuň «Güneşli» diýlip atlandyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Söwda merkeziniň umumy meýdany 5 160 inedördül metre barabar bolup, ol merkezi binada ýerleşýän uly supermarketi, azyk we senagat harytlary dükanlarynyň ikisini, şeýle-de gurluşyk harytlary dükanyny öz içine alýar. Söwda merkeziniň çäginde ýerli ilaty täze çörek önümleri bilen üpjün etmek üçin niýetlenen çörek bişirilýän kärhana hem bar. Dükanlardaky önümleriň, esasan, Türkmenistanda öndürilendigi aýratyn bellärlikli ýagdaýdyr.
Bu ýerde alyjylar we işgärler üçin ähli şertler döredildi. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyrylýar. Dükanlarda harytlaryň, şol sanda gündelik isleg bildirilýän harytlaryň, azyk önümleriniň, dünýä belli önüm öndürijileriň harytlarynyň giň görnüşi hödürlenilýär. Bu alyjylaryň barha artýan isleglerini kanagatlandyrmakda aýratyn möhümdir. Dükanlaryň bezeg aýratynlyklary barada aýdylanda bolsa, onda millilige aýratyn orun berlipdir. Bu bolsa dükanlara özboluşly bezeg berip, özüne çekijiligini has-da artdyrýar.
Söwda merkeziniň binasynda aragatnaşyk hyzmatlary üçin TM CELL öýjükli töleg terminallary, ýangyn söndüriji, ýelejirediji we sowadyjy ulgamlar göz öňünde tutulypdyr. Binada ýerleşýän transformator-generator gurnamasy dükanlary we ammarlary üznüksiz elektrik energiýasy bilen üpjün edýär.
Ýeri gelende bellesek, «Güneşli» söwda merkezi her gün sagat 8:00-dan 22:00-a çenli müşderilere hyzmat edýär. Mälim bolşy ýaly, bazar özgertmeleri döwründe ýurdumyzyň sarp edijiler bazarynyň düzümlerinde düýpli üýtgetmeler bolup geçdi: söwda kärhanalarynyň sany artdy, bu pudakdaky ýokary telekeçilik işjeňligi netijesinde, bäsdeşlik güýçlendi.
Täze söwda merkezindäki döwrebap amatlyklar söwdany täzeçe guramaga, müşderilere edilýän hyzmatyň ýokary derejede bolmagyna şert döreder.
Allanur ÇARYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby. Surata düşüren Maksat GYLYJOW.