«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň elektron goşundysy habarlary okyjylar bilen paýlaşýar

«Türkmenistan Sport» halkara sport žurnalynyň «7/24.tm» atly hepdelik elektron goşundysynyň täze sany duşenbe güni okyjylara ýetirilýär.
Goşundynyň nobatdaky sanynda okyjylar Berlinde geçirilen «Banzai Cup» halkara karate ýaryşyna türkmen türgenleriniň gatnaşandygy baradaky habar bilen tanyşdyrylýar. Türkmenistanyň wekilleri bu ýaryşyň dowamynda şowly çykyş edip, 16 medal gazandylar. Olaryň 5-si altyn, 3-si kümüş we 8-si bürünç medaldyr.
Şeýle-de, Awstriýanyň Oberwert şäherinde geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda türkmen dzýudoçylarynyň hazanan üstünlikleri barada gürrüň berilýär.
Elektron neşiriň sahypalarynda milli futbol çempionatynyň ýaryş tablisasy bilen hem tanşyp bilersiňiz. Şol bölümde okyjylar türkmen hünärmeni Gurban Berdiýewiň tälim berýän «Traktor» (Eýran) kluby baradaky habary-da okap bilerler. Bu topar golaýda Eýranyň çempionatyndaky ilkinji ýeňşini gazandy.  
Uzakda ýerleşýän Ýaponiýa hakdaky gyzykly maglumatlar hem ýaşlaryň ünsüni özüne çeker diýip pikir edýäris!
Janköýerleriň gyzyklanmalary göz öňünde tutulyp, dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda 2022-nji ýylyň ahyrynda Katarda geçiriljek futbol baýramçylygy baradaky gyzykly maglumatlara elektron žurnalyň sahypalaryndan orun berlipdir.
Elektron sport neşiriniň her bir sany bilen Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň resmi saýtynyň «Gazetler» bölümi arkaly tanşyp bolýandygyny ýatladýarys!
www.msy.gov.tm