DUŞUŞYKLAR

Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşygy
Samarkant, 15-nji sentýabr (TDH). Şu gün Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Samarkanda gelen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy.
Dostlukly ýurduň Baştutany türkmen kärdeşini mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimizi şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanylan ynamly ýeňşi bilen gutlady hem-de iň ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz gutlaglar üçin minnetdarlygyny beýan etdi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibi boýunça pikir alyşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirip, hytaý Liderine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi.
Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz HHR-iň Kommunistik partiýasynyň öňde boljak XX gurultaýynyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi hem-de onda kabul ediljek möhüm çözgütleriň doganlyk Hytaýyň syýasy, ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, ýola goýlan döwletara hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetini belledi, taraplaryň erk-islegleri, şol sanda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly şahsy goşandy netijesinde hyzmatdaşlyk gatnaşyklary strategik derejä çykaryldy.
Häzirki wagtda ýurtlaryň ikisi hem strategik gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyryp, diňe bir işjeň ösdürmek bilen çäklenmän, halkara giňişlikde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Dostlukly döwletiň Baştutany ýangyç-energetika toplumynyň hytaý-türkmen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýandygyny belläp, bu ulgamda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek hem-de Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygy boýunça türkmen tarapynyň tekliplerini doly goldady.
Duşuşygyň dowamynda taraplaryň ikitaraplaýyn, şeýle-de köptaraplaýyn esasda, şol sanda “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygy beýan edildi. Syýasy gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz iki ýurduň Daşary işler ministrliklerine “Ýol kartasyny” taýýarlamagy tabşyrmagy teklip etdi. Oňa ýokary derejedäki gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de hökümetara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek baradaky teklipler girizilse, maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini hasaba alyp, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň nobatdaky mejlisini taýýarlamak we geçirmek teklip edildi. Şeýle-de, “Bir guşak, bir ýol” strategiýasyny “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” konsepsiýasy bilen utgaşdyrmak hakynda ikitaraplaýyn resminama gol çekmek meselesine garamaga türkmen tarapynyň taýýardygy beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gaz ulgamynyň ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyna ünsi çekip, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygy boýunça gepleşikleri işjeňleşdirmek maksady bilen, gaz hyzmatdaşlygy boýunça döredilen bilelikdäki iş toparynyň nobatdaky duşuşygyny geçirmegi teklip etdi.
Ulag we logistika ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýol gatnawlarynyň täze ugrunyň geljegi uly hasap edilýär. Bellenilişi ýaly, bu geçelgäniň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin konteýner gatnawlary boýunça dörttaraplaýyn ylalaşygy baglaşmak maksadalaýyk bolar. Şunuň bilen birlikde, taraplar bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş we beýleki durmuş ähmiýetli ugurlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň hem-de pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtadylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. HHR-iň Başlygy çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, Türkmenistanyň Baştutanyna netijeli söhbetdeşlik, däp bolan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça beýan edilen teklipler üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy özleri üçin islendik amatly wagtda Hytaýa sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Iki döwletiň Baştutanlary hoşlaşanlarynda birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, iki dostlukly ýurduň bähbitlerine hem-de durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýän netijeli gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Samarkant, 15-nji sentýabr (TDH). Şu gün Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Samarkant şäherine gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.
Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, duşuşykda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Prezident Wladimir Putiniň türkmen kärdeşine ýüzlenip belleýşi ýaly, ol bu duşuşyga örän şatdyr. Russiýanyň Baştutany söhbetdeşligi altynjy Hazar sammitine gatnaşmak üçin Aşgabada sapar bilen baranynda özüne hem-de rus wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk sözleri bilen başlamak isleýändigini aýtdy. Russiýanyň Lideri şol çäräniň ýokary derejede geçirilendigi bilen Türkmenistanyň Baştutanyny ýene bir gezek gutlap, sammitiň diňe bir Hazar sebitinde gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam bermek bilen çäklenmän, kenarýaka ýurtlaryň ählisi üçin örän möhüm bolan ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryň giňeldilmegine hem uly itergi berendigini nygtady.
Şu ýylyň aprel aýynda ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilendigini aýdyp, RF-niň Prezidenti degişli resminamalarda öz beýanyny tapan strategik hyzmatdaşlygyň derejesiniň iş ýüzünde tassyklanylýandygyny belledi. Russiýanyň Baştutany şunda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň uly şahsy goşandynyň bardygyny nygtap, hormatly Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny aýtdy.
Rus-türkmen strategik hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna goşan uly goşandy üçin Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow RF-niň ýokary döwlet sylagy — “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni bilen sylaglandy. Şeýle-de Prezident Wladimir Putin RF-niň parlamentiniň ýokary palatasynyň ýolbaşçysy Walentina Matwiýenkonyň çakylygy boýunça Russiýa öňde boljak sapary mahalynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen duşuşmaga şat boljakdygyny belledi.
Häzirki wagtda taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň 10-njy iýunda Moskwa amala aşyran resmi saparynyň barşynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça iş alyp barýarlar.
Prezident Wladimir Putin ykdysady gatnaşyklarda energetikanyň aýratyn orun eýeleýändigine ünsi çekip, RF-niň iri “Gazprom” we Tatneft” kompaniýalarynyň Türkmenistanda alyp barýan köpýyllyk işlerini belledi. Russiýaly hyzmatdaşlaryň netijeli işlemegi üçin döredilýän ähli zerur şertler üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, dostlukly ýurduň Lideri Russiýanyň sebitleriniň ençemesi bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýan Türkmenistan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň ugur edilýändigini tassyklady.
Ähli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk üçin oňaýly şertleri döretmekde möhüm bolan rus diline, rus medeniýetine oňyn gatnaşygy üçin türkmen kärdeşine hoşallyk bildirip, Prezident Wladimir Putin ynsanperwer ulgamda öňe sürülýän özara başlangyçlaryň ählisiniň durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Russiýanyň Liderine minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz türkmen-rus syýasy gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi. Ýokary derejedäki özara saparlar hem-de duşuşyklar munuň subutnamasydyr. Şeýle-de Türkmenistanyň Baştutany parlamentleriň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň maý aýynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň türkmen paýtagtynda geçirilen birinji Parlamentara forumynyň uly ähmiýeti nygtaldy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň çakylygy boýunça şu ýylyň güýzünde Russiýa meýilleşdirilen sapary bu ugurda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda nobatdaky ädim bolar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, hökümetleriň derejesindäki yzygiderli gepleşikler, daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça geçirilýän geňeşmeler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine ýardam berýär. Iki ýurduň iri sebit we halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy oňyn häsiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Baştutany ýurdumyzyň bitarap daşary syýasat ugruny hem-de BMG-de, beýleki halkara düzümlerde öňe sürýän başlangyçlaryny hemişe goldaýandygy üçin russiýaly kärdeşine minnetdarlyk bildirdi.
Türkmen-rus hyzmatdaşlygynda söwda-ykdysady ulgamda, şeýle-de ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygyň oňyn depginini bellemek gerek. Muňa türkmen tebigy gazyny Russiýa Federasiýasyna ibermek boýunça gazanylan ylalaşyklar hem mysal bolup biler.
Dünýäde emele gelen häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda, ulag-kommunikasiýa pudagy hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Häzirki wagtda ulagyň, üstaşyr geçelgeleriň, logistikanyň orny strategik ähmiýete eýedir.
Taraplaryň umumy pikirine görä, netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlykda aýratyn orun eýeleýär. Ylym ulgamynda köpýyllyk gatnaşyklary çuňlaşdyrmak maksady bilen, häzirki wagtda Aşgabatda türkmen-rus uniwersitetini açmak meselesine garalýar. Medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça hem uly işler amala aşyrylýar.
Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Wladimir Putin däp bolan türkmen-rus gatnaşyklarynyň geljekde-de pugtalandyryljakdygyna, üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege hem-de iki ýurduň dostlukly halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Samarkant, 15-nji sentýabr (TDH). Şu gün Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen Samarkanda gelen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz çakylyk hem-de bu ýerde bildirilen myhmansöýerlik üçin özbek kärdeşine minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi.
Prezident Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli myhmany mübärekläp, Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Özbegistanda ýene-de kabul etmäge örän şatdygyny belledi. Munuň özi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýratyn häsiýetini nobatdaky gezek tassyklaýar. Bu gatnaşyklar Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary esasynda hakyky strategik derejä çykaryldy diýip, özbek Lideri nygtady hem-de özüniň dosty hormatly Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Söhbetdeşler duşuşygyň çäklerinde ikitaraplaýyn we sebitleýin görnüşde üstünlikli ösdürilýän türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasy bilen gatnaşyklara ýokary baha berýändigi hem-de iň ýakyn goňşusy, ygtybarly hyzmatdaşy bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.
Taraplaryň pikirine görä, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, açyklyk we ynanyşmak, iki halkyňdyr ýurduň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň wajypdygyna düşünmek döwletara gatnaşyklaryň tapawutly aýratynlyklarydyr. Şol gatnaşyklar köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, taryhy-medeni umumylyga, ysnyşykly özara hereketleri hem-de tagallalaryň utgaşdyrylmagyny talap edýän häzirki döwrüň anyk ýagdaýlaryna esaslanýar.
Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Baştutanynyň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda ýokary derejede geçirilen gepleşiklerde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi babatda özara hereketleriň oňyn depginini bellediler. Şol sapar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklary täze sepgitlere çykarmaga mümkinçilik berdi.
Bellenilişi ýaly, abraýly halkara düzümleriň çäklerindäki, şol sanda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu gurama bilen ýurdumyz köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edip gelýär, ŞHG-niň sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşýar. Muňa Türkmenistanyň bitarap daşary syýasy ugruna goýulýan ýokary hormatyň nyşany hökmünde garalýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Prezident Şawkat Mirziýoýew Bitarap Türkmenistanyň sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de abadançylygy üpjün etmegiň maksatlaryna laýyk gelýän oňyn daşary syýasatyny, döredijilikli başlangyçlaryny Özbegistanyň doly goldaýandygyny aýtdy.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň şu gezekki sammitiniň gün tertibindäki meseleler boýunça gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy. ŞHG-niň durnukly parahatçylygy we howpsuzlygy gazanmak ugrundaky tagallalarda sebitleýin gatnaşyklary berkitmäge, halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ynsanperwer gatnaşyklary goldamaga gönükdirilen işleriniň anyk netijeleri berýändigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan bu guramanyň agzalary bilen ikitaraplaýyn oňyn gatnaşyklary saklaýar. Munuň özi köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri açýar.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ŞHG-ä agza döwletler bilen dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy
Samarkant, 15-nji sentýabr (TDH). Şu gün Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Samarkanda gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu halkara düzümiň Baş sekretary Çžan Min bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz ŞHG-niň ýolbaşçysy bilen mähirli salamlaşyp, şeýle möhüm we wekilçilikli duşuşyga hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylygy üçin ŞHG-niň sammitiniň guramaçylaryna minnetdarlyk bildirip, muňa Türkmenistana we ýurdumyzyň alyp barýan bitaraplyk syýasatyna uly hormatyň nyşany hökmünde garalýandygyny nygtady.
Öz nobatynda, ŞHG-niň Baş sekretary mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň Baştutanyny Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen gutlady hem-de iň ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Çžan Miniň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygy aýratyn ähmiýete eýedir, çünki Türkmenistanyň halkara derejede öňe sürýän başlangyçlary bu guramanyň maksatlaryna hem-de wezipelerine laýyk gelýär.
Söhbetdeşligiň dowamynda özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary we köptaraplaýyn mümkinçilikler babatda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada pikir alşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan energetika ulgamynda uly tejribe toplady hem-de şol tejribesini paýlaşmaga, ŞHG-ä agza döwletler bilen anyk energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki işlere gatnaşmaga taýýardyr. Döwlet Baştutanymyz şeýle taslamalaryň amala aşyrylmagynyň energetikada Türkmenistanyň ŞHG-ä agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysaly bolup durýandygyna ynam bildirip, biziň ýurdumyz bilen ŞHG-niň gyzyklanma bildirýän döwletleriniň arasynda energetika meseleleri boýunça “ad hoc” (anyk maksada gönükdirilen) iş toparyny döretmegiň mümkinçiligine garamagy teklip etdi.
Hormatly Prezidentimiz ulag ulgamynda sazlaşykly we netijeli işleri üpjün etmek üçin wagtlaýyn Utgaşdyryjy geňeşi döretmek hakynda teklibini hem beýan etdi.
Döwlet Baştutanymyz çäklerinde her ýyl işewür duşuşyklar, sergiler, ykdysady taslamalaryň tanyşdyrylyşy geçiriljek Türkmenistan — ŞHG işewürlik geňeşini döretmegi teklip edip, ýurdumyzyň bilelikdäki netijeli işlere taýýardygyny tassyklady.
Baş sekretar Çžan Min Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy Türkmenistanyň bu halkara düzümiň agza döwletleri bilen ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek we pugtalandyrmak meselelerine öňdengörüjilikli, jogapkärli çemeleşýändigine ýokary baha berýär diýip, geljekde-de ýurdumyz bilen gatnaşyklary giňeltmegi ugur edinýändigi baradaky pikirini beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de ŞHG-niň Baş sekretary Çžan Min Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitiniň Türkmenistanyň bu guramanyň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmek ýolunda ýene-de bir möhüm ädime öwrüljekdigine, Ýer ýüzünde ynamy, özara düşünişmegi pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.