Üzümiň hem kişmişiň gadymy mekany

Bilşimiz ýaly, 10-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirligine degişli bagçylyk hem-de üzümçilik meýdanyna baryp gördi. Arkadagly Serdarymyz bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň «kärizek» diýip atlandyran täze üzüm görnüşiniň köpçülikleýin ýygymyna ak pata berdi. Ekilenine 4 ýyl bolan we häzirki wagtda doly hasyla duran üzümiň bu görnüşi milli daýhançylyk däpleri bilen häzirki zaman ylmynyň utgaşdyrylmagynda döredildi. Ol beýleki üzüm görnüşlerinden ýokary hasyllylygy, durumlylygy hem-de süýjüligi bilen has tapawutlanýar. Bu görkezijiler häzirki zaman bazarynyň talaplaryna doly laýyk gelýär.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ösdürilip ýetişdirilýän «kärizek», «şaserpaý», «taýpy», «rowaç», «türkmen içkimar», «sary kişmiş», «sagdäne», «garrygala», «akdäne», «gyzyl üzüm» ýaly üzümiň beýleki görnüşleri bilen-de tanşyp, müdirligiň ekerançylyk meýdanlarynyň çäginiň giňeldilmeginiň, ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň görnüşleriniň artdyrylmagynyň wajypdygyny belledi.
Täze ekerançylyk syýasatyna laýyklykda, üzümçilik ugrunda ädilen ilkinji ädim Gahryman Arkadagymyzyň 2007-nji ýylyň tomsunda Täjigistana — üzümleri bilen meşhur ýurda döwlet saparyndan başlanypdy. Saparyň barşynda hormatly Arkadagymyzyň iň möhüm döwlet işleriniň, ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda Täjigistanyň üzümçilik pudagy bilen aýratyn gyzyklanmagy, ýurduň nusgawy üzümçilik hojalygyna ýörite baryp, ussat üzümçilerden bu ekiniň girdejililigi, bähbitliligi, ýokumlylygy hakda döwlet Baştutany derejesinde birin-birin soraşdyrmagy üzüm we üzümçilik hakda ýöne bir gyzyklanma däl, eýsem, Türkmenistanda täze ekerançylyk syýasatynyň ýöredilmeginiň başlangyjy bolupdy. Gahryman Arkadagymyz sapara gidilen her bir daşary ýurtdaky iň oňat tejribeleri, tehnologiýalary synlamagy, öwrenmegi, soňra ony öz ýurdumyzda toprak, howa, suw… şertlerine laýyklykda ornaşdyrmagy syýasatyň özeninde, ileri tutulýan esasy ugurlaryň hatarynda goýup: «Biz dünýädäki täzeliklerden habarly bolmalydyrys, tehniki progresiň proseslerine we tendensiýalaryna syn etmelidiris we özümiz hem olara gönüden-göni gatnaşyjylar bolmalydyrys» diýýärdi. Onuň Täjigistana sapary üzümdarçylygyň biziň ýurdumyzda hem täjikleriňki ýaly, belki, has ýokary derejede guralmalydygyny görkezýän mekdebe öwrülipdi.

Meşhur üzümçiniň wesýeti
Köpetdagy ýassanyp oturan dag etegindäki obada geçen asyryň ikinji ýarymynda meşhur kolhoz başlyklarynyň ikisi ýaşapdyr. Olaryň biri Kerim Ahmetýar, beýlekisi Guwanç Orazdyr. Il içindäki gürrüňlere görä, öňki Aşgabat raýonynyň «Sosializm» kolhozyna ençeme ýyllap ýolbaşçylyk eden meşhur üzümçi Guwanç Oraz ýogalmazyndan burun şeýle wesýet goýup gidipdir:
— Owadandepäni elden bermäň! — diýip, soňky demini sanap ýatan meşhur üzümçi Garagumuň olumyndaky «Owadandepe» diýlip at berilýän üzümçilige nazaryny aýlapdyr. — Owadandepedäki üzümçilik size ýol açyjy mekdep bolar. Oňa eýerilip, çägelikde üzüm ekilende, bu gudratly Garagum diňe bir türkmen ilini däl, dünýäni-de üzüm bilen eklär. Bir gowy zaman gelip, maý döredigi, ir-u-giç diýmän, çekinmän-ýaýdanman, derhal üzüme gol beriň! Enşalla, üzümden türkmene uly döwlet-rysgal geler. Türkmen topragyna üzümiň hem kişmişiň ýurdy bolmak ykbaly garaşýar...
Elimi ýüregime goýup aýtsam, bu üzümli wesýet ykdysadyýetçi žurnalist hökmünde maňa köp wagtlap ynjalyk bermedi. Hakykatdan-da, Türkmenistan üzümiň hem kişmişiň ýurdy bolup bilermikä? Ine, onsoň, ömrümde bäş-on düýpden artyk üzüm ekip görmedik-de bolsam, bagta töwekgellik edip, bu güneşler ýurdunyň güneş miwesi barada bäş keleme ýazmagy müwessa bildim. Bu ugurda belli bir derejede žurnalistik, marketing gyzyklanma geçirip, alymlaryň, hünärmenleriň, belli üzümçileriň ençemesi bilen söhbetdeş boldum. Meseläniň jümmüşine aralaşdygymça-da, Türkmenistanyň geljekde pagtany, bugdaýy has-da köp öndürmek bilen birlikde, dünýäniň esasy üzüm öndüriji we eksport ediji ýurtlarynyň biri boljakdygyna, üzümçiligiň azyk bolçulygyny, müňlerçe iş ornuny döretmäge hemaýat berjek strategik pudaga öwrüljekdigine, bu ugurda alnyp barylýan syýasatyň dabaralanyp, Türkmenistanyň üzümiň we kişmişiň ýurduna öwrüljekdigine ynamym has-da artdy.
Hawa, uly söze toba, eger-de Guwanç Orazyň wesýetine eýerip aýtsak, bize üzümden hem-de beýleki ekinlerimizden uly rysgal-döwlet garaşýar. Ýöne, «Gury sözden palaw bolmaz» diýleni. Geliň, şoňa görä-de, üzümdarçylygyň ýumagyny çöşläp, bu aýdanlarymyzy delillendirmäge synanyşalyň!
 
Ekerançylygyň soltany ýa-da alymlaryň üzümdarçylyga berýän bahasy
Türkmenistan üzümler we kişmişler ýurdy bolarmy? Ilçilikdir, bu sowal bilen ýüzbe-ýüz bolnanda, ony makullajaklaryň, oňa garşy çykjaklaryň we saklanjaklaryň arasynda «Gök-miwe ekerançylygynda üzümiň aýratyn arşa çykarylyp, gadyr goýulmagy nämedenkä? Başga-da barly ekinlerimiz kän ahyry» diýen ýaly pikir ýöretjekler hem tapylar. Ynha, Gaýybynyň «Otuz iki tohum kyssasynda» hem bir däl, ençeme tohumyň gürrüňi edilýär, özi hem adamzat kowmy üçin haýsysy has bähbitli, has gerekli diýen terzdäki jedel yzarlanylýar. Eýsem, nusgawy şahyrymyzyň bu jedeldar eseriniň ruhundan ugur alyp sorasak, türkmeniň üzüm, gawun, garpyz, pomidor, hyýar, sogan, sarymsak, limon, alma, erik, badam, mekgejöwen, künji... ýaly gök-miwe, bakja ekinleriniň içinde döwlet üçin-de, ilat üçin-de iň bähbitlisi, ileri tutulyp ekilende, raýatlary we döwleti has çalt baýatjagy, öz ýer üsti bilen hem eklenip bilmek ýörelgesine köp hemaýat berip biljegi haýsyka? Bu babatda ekerançylyk ylmynda köp çaý sowadan alymlarymyz näme diýýärkä?
— «Üzüm» diýip, Änewde ýerleşýän Ekerançylyk ylmy-barlag institutynyň üzümçilik bölümine tä hormatly dynç alşa çykýança ençeme ýyllap ýolbaşçylyk eden, melleginde dürli görnüşli naýbaşy üzümleri, baglary ösdürip ýetişdiren ekerançy alym Alla Afanasýewna Zaýko kesgitli jogap beripdi. Soňra-da: — Gök-bakja, miweli ekinleriň içinde suwsuzlyga çydamly, peýdany köp berýän, iň girdejili, çykdajysy az, üstesine-de, gara zähmeti az talap edýän, ýurdumyz üçin iň bähbitli ekin üzümdir — diýip, sözüniň üstüni ýetiripdi.
Daşky gurşawyň häzirki düýpli üýtgeýän şertlerinde üzümiň ekerançylykda öň hatarda durýandygyny akademik Agajan Babaýew, ekerançy alym, professor Geldimyrat Myradow ýaly alymlar hem tassyklapdylar. Ylym adamlarynyň pikirini diňläniňde, Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanda giňden ornaşdyrylmaly öňdebaryjy tejribe hökmünde Täjigistandaky üzümçilik we onuň ykdysady netijeliligine aýratyn gyzyklanmagynyň, welaýatlary ykdysady-durmuş taýdan ösdürmegiň konsepsiýalaryna üzümdarçylygy ösdürmek bilen baglanyşykly maksatnamalary girizmeginiň ýöne ýere däldigine ýene bir gezek göz ýetirýärsiň.

Gowaça we üzüm — strategik, milli ekinler
Gürrüňdeş bolan adamlarym üzümi arzylap, has ileri tutanlarynda, ozaly bilen, oňa pagta ýaly bähbitli ekin hökmünde baha berýärler.
— Ynha, pagta Alla tarapyn berlen tüýs türkmeniň ekini — diýip, Akdaşaýak obasynyň ýaşaýjysy, üzümçilik pudagynda ençeme ýyllap agronomçylyk eden Annamuhammet Gurbandurdyýew aýdýar. — Üzüm hem edil gowaça ýaly, tüýs türkmen topragynyň, türkmen howasynyň ekini. Olaryň birinjisi ýaz-tomus, ikinjisi gyş suwarylyp, biziň iň agyryly we wajyp meselämiz bolan suwaryşda-da biri-biriniň üstüni ýetirýän ekinler.
...Ozalky agronomyň aýdanlary bilen ylalaşmazlyk mümkin däl. Hakykatdan-da, gowaça türkmeniň alnyndan dirän, özi hem gaty irki taryhymyzdan bäri türkmeniň goltugyndan göterip gelen ekindir. Professor Masson 1950-nji ýylda Kakanyň golaýyndaky Namazgadepede gazuw-agtaryş işlerini geçirende, baryp-ha miladydan öňki III müňýyllyga degişli gowaçanyň çigitlerini tapýar. Üzüm hem, gowaça ýaly heňňam köküni gadymy taryhymyzyň çuňluklaryna uran milli ekindir, ekerançylygymyzyň bir diregidir. Edil behişdi atlarymyz, el halylarymyz ýaly, türkmeniň milli gymmatlygydyr.
Görnükli taryhçy, professor Öwez Gündogdyýewiň maglumatlaryna görä, Namazgadepede bürünç eýýamyna degişli üzüm däneleri-de tapylypdyr. Biziň eýýamymyzdan öňki Hytaý senenamasynda: «Arside (Parfiýanyň hytaýça atlandyrylyşy) ekerançylyk bilen meşgullanylyp, üzümden çakyr ýasaýarlar» diýlip ýazylypdyr. Grek taryhçysy Strafon (biziň eýýamymyzyň I asyry) Margiananyň üzümçiligini şeýle teswirleýär: «Bu ýurt üzüme baý, aýtmaklaryna görä, bu ýerde iki adam bolup gujaklanyňda, elleriňi daşyna zordan ýetirip bolýan üzüm düýpleri, tirsege barabar üzüm hoşalary bar».
Merw üzümleriniň orta asyrlarda nähili ajaýyp derejelere ýetendigini adamzadyň medeni genji-hazynasyna öz döredijiligi bilen ägirt uly goşant goşan beýik şahyr Omar Haýýamyň eserlerine ser salanyňda-da, aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ömür salynyň agramly bölegini Merw topragynda geçiren Omar Haýýam ömürboýy behişdi türkmen üzümini iýmek bilen, diňe bir bedenine gurbat däl, eýsem, bütin döredijiligine telwaslandyryjy Parnas ganatlaryny beren ruhy güýç hem alypdyr. Onuň ençeme eseri türkmen üzüminiň bentler we rubagylar görnüşindäki salkymlarydy.
Etnograf Soltanşa Atanyýazowyň ýazmagyna görä, Parfiýa patyşalarynyň çakyr saklan ýeri bolan Büzmeýiniň adynyň gelip çykyşy «üzüm» hem «meý» diýen iki sözüň goşulyp aýdylmagy bilen baglanyşyklydyr. Aslynda, Parfiýa döwleti diýlende, üzüm, kişmiş we meý, edil, şonuň ýaly-da, üzüm, kişmiş we meý diýlende, Parfiýa göz öňüňe gelýär. Çünki üzüm Parfiýanyň simwolyna öwrülipdir. Parfiýa döwletiniň patyşalarynyň we beg ýigitleriniň meý süzüp içen dünýä belli türkmen ritonlarynyň gelip çykyşy hem üzüm bilen eriş-argaç baglanyşyklydyr. Has dogrusy, ritonlar adamzat siwilizasiýasy üçin türkmen üzüminden dörän sungaty sowgatdyr. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde saklanýan, pil süňkünden ýasalyp, dünýäniň hiç bir ýurdunda duş gelmeýän türkmen ritonlary we olardaky üzümiň şeklindäki nagyşlar-da subut edýär. Döwlet muzeýiniň hünärmenleriniň aýtmaklaryna görä, antik bölümde saklanýan täsin ritonlaryň beýikligi 30-dan 60-santimetre çenlidir, iň irileriniň diametri 17 santimetre, göwrümi 1,5 litre çenli ýetýär. Olaryň biriniň nagyşlanyş sungaty aýratyn täsindir. Bu ritonyň daşky merkezinde towlam-towlam murtjagazly, parç ýaprakly, salkym-salkym hoşaly üzüm baldagy sünnälenip çekilipdir. Belli arheolog M.Massonyň çaklamasyna görä, ritondaky bu üzümiň görnüşi türkmeniň meşhur «terbaş» görnüşli üzüminiň keşbine gabat gelýär.
Hawa, Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk, şol sanda üzümdarçylyk bilen baglanyşykly syýasatyny durmuşa geçirmek üçin ýer-suw gory ýeterlik. Şonuň üçin-de, bizden hereket bolsa, üzümden bereket bolar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy üzümiň hem kişmişiň mekanyna öwürmek, bar bolan taryhy we geljekki mümkinçilikleri herekete getirmek ugrunda uly işler edilýär.
Bakyň, görüň, eşidiň.., eýýamyň zaňy «Üzüm» diýip urýar. Enşalla, Türkmenistan ter üzümleriň hem kişmişleriň ýurduna öwrüler. Nesip bolsa, türkmen topragy üzümçiligiň we miweçiligiň, gök-bakjanyň bagy-Eremine döner. Türkmeniň üzümçilik, miweçilik, gök-bakja ekin meýdanlaryndan çykýan ýollar dünýä bazarlaryna uzar, türkmeniň ekerançylyk çarhy halkymyzyň hem-de adamzadyň bähbitlerine hyzmat eder.
Täçgeldi GUTLYÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.