Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХIII maslahaty geçirildi

Aşgabat, 15-nji sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХIII maslahaty geçirildi.
Asylly däbe görä, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilýän ählihalk baýramçylygy mynasybetli guralýan foruma dünýäniň dürli döwletlerinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, birleşigiň daşary ýurtly agzalary, şeýle-de ýurdumyzyň dürli künjeklerinden birleşigiň wekilleri gatnaşdylar. Paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde geçirilen bu forum Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlarynda kowçum bolup ýaşaýan watandaşlarymyz bilen ýygjam gatnaşyklary saklaýandygynyň we daşary ýurtlarda ýaşaýan ildeşlerimiziň Diýarymyzda geçirilýän iri forumlara işjeň gatnaşýandygynyň aýdyň beýanydyr.
1991-nji ýylyň maýynda döredilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işi Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhy bilen berk baglanyşyklydyr. Daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hoşniýetli, dostlukly, giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan we ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýän daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Daşary ýurtly watandaşlarymyz bilen alnyp barylýan gatnaşyklaryň mazmuny we ugurlary ýyl-ýyldan artdyrylýar. Ylym, bilim, medeniýet, sungat, neşirýat işi, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, sport, telekeçilik ýaly ugurlardaky gatnaşyklar işjeňleşdirilýär.
Türkmenistanyň beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyny berkitmekde, halkymyzyň medeniýetini, däp-dessurlaryny dünýäde wagyz etmekde we onuň taryhyny, dilini öwrenmekde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigine möhüm orun degişlidir. Birleşigiň daşary ýurtly agzalary öz ýaşaýan ýurtlarynda dürli çäreleri guraýarlar. Döwletimiz daşary ýurtly türkmenleriň ene dilini we özboluşly däp-dessurlaryny saklamak boýunça alyp barýan işlerine möhüm üns berýär. Munuň özi dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan watandaşlarymyzyň nesilleriniň ýurdumyzyň medeni däp-dessurlaryna, baý edebi mirasyna höwesiniň artmagyny, umuman, ynsanperwer gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini şertlendirýär we medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurulmagyna ýakyndan goldaw berýär.
Maslahatyň açylyş dabarasyna Milli Geňeşiň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden bu birleşigiň agzalary, hormatly ýaşulular, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Soňra “Mekan” köşgüniň eýwanynda şanly waka mynasybetli giň gerimli sergi ýaýbaňlandyryldy. Sergide şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, paýtagtymyzyň muzeýleriniň gymmatlyklary, milli lybaslaryň, saz gurallarynyň görnüşleri, zergärleriň döreden ajaýyp eserleri, halylar we haly önümleri, suratkeşleriň işleri görkezildi. Bu ýerde Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň işlerine möhüm orun berlipdir. Serginiň gymmatlyklary türkmen halkynyň taryhy, däp-dessurlary, häzirki döwürde ösüşiň täze derejesine çykan özboluşly sungaty we ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri barada giňişleýin maglumat berýär.
Dokma we lukmançylyk senagatynyň kärhanalary öz diwarlyklaryny görkezdiler. Häzirki zaman neşirýat önümlerine aýratyn üns berlipdir. Onda Gahryman Arkadagymyzyň işleri mynasyp orun eýeleýär. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Çeper söze, milli sungata aýratyn gadyr goýýan hormatly Arkadagymyz dabaranyň şowhunyny artdyrýan bagşy-sazandalar bilen gürrüňdeş boldy.
Gahryman Arkadagymyz ýaşlaryň köptaraplaýyn sazlaşykly ösmelidigine ünsi çekip, talyplaryň saz çalmak, aýdym aýtmak bilen bir hatarda, dutar ýasamak senetçiligini özleşdirmeginiň ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi.
Maslahata gatnaşyjylar Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Gahryman Arkadagymyz Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХIII maslahatyny açyk diýip yglan etdi. Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy maslahatyň dabaraly bölüminiň başlanýandygyny mälim etdi. Şeýle-de maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny uly üns we ruhubelentlik bilen diňlediler.
Döwlet Baştutanymyz foruma gatnaşyjylary Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy, şeýle-de, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХIII maslahatynyň açylmagy bilen gutlap: “Eziz Watanymyzyň dünýä dolan abraýy-mertebesi, halkymyzyň agzybirligi we jebisligi, döwletliligimiz hem-de rowaçlygymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Taryh üçin uzak bolmadyk döwürde demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiz kemala geldi, dünýä bileleşigi bilen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary ýola goýuldy” diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiz dünýä türkmenleri bilen dostlukly gatnaşyklary has-da giňeltmegiň biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biridigini belläp, birleşigiň XXIII maslahatynyň dünýä türkmenlerini has-da jebisleşdirmek, doganlyk gatnaşyklary we agzybirligi pugtalandyrmak, ählumumy parahatçylyga, dostluga, abadançylyga, ösüşe gönükdirilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatda örän uly ähmiýete eýe boljakdygyna pugta ynam bildirdi.
Arkadagly Serdarymyzyň: “Parahatçylygyň we dostlugyň mekany bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz hakyndaky beýik düşünjelerimizi Ýer ýüzünde dabaralandyrmak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr” diýen sözleri dabaraly foruma gatnaşyjylaryň her biriniň kalbynda aýratyn orun eýeledi. “Çünki Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!”. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagy şowhunly el çarpyşmalar bilen kabul edildi.
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti maslahata gatnaşyjylaryň adyndan ynsanperwer gymmatlyklaryň dabaralanmagyny şertlendirýän syýasat üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.
Soňra maslahatyň gün tertibi biragyzdan tassyklanyldy. Onda ýerine ýetirilen işler barada hasabatlar we döwlet ösüşiniň täze tapgyrynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işiniň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak öz beýanyny tapdy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berilýär.
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti hemmeleri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda uly dabaralara beslenip belleniljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy hem-de bu uly toýumyza gabatlanyp geçirilýän forumyň öz işine başlamagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Garaşsyzlyk türkmen halkynyň milli buýsanjydyr. Ata Watanymyzyň Garaşsyzlygyny almagy diňe bir Türkmenistanyň raýatlarynyň däl, eýsem, takdyryň emri bilen taryhyň dürli döwürlerinde Ýer ýüzündäki ençeme ýurtlarda mesgen tutan türkmenleriň ykbalyna-da örän uly täsirini ýetirdi. Olar hem Türkmenistanyň raýatlary ýaly döwletli boldular, ata Watanly, dagdan arkaly boldular. Döwletimiz dünýäniň çar tarapyna ýaýran kowumdaşlarymyzy milli-ruhy taýdan bitewüleşdirmek, jebisleşdirmek üçin örän giň ýol açdy. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň döredilmegi bu maksatlaryň amala aşmagyny şertlendirdi diýip, hormatly Arkadagymyz belledi.
Guramanyň taryhy barada aýdyp, Gahryman Arkadagymyz onuň mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen ýaşytdaşdygyny we onuň 1991-nji ýylyň 18-nji maýynda döredilendigini aýtdy. Hut şol gün Ýer ýüzüniň 10 döwletinde ýaşaýan türkmen doganlarymyz ilkinji gezek özleriniň taryhy ata Watany Türkmenistanda bir supranyň daşyna üýşdüler. Munuň özi beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň: «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,//Göteriler ol ykbaly türkmeniň» diýen arzuwynyň amala aşandygyny görkezdi. Şonda türkmen paýtagtynda Dünýä türkmenleriniň ilkinji maslahaty bolup geçdi hem-de Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi döredildi. Maslahatda guramaçylyk meselelerine seredilip, oňa gatnaşyjylaryň biragyzdan goldamagy bilen, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Düzgünnamasy kabul edildi.
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň belleýşi ýaly, milli Garaşsyzlygymyz bütin dünýäniň türkmenlerini bir bitewi ynsanperwer gurama jemlemäge, Ýer ýüzüniň ençeme ýurdunda ýaşaýan watandaşlarymyzyň wekillerini uly hem döwletli maslahata ýygnamaga mümkinçilik berdi.
Milletimiz bilen bagly taryhy çeşmeleri we edebi mirasymyzy yzygiderli öwrenýändigini aýdyp, olara ser salsaň ýa-da häzirki zaman alymlarynyň işleri bilen tanyşsaň, taryhyň dürli döwürlerinde türkmenleriň dünýäniň köp ýerine ýaýrandygyny görmek bolýar diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Pederlerimiziň dürli sebäpler bilen dünýäniň çar tarapyna göç edip başlamagy öz gözbaşyny has irki döwürlerden, baryp Oguz han atamyzyň eýýamyndan alyp gaýdýar.
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti edebi mirasymyzda beýan edilýän Oguz hanyň dünýä eden beýik ýörişlerini suratlandyrýan wakalaryň pederlerimiziň şol döwürlerde Zeminiň dürli künjeklerine ýol salandyklaryna şaýatlyk edýändigini belledi. Gündogarda Hindistan, Günbatarda Ortaýer deňzi aralykda ençeme döwleti guran ata-babalarymyz XII-XIII asyrlarda-da dünýä ýaň salan birnäçe şadöwletleri döredipdirler. Şolaryň iň bellileriniň hatarynda seljuk türkmenleriniň Günbatara eden ýörişlerini hem-de soňlugy bilen Anadoluda dünýä belli Osman şadöwletini esaslandyrmaklaryny ýatlamak bolar. Dürli sebäpler bilen türkmenleriň çet ýurtlara göç etmegi ýigriminji ýüzýyllygyň ortalaryna çenli dowam edipdir.
Men «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy» atly kitaplarymda türkmen milletiniň iň eziz görýän zadynyň ata-baba ýol-ýörelgeleridigi barada gürrüň edipdim. Milli ýörelgelerimize bolan bu söýgimiz bize aslymyzdan daşlaşmazlyga, türkmen bolup galmagymyza mümkinçilik berdi diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Bu gün biz türkmenleriň haýsy ýurda, dünýäniň haýsy medeni ýa syýasy giňişligine düşse-de, öz türkmen düşünjesini esasy gymmatlyk hökmünde aýawly saklap gelendigini görýäris. Munuň özi türkmeniň milli duýgusynyň hiç mahal öz asylky çuňlugyny we durulygyny ýitirmändigini aňladýar. Ata-babalarymyzyň görkezen edermenlikleri baradaky ajaýyp edebiýat, sungat eserleri hem-de ylmy işler biziň üçin şeýle duýgynyň egsilmez çeşmesi bolup hyzmat edýär diýip, hormatly Arkadagymyz nygtady.
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti türkmen milletiniň däp-dessuryna, urp-adatyna, diline hem dinine, egin-eşigine, gündelik ýaşaýyş endiklerine juda wepaly millet bolandygy barada aýdyp, bularyň milleti millet edýän gymmatlyklardygyny belledi. Döwürleriň özgerip, täze-täze zatlaryň oýlanyp tapylýandygyna garamazdan, biz öz milliligimiziň asyl köklerini dowam etdirmek bilen, ýaşaýyş-durmuş baradaky düşünjelerimizi döwrebap röwüşde kämilleşdirip bilýän milletdiris. Dünýä ýüzüne özümiziň nusgalyk pikirlerimizi we önümlerimizi bermegi-de, dünýäniň biziň milli ruhumyza laýyk gelýän kämilliklerini kabul etmegi-de başarýan milletdiris. Häzirki wagta çenli türkmen Gündogarda iň dostana, özge halklara hoşamaý garaýan milletleriň biri hökmünde tanalyp gelipdir diýip, hormatly Arkadagymyz belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz özüňkini gowy görmegiň, iliňkini ýigrenmegi aňlatmaýandygyny belläp, özüni hormatlaýan milletiň ili-de hormatlap bilýändigini aýtdy. Türkmeniň geçmişde beýik imperiýalary gurup, özge halklar bilen oňşukly hem gowy gatnaşyklary saklap gelendigi-de munuň aýdyň subutnamasydyr diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Bir tarapdan, özi üçin milli gymmatlyklaryny ähli zatdan ilerde goýup bilmegi, beýleki tarapdan, özge milletler barada açyk göwünliligi we hoşniýetliligi türkmeni dünýä milletleriniň derejesine çykardy. “Dünýä milletleri” baradaky düşünje hakynda aýdyp, hormatly Arkadagymyz bu düşünjäniň özüniň taryhy boýunça özge milletler bilen medeni-ruhy, maddy-ruhy gatnaşyklary alyp baryp, adamzat maşgalasynda belent ornuny saklap ýaşamaga ukyplydygyny görkezen milleti aňladýandygyny nygtady. Şeýle millet dünýäniň medeni ösüş taryhyna özboluşly goşantlaryny goşup bilýändir. Türkmen milleti, ine, şeýle milletdir diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.
Türkmenler müňýyllyklaryň geçendigine garamazdan, nirede ýaşasalar-da, özleriniň däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny, halk döredijilik eserlerini asyl durkunda saklap bilipdirler. Bu biziň öz milli dilimize, milli duýgularymyza hem-de milli däp-dessurlarymyza aýratyn uly hormat goýýan halkdygymyzy görkezýär diýip, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti aýtdy. Bu aýratyn üns berilmeli we buýsanylmaly hakykatdyr. Şeýle bolansoň, käbir ownuk tapawutlaryň bardygyna garamazdan, dünýäniň ähli türkmenleriniň dilinde-de, däp-dessurynda-da asylky birligi görmek bolýar. Türkmenleriň bu aýratynlygy milletimiziň aňyrsynyň beýikdigine, nirede ýaşasalar-da, öz aslyna buýsanýandyklaryna we ata-babalarynyň milli gymmatlyklaryny gözleriniň göreji deýin gorap saklaýandyklaryna güwä geçýär.
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işi barada aýdyp, hormatly Arkadagymyz müňýyllyklaryň dowamynda dürli sebäpler bilen Zeminiň çar tarapyna ýaýran türkmen doganlarymyza biri-birlerini tanatmak, olaryň taryhy ata Watany bilen ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýmagyna ýardam bermek, milli medeniýetimizi, sungatymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmek ýaly işleriň birleşigiň esasy maksady hökmünde kesgitlenendigini belledi.
Döredilenden bäri Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahatynyň 22 gezek geçirilendigi bellenildi. Ähli türkmen maslahatlary, köplenç, mukaddes Garaşsyzlyk toýuna gabatlanyp geçirilýär. Munuň özi, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen doganlarymyza ata Watanly doganlary bilen Garaşsyzlyk toýuny bile toýlamaga, özbaşdaklygyň, erkinligiň, Garaşsyzlygyň eçilen miwelerini synlamaga, olara buýsanmaga giň mümkinçilik döredýär.
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň üsti bilen Watanymyzda geçirilýän her bir döwletli çärä daşary ýurtly doganlarymyz hem çagyrylýar. Şunuň özem Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işiniň barha kämilleşýändiginden, ýurduň içinde-de, daşynda-da onuň abraýynyň günsaýyn artýandygyndan habar berýär diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy.
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň belleýşi ýaly, geçen 31 ýylyň dowamynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi öz öňünde goýan maksatlaryna ygrarly bolup, ynsanperwerlige, haýyr-yhsana ýugrulan ençeme işleri durmuşa geçirdi, onuň netijesinde daşary ýurtlarda ýaşaýan doganlarymyz bilen aragatnaşyklarymyz belent derejelere göterildi.
Häzirki wagtda daşary ýurtlaryň 14-sinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň 27 bölümi bar. Biz olar bilen peýdaly, işjeň, ykdysady hem-de netijeli ynsanperwer gatnaşyklaryny saklaýarys. Birleşigiň daşary ýurtly şahsy agzalarynyň sany 345-e ýetip, olar dürli ugurlarda işleri alyp barýarlar.
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurtlardaky bölümlerinde türkmeniň milli baýramçylyklaryny, Türkmenistanyň teklibi esasynda ykrar edilen halkara derejesindäki şanly seneleri giňden bellemek, olara bagyşlap, dürli çäreleri guramak ýola goýuldy. Bu bölümleriň agzalary Watanymyz bilen ýakyn aragatnaşyk saklap, Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistanda alnyp barylýan ägirt uly özgertmeleri, türkmeniň milli medeniýetini we däp-dessurlaryny öz ýaşaýan ýerlerinde wagyz edýärler. Ata-babalarynyň şöhratly ýollaryny öwrenip, olary dünýä ýaýyp, asly beýik türkmen halkynyň nesilleridigine buýsanýarlar. Bu günki gün Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi halkara derejeli abraýly guramalaryň birine öwrüldi diýip, hormatly Arkadagymyz belledi.
Türkmenistanyň häzirki zaman daşary syýasat ugry barada aýdyp, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti soňky ýyllarda Türkmenistanyň dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýandygyny, ýurdumyzyň abraýly halkara guramalarynyň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýandygyny, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara konwensiýalarynyň we ylalaşyklaryň 161-sine gatnaşýandygyny belledi.
Garaşsyz Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege sarpa goýmaga, deňhukuklylyga hem-de dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanan Bitaraplyk syýasatyny dowam etdirýär. Döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeleri, ýagny Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ýardam bermek Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr diýip, hormatly Arkadagymyz belledi.
Häzirki wagtda daşary ýurtlarda Türkmenistanyň 40 sany diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary işleýär. Şeýle hem ýurdumyzyň ilçileri halkara guramalarynyň 15-sinde Watanymyza wekilçilik edýärler. Biziň ýurdumyzda bolsa, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň 46-sy işleýär. Olaryň ählisiniň işinde hem daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenler bilen iş alyp barmak ähmiýet berilýän ugurlaryň biri bolup durýar.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň belleýşi ýaly, Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri we halklary üçin açykdyr. Biz olar bilen iki tarapa bähbitlilige, birek-birege sarpa goýmaga, özara düşünişmäge esaslanýan söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hem-de ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklarymyzy yzygiderli ösdürýäris.
Hormatly Arkadagymyz biziň daşary syýasatymyzda bu ugra degişli ýörelgeleriň, ilkinji nobatda, gaýry döwletleriň içki işine gatyşmazlygy aňladýandygyny aýtdy. Şu ýerde bellemek isleýän zadym, daşary ýurtlarda ýaşaýan doganlarymyz özleriniň degişli döwletleriniň raýatlary bolup durýandyklaryndan ugur almalydyr. Şu babatda olaryň üstüne uly jogapkärçilik düşýändigini hem bellemeli. Sebäbi olara seredip, türkmene baha berýändirler.
Elbetde, olary biz öz raýatlarymyzdan aýry görmeýäris. Olar hem biziň ata-babalarymyza mahsus bolan dosta wepalylyk, lebizlilik, ygrarlylyk, beren sözünde durmak, pespällik, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetlere eýerip, türkmeniň adyny ýagşylykda ýaýmaga mynasyp goşant goşýarlar diýip, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti belledi we bu işleri üçin olara minnetdarlyk bildirdi.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanan üstünlikleri, onuň halkara abraýy barada aýtdy. Diýarymyzyň her bir gününiň ajaýyp zähmet ýeňişlere beslenýändigi bellenildi. Biziň öňe süren «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämiz halkymyzyň bagtyýar durmuşda, bolelinlikde ýaşamagyna, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň çalt we durnukly ösmegine amatly şertleri döretdi.
Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde agzybir halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak, Diýarymyzy ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürmek, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak ugrunda uly işleriň amala aşyrylýandygy bellenildi. Ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda iri möçberli taslamalar durmuşa geçirilip, senagat önümçilik toplumlary, zawod-fabrikler, döwrebap medeni-durmuş maksatly binalar, ýaşaýyş jaýlary, täze obalar, şäherler we şäherçeler yzygiderli gurulýar.
Bagtyýar halkymyz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara syýasatynda, senagat, saglygy goraýyş, ylym, bilim ulgamlarynda, sportda, oba hojalygynda we beýleki möhüm pudaklarda amala aşyrýan ägirt uly işlerine jebislikde, agzybirlikli zähmet çekmek bilen öz mynasyp goşandyny goşýar. Bularyň ählisi biziň halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrundaky belent maksatlarymyzyň myrat tapýandygynyň, alyp barýan işlerimiziň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamalarydyr diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Türkmenistan, hakykatdan hem, parahatçylygyň, ylalaşdyryjylygyň merkezine, galkynyşlar, ösüşler mekanyna, sagdynlygyň, ruhubelentligiň ýurduna öwrüldi. Dünýä türkmenleri hem raýatlarymyz bilen bilelikde ata Watanymyzyň ösüşlerine, üstünliklerine guwanýarlar, buýsanýarlar. Biz ata Watanymyza buýsanmaga haklydyrys diýip, hormatly Arkadagymyz belledi.
Biz şanly baýramçylyklarymyz mynasybetli ata Watanymyzyň üstünliklerine mynasyp goşant goşan, köp ýyllaryň dowamynda halal zähmet çeken watandaşlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglaýarys, olara hormatly atlary dakýarys diýip, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti sözüni dowam etdi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda dünýä türkmenleriniň wekillerinden hem «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy» diýen belent ada, döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlar ýa-da Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri bolanlar, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň «Ynsanperwerligiň sarpasy» atly nyşany bilen sylaglananlar örän köpdür. Bu bolsa, olaryň bitiren işlerine biziň ýokary baha berýändigimizi, dünýä türkmenlerini öz raýatlarymyzdan aýry görmeýändigimizi, olar hakda hemişe alada edýändigimizi aňladýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly ýörelgelere eýerip, dünýäde ýaşaýan türkmen doganlarymyz bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan işler hem dowam etdirilýär diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy.
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahatynyň gün tertibi barada aýdyp, Gahryman Arkadagymyz onuň dowamynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň öňünde durýan wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.
Soňra Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti «Ynsanperwerligiň sarpasy» atly nyşanyň täze nusgasyny tassyklamak barada karara gelendigini, şunuň bilen baglylykda, bu nyşanyň täze taslamasynyň taýýarlanandygyny belledi.
Hormatly Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň täze nyşany bu birleşigiň agzalaryny hem-de birleşigiň işine işjeň gatnaşýan beýleki adamlary sylaglamak we höweslendirmek maksady bilen döredilýär. Bu nyşan bilen türkmen halkynyň milli medeniýetini, sungatyny, halk döredijiligini, edebiýatyny, şöhratly taryhyny, ylmyny, ýazuw ýadygärliklerini, döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini, dünýäde parahatçylygy, hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek babatda alyp barýan syýasatyny öwrenip, dünýä ýaýmakda we dürli ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň özara doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde türkmen halkynyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin Türkmenistanyň raýatlary we beýleki döwletleriň raýatlary sylaglanýar.
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşanynyň täze nusgasyny tassyklamak baradaky Karara gol çekdi we şu gün sylaga hem-de hormat nyşanyna mynasyp bolan adamlaryň uly hormat bilen sylaglanýandygyny belledi.
Soňra hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşigiň baş wezipesiniň dünýäniň dürli ýurtlaryna düşen türkmenler üçin asylbaşky milli ruhy gymmatlyklarymyzy elýeterli etmekden, birek-birege ruhy goldaw, hemaýat bermekden ybaratdygyny aýratyn belledi.
Birek-birek bilen mähirli gatnaşmak, goňşular bilen agzybir ýaşaşmak, olara agyr günlerinde goldaw bermek türkmen halkyna mahsus häsiýetlerdir. Biz şol ýörelgelerimize hemişe eýerip gelýäris. Bu babatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi tarapyndan köp işler amala aşyryldy.
Şunuň bilen baglylykda, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti bu ugra degişli käbir mysallara ýüzlendi. Owganystan döwletinde ýaşaýan doganlarymyza çagalar üçin mekdep harytlary, azyk we dokma önümleri, dermandyr lukmançylyk serişdeleri yzygiderli iberilýär. Olara mekdepleri, saglyk öýlerini we beýleki durmuş maksatly binalary, demir ýol, elektrik geçiriji ulgamlary gurup bermegi dowam edýäris. Elektrik energiýasyny we beýleki uglewodorod serişdelerini ýeňillikli şertlerde iberýäris. Owganystanly ýaşlaryň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamaklary üçin ähli şertleri döredýäris. Bu sanawy ýene ep-esli uzaltmak mümkin diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi.
Türkmen döwletiniň owgan halkyna diňe bir maddy kömekleri etmek bilen çäklenmän, ruhy goldawlary-da berýändigini belläp, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşik tarapyndan döredilen alymlardan, edebiýat we sungat ussatlaryndan ybarat medeni toparlaryň birnäçe gezek Owganystanda saparda bolup, ýörite medeni maksatnamalar bilen çykyş edendiklerini, çagalar öýlerinde terbiýe alyp ýörenlere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlary gowşurandyklaryny nygtady.
Biz türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan beýleki döwletlerine-de ynsanperwerlik ýardamlaryny berýäris. Doganlarymyzyň ýaşaýan ýene bir ýurdy bolan Täjigistan Respublikasyna hem dizel ýangyjy, çaga egin-eşikleri we beýleki harytlar ynsanperwer kömek hökmünde iberildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz 2010-njy ýylyň martynda Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde Täjigistan Respublikasynda döwlet saparynda bolan günlerinde Türkmenistandan baran wekilçilikli topara Duşenbe şäherinde ýerleşýän Gündogary öwreniş we ýazuw mirasy institutynda Täjigistanda ýaşaýan türkmenleriň uly topary bilen duşuşmagy tabşyrandygyny belledi.
Ýakynda bolsa, ýene-de bir sogap işe badalga berlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň buýurmagynda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binalar toplumynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edildi diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy.
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragy Ýer ýüzüniň ähli türkmenlerini ruhy taýdan birleşdirýän şahsyýetdir. Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleriniň baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärlerinden düzülen ýörite toparlar Russiýa Federasiýasynyň Stawropol ülkesinde, Astrahan oblastynda ýaşaýan türkmen doganlarymyzyň arasynda bolup, Magtymguly Pyragynyň şol ýerlerde bina edilen heýkelleriniň açylyş dabaralaryna gatnaşdylar. Bu heýkeller türkmen heýkeltaraşlary tarapyndan bina edilip, olara sowgat berildi.
Belent ynsanperwerlige ýugrulan şeýle sogap işler doganlarymyzyň kowçum bolup ýaşaýan ýurtlary bilen gatnaşyklarymyzy, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklarymyzy has giňeltmäge, sebitde, galyberse-de, tutuş dünýäde parahatçylygy berkitmäge oňyn täsir edýär diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň: «Biziň hoşniýetli Bitaraplyga, belent ynsanperwerlige esaslanýan daşary syýasatymyz sebitiň we dünýäniň ähli döwletleri bilen ynanyşyp, parahatçylykda ýaşamaga, özara bähbitli ykdysady, medeni, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilendir» diýip belleýändigini nygtap, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti aýdylanlardan ugur alyp, geljekde Birleşik tarapyndan alnyp barylýan doganlyk gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belledi.
Biziň daşary ýurtly doganlarymyz bilen medeni-ynsanperwer aragatnaşyklarymyzy has köp ugurlarda we dürli görnüşlerde alyp barmaga mümkinçiliklerimiz bar diýip, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti belledi. Hormatly Arkadagymyz bu babatda has ähmiýetli ugurlar barada aýtdy: daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen doganlarymyzyň ata Watanda bilim almaklaryna ýardam bermegi dowam etmeli; türkmen taryhyna we medeniýetine degişli ylmy maslahatlary guramaly; daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen doganlarymyza Türkmenistanyň medeni hem taryhy ýadygärlikleri bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilikleri döretmeli; zyýarat, saglygy goraýyş babatda syýahatçylyk aragatnaşyklaryny giňeltmeli; tele we radioýaýlymlar arkaly medeni gatnaşyklary ýola goýmaly; her hili tebigy ýa-da gaýry betbagtçylyklaryň ýüze çykan halatlarynda, daşary ýurtlarda ýaşaýan doganlarymyza maddy hem ruhy ynsanperwer kömegini bermeli; ýurtlaryň arasynda döwlet derejesindäki ylalaşyklaryň bar halatynda hyzmatdaşlygyň we goldawyň beýleki görnüşlerini amala aşyrmaly; daşary ýurtlarda ýaşaýan, dünýäde meşhurlyk gazanan edebiýat, ylym, sungat äleminde belli bolan doganlarymyzyň eserlerini elektron neşirleriň, döwürleýin metbugatyň üsti bilen halkymyza ýetirmeli; gündelik we döwürleýin metbugaty internet saýtlary arkaly dünýä ýurtlarynyň halklary üçin elýeterli etmeli. Hormatly Arkadagymyz şunda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň «Türkmen dünýäsi» gazetine aýratyn ornuň degişlidigini nygtady. Şeýle hem türkmen taryhyna, halk döredijiligine, edebiýatyna, däp-dessurlaryna degişli dürli kitaplaryň, şeýle-de türkmen diline, taryhyna we beýleki milli gymmatlyklara degişli okuw kitaplarynyň elektron görnüşlerini dünýä türkmenleri üçin elýeterli etmegiň hem möhümdigi bellenildi.
Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşiniň täze tapgyrynyň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyrylandygyny aýdyp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti ata Watanymyzda asudalygy, howpsuzlygy üpjün etmek, durmuş-ykdysady ösüşi gazanmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak, dünýäde parahatçylygyň, özara ynanyşmagyň höküm sürmegine ýardam etmek, dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak öňde durýan wezipeleriň iň esasylarydygyny belledi.
Bu işleriň ylmy we hukuk esaslary bolup hyzmat etjek resminamalary, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» kabul edilendigini aýdyp, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine, ýurdumyzyň raýatlary bilen bilelikde, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen doganlarymyz hem öz mynasyp goşantlaryny goşup bilerler diýip, hormatly Arkadagymyz belledi.
2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary, türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýiniň halkara derejesinde giňden belleniljekdigini aýdyp, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti bu möhüm çäräni guramaçylykly geçirmek üçin öz yhlasymyz bilen ähli tagallalaryň edilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny, şygyrlaryndaky pelsepe älemini, ХIХ — ХХI asyrlarda türkmen durmuşyna ýetiren uly täsirini ylmy esasda öwrenmek, onuň döredijiliginiň türkmen durmuşy, tutuş Gündogaryň ylmy-medeni durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşygyny döwrebap sanly tehnologiýalaryň üsti bilen açyp görkezmek, şahyrana dünýäsine ylmy-edebi jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek biziň esasy maksadymyz bolup durýar.
Häzirki wagtda türkmen akyldarynyň pähim-parasadyna, baý edebi mirasyna dünýä guwanýar, ony içgin öwrenýär. Magtymguly Pyragynyň eserleri dünýä dilleriniň köpüsine terjime edildi. Dünýäniň 30-dan gowrak ýurdunda türkmen akyldarynyň heýkeli oturdyldy. Iri şäherleriň onlarçasynda köçelere Magtymgulynyň ady dakyldy. Bu barada aýdyp, hormatly Arkadagymyz beýik türkmen akyldarynyň şan-şöhratynyň dünýä ýaýylmagyna Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ähli agzalarynyň daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen doganlarymyz bilen bilelikde mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna berk ynanýandygyny belledi.
Biz öňümizde duran möhüm meseleleri çözmekde, Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan beýik işleri dünýä ýüzünde wagyz etmekde yhlasymyzy gaýgyrman, ata Watanymyza çäksiz söýgi bilen zähmet çekmelidiris. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, watansöýüjilik bagtyýarlygyň çeşmesidir. Watana bolan söýgi– bu Garaşsyz döwletimize, türkmen topragyna, däp-dessurlaryna, halkyň mukaddesliklerine, bu topragy söýýän her bir ynsana — ene-atalarymyza, dogan-jigilerimize, aga-uýalarymyza, şu günümize we geljegimize bolan söýgüdir, hormat-sylagdyr.
Watana bolan söýgi — ähli gowy duýgularyň gönezligi. Ynsany erkin ýaşadýan we bagtly edýän, gursaklarda ýaşaýyş-durmuş umydyny, ösüşlere we täze belentliklere ymtylmaga itergi berýän zat Watan söýgüsidir. Biz özümiziň bagtly geljegimiz, bagtyýarlygymyz üçin bu mukaddes topragy — ata Watany jandan söýmäge borçludyrys diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Hemmeleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli hem-de bu uly baýramçylyga gabatlanyp geçirilýän Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIII maslahatynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, Gahryman Arkadagymyz maslahata gatnaşyjylara berk jan saglyk, uzak ömür, işlerinde rowaçlyk, maşgala abadançylygyny, ýurt parahatçylygyny arzuw etdi.
“Mekan” köşgünde hormatly Arkadagymyzyň aýdan şahyrana setirleri mähriban Watanymyzyň gazanýan üstünlikleriniň senasy bolup ýaňlandy.

Parahatlyk — ýürek baýdagy,
Älem-jahan mähir mukamy,
Türkmenistan — bahar baýramy,
Türkmenistan — Dostluk mekany.
Öňe, öňe, diňe öňe — jan Watanym Türkmenistanym!

Maslahata gatnaşyjylar mähriban Arkadagymyzyň şahyrana setirlerini agzybirlikde, uly ruhubelentlik bilen gaýtaladylar.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti, ýurdumyzyň Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy maslahata gatnaşyjylar we forumyň myhmanlary tarapyndan uly üns berlip diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Maslahatyň dowamynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurtlardaky bölümleriniň işi barada Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen wekiller, şeýle hem “Türkmen dünýäsi” gazetiniň baş redaktory pursatdan peýdalanyp, daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyz hakynda hakykatdan-da, atalyk aladasynyň edilýändigi, bu ugurda halkara derejesinde maglumat giňişliginiň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Maslahata gatnaşyjylar Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagyna kömek-goldawyň berilmeginiň, aýratyn-da, onuň etraplarynyň elektrikleşdirilmeginiň, gazlaşdyrylmagynyň, mekdepleriň, saglygy goraýyş edaralarynyň, 500 orunlyk metjidiň gurulmagynyň, bular üçin hünärmenleriň taýýarlanylmagynyň Türkmenistanyň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik syýasatynyň esasy ugurlarydygyny nygtadylar.
Daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri Türkmenistanyň başlangyjy bilen ulag we energetika ulgamlarynda amala aşyrylýan iri halkara taslamalaryň diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmegini şertlendirýändigini bellediler. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylara ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna çykarmaga gönükdirilen iri taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada maglumatlar berildi.
Bellenilişi ýaly, watandaşlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy üpjün etmek, Türkmenistanyň ynsanperwer syýasatyny, taryhy-medeni mirasyny, halkymyzyň däp-dessurlaryny we ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini dünýäde wagyz etmek daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, öňe sürýän oňyn başlangyçlaryny ösdürmekde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigine möhüm orun degişlidir.
Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiziň oňyn halkara başlangyçlary, alyp barýan ynsanperwer syýasaty döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine we ösdürilmegine, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilendir.
Türkmen medeniýetiniň we onuň görnükli wekilleriniň giňden wagyz edilmegini şertlendirýän çäreleri geçirmek hakynda hem aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, dünýä türkmenleriniň beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bolan gyzyklanmalaryny aňladýan Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurtlardaky bölümlerinde dürli çäreleriň geçirilmeginiň wajypdygy nygtaldy.
Maslahata gatnaşyjylar daşary ýurtly watandaşlarymyz hakynda atalyk aladasyny edýändigi we olaryň işine yzygiderli üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyk bildirdiler. Şeýle hem olar mähriban Watanymyzyň gazanýan üstünliklerine, pederlerimiziň gadymy topragynda amala aşyrýan giň möçberli özgertmelere, parahatçylygyň, ynsanperwerligiň we ählumumy ösüşiň tarapdary bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýyna buýsanýandyklaryny nygtadylar. Şeýle hem mähriban Watanymyza, hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan asylly işlerine bagyşlanan goşgy setirleri bu ýerde guralan maslahatyň many-mazmun bilen baýlaşmagyny şertlendirdi.
Maslahata gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan daşary we içeri syýasatynyň ynsanperwer ýörelgelerine laýyklykda, dünýä türkmenleriniň medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň tutuş türkmen halky we daşary ýurtlarda ýaşaýan millionlarça watandaşlarymyz tarapyndan biragyzdan goldanylýandygyny nygtap, çykyş edenler olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny nygtadylar.
Forumyň çäklerinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, guramanyň agzalaryny, şol sanda daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň birnäçe wekillerini «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşany bilen sylaglamak dabarasy boldy. Munuň özi Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işiniň kämilleşmegine, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyna mynasyp goşant goşan daşary döwletleriň we ýurdumyzyň raýatlarynyň bitirýän hyzmatlarynyň döwlet derejesinde sarpalanýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen gutlap, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň berkidilmeginiň we onuň halkara abraýynyň belende galmagynyň, milletiň ruhy däpleriniň galkynmagynyň bähbidine alyp barýan işleri we daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň işine yzygiderli üns berýändigi üçin Arkadagly Serdarymyza hoşallyk sözleri beýan edildi.
Paýtagtymyzyň medeniýet we döredijilik toparlary foruma gatnaşyjylar üçin aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar. “Mekan” köşgünde gadymy we baky juwan türkmen topragyny, zähmetsöýer we zehinli halkymyzy wasp edýän belent ruha beslenen aýdym-sazlar ýaňlandy.
                                                ***
Ýeri gelende aýtsak, daşary ýurtly watandaşlarymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli guraljak baýramçylyk çärelerine gatnaşarlar.