Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň KARARY

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşanynyň täze nusgasyny tassyklamak barada
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalaryny hem-de birleşigiň işine işjeň gatnaşýan beýleki adamlary höweslendirmek we sylaglamak maksady bilen, karar edýärin:
1. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşanynyň täze nusgasyny tassyklamaly.
2. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşanynyň Düzgünnamasyny tassyklamaly (goşulýar).
3. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşanynyň ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.